“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New chat ,,ertir chat" - Biz bärde🙂 (täzeden agza bolmaly, täze açdyk)
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Dosslan seni satyan bolsa, sen olary satma mugt berip goywer.) #Xuliganka

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ahwal
 Täzeje
 MaD_B [off]
 03.06.2026 / 17:39
 Tanamadyksyra meni göreňde...

Saňa bolan söýgim, duýýansyň, belki,
Belki, görmezlige salýansyň senem.
Bu söýgim içimde gülledi, çünki,
Aýtmaga gurbatym, çatmady meňem.

Ahyrsoňy, sessiz söýgim seslendi.
Beýan etdim saňa, ýyllaň ahmyryn.
Bir pursatlyk dünýäm, duýga beslendi,
Pikriň duýmak, ajaýypdy a:hyryn.

Jogap berdiň maňa, sada - sypaýy,
Pikir etdim, duýgularmyz kybapdaş.
Men-ä düşünmedim, nämäň ahwaly —
Ne "bor" diýdiň, ne "ýok" diýdiň, klasdaş.

©Çerkez Baýlyýew


79

25

2

5

0

0

2
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 03.06.2026 / 22:33

+1

Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok.
indi minuslaryna gelsem kabir kapyyalar lenc edilen: seslendi-beslendi, seňem-meňem yaly.
gosga jaýdar jüpüne dusen menzetmejikler we tapyndylar yetenok. Pikirem cunrak bersen bolar. Men-a dowam et diyjek. Yone su yazanlarymam goz onunde tut. Kakamyrady, Seyitmyrady, Nobatgulyny koprak oka.


Täzeje
MaD_B  (03.06.2026 / 22:51) 

Belki, bolýa, sagboluň, tankytlaryňyz üçin, inniki döretmelerimdede tankytlaryňyza garaşýaryn.
Maslahatlaryňyzyň üstündede işlärin.

 Täzeje
 MG8 [off]
 11.06.2026 / 20:08

+0

Ay bolya yazybersene islendik ishde kop synanyshmalar kamilleshdiryar diyyarler... (tanaman bir zatlar diyaydimem)

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Oratdy şahyr / hekaýa


Gynandym-lay, son cun menem kopluk yerde gosgymy hodurlap duramok. Gowy hekaya. Sag bolun, Serdar aga!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oratdy şahyr / hekaýa
Belki (11.07.2026 / 12:26)

Oratdy şahyr / hekaýa


Nazaryýet — bu haýsydyr bir zat barada hemme zat mälim bolsa-da, şonuň hiç zadynyň düýbünden işlemeýänligi. Amalyýet (tejribe) — bu haýsydyr bi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oratdy şahyr / hekaýa
dabir (11.07.2026 / 09:32)

Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.


Baydak yaly gelin elden gitdi Haysy manyda aydylan shu :"baydak"sozi...dowamy...

Durmuşum.


Eger ol seniň ýüregiňdäki şol paklygy görüp bilmeýän bolsa, onda ol seniň söýgimize mynasyp däl diýmekdir. Emeli añ dalmi sho? "Söygumize"...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
rexha (10.07.2026 / 11:09)

Durmuşum.


Gowy tema. ýöne şu emeli aňa ýazdyrylan ýaly welin bir hiýli gurok bolupdyr. Negatiw kawul etme. sen emeli aňa gowy tekst ýazdyrjak bolsaň onda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
Fantom (10.07.2026 / 04:32)

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 7


Karlik name diymek...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Ölümli jülgeden őlmänjik geç, öläýseňem aýt depip barlap görjek...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
zM (06.07.2026 / 19:33)

Ýagşylyk


Bu name repmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýagşylyk
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:53)

Gyrrygyz'ymyz


Pygamber yashy 63 daldimi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:45)

Kän garaşdyñmy?


Kän garaşdym kän.....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kän garaşdyñmy?
Ayjahan (06.07.2026 / 00:41)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->