Ýürekdeş sözler!
HÖWÜRSİZ GÖWÜN
TäzejeHyyalbent [off]
Düýn, 21:16
Bir men ýol tapmadym köňül şähriňe,
Duýgylarym gapyňdan kän kowuldy.
Teşneligmi gandyrjakdym mähriňe,
Arman guýy gazýan iňňäm döwüldi.
Bilýän giç düşüner nadan ýüregiň,
Didelerim kän zat aýtdy, aslynda.
Bugdaý dänäň öwrülşi deý çörege,
Ýollar aşdym ýalňyzlygyň paslynda.
Garyp dünýäm ýatdan çykan haraba,
Ýüregim - ýel tursa ýykyljak köpri.
Bagtsyz başym geçmişimde awara,
Arzuwlarym ýeriň düýbüne çökdi.
Gijeler soragma bermeýär jogap,
Biperwaý gündizler soramaz halym.
Soňsuzlyga gidip barýar aljyrap,
Yşk ýolunda pida bolan ykbalym.
Saçlarma goşulyp çalarandyryn,
Ruhum bezdi gülüp bakýan nikapdan.
Aslynda söýgini tanamandyryn,
Çaga deý aldapdyr okan kitaplam.
Uzaklardan derdim diňläp, syr saklan,
Tegmil düşdi päk ýüzüne Aýyňam.
Dag başynda sowuk gary gujaklan,
Gaýa bolmak düşen eken paýyma .
© Süleýman TEKÄÝEW
13 |
7 |
0 |
1 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺
Minnetdar! Dogrysy Gerçeknazaryň Hydyr Ylýasmy şo ýaşulylaryň ady? häzir ýadymda däl, ana şolar bilen geçiren edebiýat agşamyndan ýazanyny okapd...dowamy...
Nobatguly Rejebowdan
Özünii bilen welii diýipdirler. Edebiýatdaa ölmez-öçmez yz galdyrjak beýik şahyr bolmasadaa welää bolupdyr şahyr agaa. :)...dowamy...
Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap
"Şahyr jemgyýetiň dilidir. Dilsiz-agyzsyz jemgyýet hiç zada ýaramly bolmaýar." Häzir Türkmenistandaa näçee adam bar bolsaa şolar...dowamy...
Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap
Sohbetdeşlikleriñiziñ hemmesinde hem şuñ yaly diñe edebiyata, dõredijilige degişli sorag jogaplar bar bolsa bu hemmeler üçin gyzykly bolmasa ger...dowamy...
Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap
Gyzykly görseňiz döredijilik adamlary bilen geçirlen sorag jogaplary ýene paýlaşjak nesip bolsa. Dowamy gelsin diýseňiz pikirlerňizi ýazyp galdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap
Hyyalbent (Düýn, 13:30)
Hyyalbent (Düýn, 13:30)
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺
Byrynjydan-a "Ahalyllaň" diýip zat ýok. Haçanda resmi yglan edilende diýip bilersiň ony. Aşgabat Ahal-a degişli däl. "Merkezde" diýseň ýerlikli...dowamy...
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺
Haladym!Gaty haladym.Islenende hem tema edip paylaşmagyña sabyrsyzlyk bn garaşýardym.Işlerimi birýanýüzli edenimden soñ heziller edip okayardym....dowamy...
Türkmen boksçysy WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy
senden soran bamy nirede näme bolandygy geçiniň öň aýagy ýaly boluberme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Türkmen boksçysy WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy
masterdollar (30.05.2026 / 11:13)
masterdollar (30.05.2026 / 11:13)