| Täzeje Bashimow_Toyly [off] (01.01.1970 / 05:00)
|
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ýatlamaly suratlar
Alyp gitdi eje senli günlere
Wah hyýalda dälde hakyky bolsa
Dönsem şol gün güller açar ömrüme
Gözlem görmesede duýup dur göwnüm
Sen mydama aramyzda biz bilen
Ýürekden şatlyk daş umytlar solgun
Kalbym mydam gamda,diñe ýüz güler
Daşymdan beýle bir bildirmesemde
Içimde sensizlik,küýseg möwüç urýar
Bir eje ogluny bagra basanda
Görsem kemsinmekden kalbym sanjylýar
Barlygyñda ýyljajykdy gyşlaram
Sen gitdiñ ýaz günem üşeýär kalbym
Sebäp pasylda däl,göwnüm gyşlanan
Señ mähriñ şeýlebir küýseýär ogluñ
Henizem ýadymda şol ýagyşly gün
Seni bizden has uzaga äkitdi
Meni şol wagta çen ýakmadyk durmuş
Şol wagt şeýlebir gowrup ýakypdy
Sen gitdiñ,ýat boldy mylaýym mähir
Hasda aýratyndyñ hasda üýtgeşik
Indi bolsa oýanamda her säher
Küýsegli dertlerim gelýär utgaşyp
Dünýäde deñ taýsyz "Ejem"sözüni
Indi diñe goşgulamda ulanýan
Ömrümiñ iñ hezil senli günlerime
Eje diñe düýşlerimde dolanýan
Bäşimow Toýly
865424319