Mawy [off]
28.02.2026 / 06:15
Dymmak iñ güýçli sesdir.
...Gapyňyzda toý tutulýar, dilberim,
Hany yşkyň messebi hem wepasy?
Seni haýsy pelek urdy,Bilmedim,
Köňlümiň soltany,Yşkymyň şasy!
Hany seniň “Söýýän” diýen sözleriñ?
...Gapyňyzda toý tutulýar, dilberim!
Hany yşgyň wepasy hem messebi?
Kesekiň bagtynyň üstünde şeýdip,
Mydam toý toýlaýar dünýäň mesleri!
Tylla gupbaň - başyňdaky şa jygaň!
Ýüzde desmal - bagrym üzre pajygam,
Seni haýsy pelek urdy, dilberim,
Meni haýsy pelek urdy, dilberim,Bilebilmedim!...
...Başyňdaky kürte - daşdan kapasa,
Başyňdaky kürte maňa kependir!
Indi bu jahanyň bary hem ýogy,
Saňa-da des-deňdir!
Maňa des-deňdir!
Başyňda gök kürte,
Gyzyl ot kürte,
Indi bu dünýäde bagtym ýok örte,
Gök kürtäň içinde ýanyp barýansyň,
Gök kürtäň içinde täleýe gargap,
Gök kürtäň içinde äleme gargap,
Hünübirýansyň!
Bir gujak ter çemen - dähedem-dessem,
Bir gujak ser çemen - dähedem-dessem,
Şagalaň hem şowhun,
Şadyýan sesler,
Indi bu jahanyň bary hem ýogy
Saňa-da des-deň!Maňa-da des-deň!
“Gelin gelýär” diýip gygyrýar millet,
“Ýarym gitdi” diýip bagyrýar kalbym.
Gelnaljy maşynlar düýt-de düýt,
Kyýamatyň zogyn çalýar Ysrapyl!
Gyz gidip barýar!
Gyz gidip barýar!
Jahanyň şalygyn özünde jemläp,
Jahanyň şatlygyn özünde jemläp,
Jahanyň bagtyny özünde jemläp,
äkidip barýar!
Şol gün şeýdip aýrylyşdy ýolumyz,
Seňki toýa bardy,
Meniňki - ýasa.
Maňa dünýäň şa gyzyny söýdürip,
Köýdürip,
Bagrymy gana öýdürip,
Seni rowa gördi kesekä - ýada,
Meni bolsa örtendirdi perýada
Bir gujak ter çemen -Dähedem-dessem,
Bir gujak ser çemen -Dähedem-dessem,
Şatlyk-şowhun!Çapak çalýar halaýyk!...
Meniň betbagtlygym, sen niçik eziz!
Meniň betbagtlygym, neneň owadan!
Meniň betbagtlygym -Niçik ajaýyp...!
# Saparmyrat. Niýazow.
55 |
15 |
4 |
5 |
1 |
0 |
0 |
IDEALLIDER2 [off]
28.02.2026 / 08:06
+1
Oň söýgüli gyzynyň ady Dilberdi öýdýän.
Mawy (28.02.2026 / 10:01)
IDEALLIDER2, Ýok. "Dilber" ady köp şahyrlar öz eserlerinde mysal edip getirip ýazýa. Meselem: Ýeke birine ýalbar diýdiler, onuñam adyna dilber diýdiler, diýip ýazýa Kerim aga.
Muñ öñ gowy görip,söýen gyzynyñ ady kitaplarynda, öz aýdyşyndan "Güljan" bolmaly.
erkin1997 [off]
Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
28.02.2026 / 10:22
+1
Gaty gowy
Fantom [off]
Ýalňyzlyk diňe emosional ýagdaý däl, eýsem fiziologik stressordyr...
28.02.2026 / 10:55
+0
Üçinji gezek okaýan/diňleýän şu goşgyny. täsirli gowy bolupdyr-...
haýysy kitapda bar beýle gowy goşgylar?
esasanam şeýle lirika goşgylaryň aşygy men.
ýaşulyň öň gabat gelmedim bu şygyryna.
Bolýa, buny şeýleräk jemläýin. )
Durmuşa sorag.
Durmuş, saňa soragym bar!
Ne üçin berýäň bize ezýet?
Adamlary gamlandyrman,
Senem şatlan, senem hezil et!
Aýtsana seň aryň barmy,
Näme isleýäň ynsanlardan?
Indi bizä halys irdik,
Seň jogapsyz mysallaňdan.
Aglap otyr hanha zürýat,
Ýitiripdir käbesini.
Gam derýada gark etjekmi,
Alyp elden gämisini?
A-how..
Hany sende ynsap nirde,
Ýa ýuwutdyňmy lember-lember?
Haýyşt saňa, iň bolmanda,
Ýetimlere bir gün ber!
Nalap otyr bir görgüli,
Saňa bolan höwesi ýok.
Şu bolşuňa-ra seni,
Hiç bir adam söýesi ýok.
Ejiz görseň lezzet alýaň,
Aladaň ýok kömek etmek,
Bar maksadyň, oý-pikiriň,
Ejizleri ezip gitmek!
Adam pahyr arzuw etýär,
Senem oňa garşy çykýaň.
Dillensene hötjet durmuş,
Şeýdip bizden näme utýaň?
Ýalan söýgem seň işiňmi?
Söýeni çatýaň söýmeze.
Şular ýaly hokgalaňdan,
Giň dünýäde dar bize.
Tanatsana sen özüňi,
Jenapmy ýa hanymmy sen?
Iň gyzyklanýan soragym,
Durmuş, şeýle zalymmy sen?
Bagyşlaň, awtoryny beldemändirin ýa...
Mawy (28.02.2026 / 11:05)
Fantom,Gaty gowy goşgylary bar eken, menem täze göz ýetirdim. "Türkmen ilim aman bolsun, Türkmeniñ bäş eýýamynyñ ruhy, Mähribanlarym" diýen kitaplary bar eken, ýöne tapmak kynyrak. Şo döwür bilen döwürdeş mugallymlardan çykýan eken.
ÖZIME NEKROLOG
Adamlaryň köpüsi ýaşaýşymyzyň many-mazmunyna nädogry düşünýär. Näme üçin ýaşaýarlar we näme gazanyp gitmeli, ömrüniň baş maksadynyň nämedigi hakd...dowamy...
Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?
Başga ýurtlarda üýtgeýändir, ýöne bizde ilatyň 50-60 % di internediň nämedignem bilenok dogrusy, sebäbi internet gymmat we gowy işlänok. Şul aýda...dowamy...
ÖZIME NEKROLOG
Eger setirleriň arasyndan okamaly bolsa, saýty taşlap gitjek diýen many görünýär... Ýöne bu hakykata näçe % ýakyn? Aslynda syr alyp berişmeklik...dowamy...
Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?
Fantom aga gelip "kiçijik burnuñy uly işlere sokýañ" diýip gaharlanmagam ahmal -_+...dowamy...
Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?
Bu ýazylanlaryñ esasy aýtjak bolýan zady dünýäde “erkin internet” döwrüniň ýuwaş, ýuwaş azalyp, gutarmagyny görkezýär. Köp ýerler internet giňi...dowamy...
Yslamabatda ABŞ we Eýran gepleşikleri başlanýar. Näme mälim?
Bu taydada şu gürrüňmi .......dowamy...
Daniel (15.04.2026 / 10:13)