Ýürekdeş sözler!
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap
TäzejeHyyalbent [off]
Şugün, 14:04
Essalamu aleýküm Taýmaz aga söhbetdeşligmizde sizi hoş gördük.
SOWAL-JOGAP
1. Söhbetdeşligiň başynda özüňiz barada gysgaça beýan edäýseňiz?
TAÝMAZ SEÝİDOW
1. Özüm barada gürrüň bermegi kän oňlamok. Soranyňyz üçin gysgaça belläp geçeýin. Taýmaz Seýit – kitabyň dosty, çaýyň şepesi, aýdym-sazyň aşygy, türkmen diliniň sadyk hyzmatkäri.
2. Ilkinji goşgyňyz nähili döredi we onuň döremegine nämeler itergi berdi?
2. Her bir türkmen şahyrynyň başlangyç halypasy aňyrsy Garagum sährasy ýaly baý hem ümmülmez giňişlige uzap gidýän türkmen halk döredijiligidir diýip pikir edýän. Dädem dutar diňlemegi şeýle gowy görýär. Biz kiçijik oglanjyk wagtymyz hem öýmüzde her birküç aýda bir dutarly meýlis bolýardy. Öýe gelýän bagşy sazandalardan Döwlet Ýetim, Döwlet Dürnazar, Gaýgysyz Çary, Han dädäň inisi Anna Çary, Jumadurdy Işan, Hangeldi Annamyrat dagy diňe meň ýadymda galanlardan. Onsoňam merhum enemiň kitap okadyp diňlemek endigi bardy. Haýsy agtygy kitap okap berse şony gapdalynda oturdýardy, käýarym sowalgajygam beräýýärdi. Menem enemiň söýgüsini gazanmak üçin ikinji synpda aýal doganymdan kril harplaryny öwrenip öýde bar bolan dessanlary we beýleki kyssa-hekaýa kitaplaryny eneme kän okap beripdim. Şeýdibem ylham oýanan bolsa gerek. Ilkinji goşgymy ikinji synpdakam, togsan ýediň ýanwar aýynyň içinde musulman hasapdan oraza aýynda ýazypdym. Goşgyň ady "Remezan aýyňyz mübärek bolsun" atly redif - gaýtalama setirden ybaratdy.
3. Poeziýa pikir sungatymy ýa-da duýgynyň başga görnüşde geplemegi?
3. Edebiýat we sungat öwrenijileriň iň uly säwligi pikir hem-de duýgyny biri-birinden uzak aýratyn iki faktor ýaly ele almaklarymyka diýýän. Adamzadyň aň ösüşiniň taryhynda duýgy sesleri döretdi, pikir sözleri. Pikir çägimiz giňedigiçe söz baýlygymyz artdy, söz baýlygymyz artdygyça pikirlenşimiz çuňlaşdy. Pikir beden, duýgu ruh berýär poeziýa. Ruhsuz bedene öli, bedensiz ruha albassy ýa jyn diýilýär. Gowy eser bolmagy üçin bularyň ikisi hem iň zerur şertlerdir.
4. Goşgy ýazmak — dünýäni beýan etmekmi, ýa-da dünýäni täzeden döredip görkezmekmi?
4. Goşgy ýazmak öz dünýäň bilen daşarky dünýäni söýüşdirip, şolaryň göwün taryndan nagma kakmak.
5. Gowy goşgy ýazmak üçin şahyra iň gerekli zatlar näme?
5. "Agyry duýýan bolsaňyz jandardygyňyzy, ýene biriniň agyrsyny ýüregiňizde duýýan bolsaňyz ynsandygyňyzy görkezýär" diýýär beýik rus ýazyjysy Lew Nikolaýewiç Tolstoý. Goşgy ýazmak üçin iň gerekli zat agyry duýýan ýürek.
6. Haýsy element döredijilikde sizi iň köp güýçlendirýär: sözüň ritmi, manynyň çuňlugy, ýa-da obrazlaryň göze görünmezligi?
6. Haýsy element döredijilikde sizi köp güýçlendirýär diýipsiňiz? Serediň gadyrdan. Güýçli şahyr bolmaýar, güýçli goşgy bolýar. Goşgyny näme güýçlendirýär diýip sorasaňyz bolsa berjek jogabym ilki bilen eseriň gulakda ýaňlanýan garmoniýasy. Sumbar çeşmesi ýaly emaý bilen akmaly goşgy. Gözel ýaryň ýeriň gaýmagyny bozman ýöreýşi ýaly bolmaly. Haçanda şygryň duýgusy näzik, pikiri bitewi, mazmuny şireli, içinde getirilen simwolikalary ýürekden turýan bolsa şeýle eser döreýär.
7. Gowşak goşgy bilen güýçli goşgy arasynda esasy tapawut nirede başlanýar: dilde, duýguda ýa-da pikirde?
7. Gowşak goşgy bilen güýçli goşgyň tapawudy birinji setirden özüni mälim edýär. Goşgyny okap başlaňda gygyryp durýar oka ýa okama diýip. Kä goşgyny ýatdan bilseňem gabat gelen ýerde täzeden okanyňy kem göreňok. Käbir goşgyny bolsa awtor dyzap durany üçin ýüzünden geçip bilmän özüňi zor synaga salyp zordan okaýmasaň birinji setirden aňryk geçesiň gelenok. Gepiň küle ýeri gowy goşgy bilen gowşak goşgyň esasy tapawudy awtoryň sözüň keramatyna nä derejede beletligine bagly.
8. Şahyr öz döwrüne hyzmat etmelimi ýa-da öz ruhuna?
8. Hakyky şahyryň ruhy ýagdaýy döwrüň ahwalyndan üzňe bolup bilmeýär. Şoň üçin ol öz içki harasadyny beýan etmek bilen bilmezlikde bolsa-da döwrüň meselelerine aýna tutup görkezýär.
9. Şahyr üçin iň howply zat näme: tankytçylaryň sesimi ýa-da öz içindäki sessizlik?
9. Şahyr üçin iň howply apat ýaltalyk – arkaýynlyga ýüz urmak.
10. Tankyt şahyry ösdürýärmi ýa-da içindäki sesi öldürýärmi?
10. Edebiýaty üç aýakly tagan mysaly ele alsak aýaklar awtor, okyjy we tankytçydan ybaratdyr. Şolaryň üçüsiniň hem barlygynda, wezipelerini kemsiz ýerine ýetiren ýagdaýlarynda edebiýat aýak üstünde durup biler.
11. Tankyt bilen kemsitmegiň araçägi nirede gutarýar?
11. Tankyt eser barada bolmaly, tankytçy awtoryň özüne degişli şahsy hiçhili ýekeje-de söz sarp etmeli däl. Onsoňam goşgyny tankyt edýän kişi haýsy babatda bärden gaýdan ýerlerini açyk açyp görkezmeli, oňarsa çözgüdi hem maslahat bermeli. Ýaramaz goşgy diýmek bilen ýaramaz goşgudygyna göz ýetirip bolmaz ahyry. Eserde pikir pytraňňymy, many sepi üzülýärmi, duýgusy gowşakmy, çeperçiligi pesmi, plagiat ýa taftalogiýa barmy umuman kem ýerini düşündirip, alternatiw çözgüdi hem teklip etmeli.
12. Awtoryň iň uly duşmany näme: gaýtalama, gorky ýa-da öwgi?
12. Bu soragyň jogaby awtoryň ýaşyna görä üýtgeýär. Awtor ýaş bolsa öwgi, orta ýaşynda bolsa duýgynyň sönüp ugramagy, ýaşy uly bolsa gorsuz galyp, özüni gaýtalamagy.
13. Käbir goşgular düşünilmese-de güýçli täsir edýär. Siziň pikriňizçe poeziýa düşündirilmelimi?
13. Poeziýa düşündirilmeli däl, ynsanyň aňyna hem ýüregine hem okdurylan ok ýaly göni barmaly. Her okyja özüçe täsir edip bilýän, okanyňda öz ömür kerweniňden haýsydyr bir menzili ýatladýan goşgular edebiýat tekjelerinde baky galýar.
14. Şahyryň öz eserine bolan söýgüsi ösüşe päsgel berip bilermi?
14. Şahyr öz goşgularyny söýüp biler. Ýöne bu söýgi haýranlyk derejesine ýetse elbetde ösüşe päsgel berer.
15. Käte şahyr iň güýçli setirini iň gowşak pursatynda ýazýar. Onda döredijilik güýçden dogýarmy ýa-da agyrydan?
15. Goşgyny şahyryň fiziki ýagdaýy ýazdyranok, ruhy ahwaly ýazdyrýar. Şoň Aman Annamyrat ýaly ýata halatda hem güýçli, duýguly-heserli goşgular döräp bilýär.
16. Şahyr näme üçin köplenç öz bagtyndan däl-de, ýetmedik zatlaryndan iýmitlenýär?
16. Bütin dünýä edebiýatynyň iň täsirli dessany Leýli Mejnuny alyp görüň. Hatda Şekspiriň "Romeo we Julietta" eserine ylham bolan bu dessan Mejnun Leýlä gowuşyp allanäme ýaşap giden bolsalar dörärmidi eýse? Ýok. Şahyr heserden iýmitlenýär.
17. Käbir eserler owadan, ýöne janly däl bolýar. Eseriň jany ony diri saklaýan zat näme bolup biler?
17. Eseri ýaşadýan faktor duýgudyr. Pikire gulluk edip, owadandan owadan sözler getirip ýasalan goşgular wagtyň geçmegi bilen ölmäge giriftardyr.
18. Şahyr söz bilen oýnaýarmy ýa-da sözler onuň ykbalyny ýazýarmy?
18. Şahyryň duýgulary sözüň gudratly gapysyna ýüz tutýar. Soň olar iki bolup şahyryň ykbalyny ähli jähtden beýan edýärler.
19. Käbir adamlaryň ömri eserlerinden kiçi bolup galýar. Näme üçin käte Şahyr öz eseriniň kölegesinde galýar?
19. Şahyryň öz goşgularynyň kölegesinde galmagyna edebi üstünlik diýip düşünýän özüm-ä. Omar Haýýamyň:
– Bizi terk eýleýip gitdi mähriban dostlar,
Ölümiň ganly penjesinden dadypdyr olar,
Ömür suprasynyň ajal şerbetinden içip,
Ýarymyz ýeriň astynda, bize-de nobat geler – diýşi ýaly, adam ömri gysga, yüz ýaşasaň hem bir pursat ýaly geçip gidýär. Käşgä biziňem az sanlyja, horaşaja setirlerimiz bizden uzak ýaşasa, olar biziň däl biz olaryň kölegesinde galsak.
20. Şahyr öz döwründe düşünilmän, soň hemmeler tarapyndan ykrar edilse — bu ýeňişmi ýa-da giç gelen adalat?
20. Şahyr öz döwründe düşünilmän, soň biragyzdan ykrar edilse bu edebiýat adyna ýeňiş, awtor üçin bolsa giç gelen adalat wessalam.
Edebi söhbetdeşligmizde berjek soraglarymyz şulardan ybarat. Sözümizi ýykman wagt aýyryp biz bilen söhbetdeş bolup gyzyklanýan soraglarmyzy jogaplanyňyz üçin toparmyzyň adyndan hemem öz adymdan minnetdarlyk bildirýärin. Döredijilik dünýäsinde, durmuş ummanynda size uly üstünlikler ýar bolsun. Süýjiden süýji şygyrlarňyzyň höwri köp bolsun, ylhamyňyz egsilmesin.
9 |
5 |
1 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Belki [off]"Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
Şugün, 14:20
+1
Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik!
Soňky teswirler
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap
Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...
Ýüregimiň Sözleri❤️
söýgüň bäşiňisn, Belki ýaly bolup bir şahada 6 nar bolduň ýördüňaý. Hakylly bolarlara...dowamy...
HÖWÜRSİZ GÖWÜN
Tüweleme sizlere beýleki progdada goşgularyňyzy üns edip okaýadym bärdede öňümden çykdyňyz gowmy ýagdaýlaryňyz...dowamy...