@Gunesh agzalary realda gatnaşyp, görüşen agzalarym şular. Wirtual hem ýakyndan, gowy görüp, habarlaşyp durýan agzalar hem bar @Haya (Baharyaz), @Rafaello, @Anora, @Miss Happy we ş.m. ) 7. Aýdaly, ýolda gidip barýarkaňyz öňüňizden içi 100 milyon dollarly çemodan çykdy. Siziňem haçandan bäri kelläňizde bir biznes meýilnamasy bar. Puly näderdiňiz? Başardygymdan Allahyň haram diýeninden uzak durup, Onuň buýranyny etmek bilen ýaşaýan. Ýolda ýatan bolsa eýesini tapyp, oňa gowşurmagyň ýollaryny idärdim. 8. Durmuşda her adamyň talant berlen ugry bolýar. Haýsy ugurdan özüňizi talantly hasap edýärsiňiz? ... Nahar bişirmek). Baryňy bazar edip, üýtgeşik, tagamly edip bişirmek. 9. Siziň dinimiz barada ýazýan pikirleriňize köp gabat gelýän. Çagalara dinimizi näçe ýaşynda düşündirip başlamaly? Olara nähili sözler bilen dinimizi öwretmeli? İn şä Allah hut men öz çagam bolsa heniz ene garnyndaka Kuran bilen Dine, Allaha ýugrup başlardym. Dil açanda ilki "Allah" diýmegi öwrederdim. Soň assa ýuwaş ulalyberende Allahy, Pygamberimizi we olary söymegi öwrederdim. We İlki öwretmeli zadymyz hem Kelemeýi şehadeti aýtmagy. Sünnetler bilen terbiýelemegi, ahlagy öwretmeli (tahareti, arassaçylgy, salamlaşmagy, sylag hormaty, oturup suw içmegi, we ş.m.) İn esasy zat bolsa bulary aýdyp däl-de özüňde görkezip terbiýelemeli, Ýagny gysgaça: "İlki çagaňy däl-de özüňi terbiýele. Sebäbi çagaň senden görenini eder" 10. Özüňizi 3 söz bilen aňlat diýseler, näme diýerdiňiz? Allahyň günäkär guly..., | YekeTak.Ru"> @Gunesh agzalary realda gatnaşyp, görüşen agzalarym şular. Wirtual hem ýakyndan, gowy görüp, habarlaşyp durýan agzalar hem bar @Haya (Baharyaz), @Rafaello, @Anora, @Miss Happy we ş.m. ) 7. Aýdaly, ýolda gidip barýarkaňyz öňüňizden içi 100 milyon dollarly çemodan çykdy. Siziňem haçandan bäri kelläňizde bir biznes meýilnamasy bar. Puly näderdiňiz? Başardygymdan Allahyň haram diýeninden uzak durup, Onuň buýranyny etmek bilen ýaşaýan. Ýolda ýatan bolsa eýesini tapyp, oňa gowşurmagyň ýollaryny idärdim. 8. Durmuşda her adamyň talant berlen ugry bolýar. Haýsy ugurdan özüňizi talantly hasap edýärsiňiz? ... Nahar bişirmek). Baryňy bazar edip, üýtgeşik, tagamly edip bişirmek. 9. Siziň dinimiz barada ýazýan pikirleriňize köp gabat gelýän. Çagalara dinimizi näçe ýaşynda düşündirip başlamaly? Olara nähili sözler bilen dinimizi öwretmeli? İn şä Allah hut men öz çagam bolsa heniz ene garnyndaka Kuran bilen Dine, Allaha ýugrup başlardym. Dil açanda ilki "Allah" diýmegi öwrederdim. Soň assa ýuwaş ulalyberende Allahy, Pygamberimizi we olary söymegi öwrederdim. We İlki öwretmeli zadymyz hem Kelemeýi şehadeti aýtmagy. Sünnetler bilen terbiýelemegi, ahlagy öwretmeli (tahareti, arassaçylgy, salamlaşmagy, sylag hormaty, oturup suw içmegi, we ş.m.) İn esasy zat bolsa bulary aýdyp däl-de özüňde görkezip terbiýelemeli, Ýagny gysgaça: "İlki çagaňy däl-de özüňi terbiýele. Sebäbi çagaň senden görenini eder" 10. Özüňizi 3 söz bilen aňlat diýseler, näme diýerdiňiz? Allahyň günäkär guly..., | YekeTak.Ru"> Es Salamu Aleýkum saýtyň agzalary. Meni sylap-hormatlap ses beren agzalara minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Sylagyňyz üçin Allah hemmäňizden razy bolsun. Allah ähliňiziň ýüzüňizi ak etsin. 1. Gysgaça terjimehalyňyzy aýdaýsaňyz (nirede, näçenji ýylda doglanyňyz, käriňiz, bilim derejäňiz, maşgala ...
Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
imissyou : O kadar masum sevdim ki seni,gözlerine bakarken bile utandim_imissyou

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya | Teswirler
 Täzeje
Rabiya [off] (01.01.1970 / 05:00)
Es Salamu Aleýkum saýtyň agzalary. Meni sylap-hormatlap ses beren agzalara minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Sylagyňyz üçin Allah hemmäňizden razy bolsun. Allah ähliňiziň ýüzüňizi ak etsin.

1. Gysgaça terjimehalyňyzy aýdaýsaňyz (nirede, näçenji ýylda doglanyňyz, käriňiz, bilim derejäňiz, maşgala ýagdaýyňyz we ş.m)

Aslynda özüm barada (şahsy maglumatymy) kän sözlegen biri däl... (Şonuň üçin aýyplaşmaweriň )
Gysgaça aýdamda özüm Daşoguzdan, kärim boýunça operator, menejer, bolup işleýän. Maşgalamda körpe gyz). Allaha, pygamberimize, dinimize düşügün gyz...

2. Söhbetdeşlik rubrikamyzyň ilkinji sany üçin iň köp sesi siz aldyňyz. Bu bolsa agzalaryň size neneňsi söýgi, hormat duýgularynyň bardygyny aňladýar. Muny bilmek nähili duýgy?

Allah razy bolsun ähliňizden. Meni sylany Allah sylasyn. Gowulykda adyň bolmasa-da erbetlikde adyň ýoklugy her bir ynsany begendirişi ýaly, menem begendim) Minnetdar hemmäňize.

3. Sizi saýtymyzyň iň giň göwrümli agzalaryndan biri hökmünde tanaýarys. Siz hakyky durmuşda-da şeýlemi?

Hawa durmuşda hem rahat, öz dünýämde, öz ugruma ýaşap ýören biri) Ejemiň aýtmagyna görä heniz kiçiligimden (bäbeklikden) şeýle ekenim köpçülikden uzak, öz özüm bilen oýnap, sessiz ulalan ekenim.

4. Ýazan pikirleriňizden çen tutsak, edebiýata azda-kände gyzyklanmaňyz bar ýaly. Haýsy ýazyjy-şahyrlary okamagy halaýarsyňyz?

Hawa. Ozallar (okuwçy döwrümden başlap) Hekaýa, roman, goşgy-oýlanma çeper eser okamagy halaýardym. Köp okaýardym, arasynda ýazan hem bolýardym... Atajan Annaberdiýewiň goşgularyny diýseň halaýardym. "Wagt hemme zady üýtgeder" diýilşi ýaly häzir diňe Dini romanlary, hekaýalary, kitaplary köp okaýan)).

5. Eger-de siziň öňüňizde maşgala ýa-da karýera ikisinden birini saýlamak şerti goýulsa haýsyny saýlardyňyz, näme üçin?

"Her döwür bir döwür diýilşi" ýaly ynsan ömrüniň döwri (her ýaşy) hem dürli-dürli bolýan ekeni. Edil şu soraga men her ýaşymda (çagalykda, ýetginjeklikde, orta ýaşda, garrylykda) başga-başga jogaplajak ekenim... Ýaşyň üýtgemegi bilen dünýä garaýşyň we jogapkärçiligiň hem şol döwrüňe görä üýtgeýän ekeni.
Edil häzirki ýagdaýym bilen jogaplasam ikisini hem bilelikde alyp gitmeli diýip jogaplap bilerin. Sebäbi maşgala üçin eklenç möhüm zat. Allah rysgymyzy halal gazanjymyz bilen ýetirewersin.

Belki soňluk bilen (durmuş guransoň) üýtgäp biler bu jogabym . Ýan ýoldaşyň nämäni saýlaw etse şoňa görä bolup, eýgerip gitmeli bolýar.

6. Internet saýtlaryna haçandan bäri girýärsiňiz? Bu ýerde dostluk we ş.m gatnaşyklary eden hatda, hakyky durmuşda görüşen agzalaryňyz boldumy? Bar bolsa kimler?

2016-njy ýylda saýta doly düşünüp bilmedik halda ertir.com a girip başlapdym).
Hawa @Körpeje (Asuda durmush) , @Gözmonjuk (Yyldyzym), @Gunesh agzalary realda gatnaşyp, görüşen agzalarym şular. Wirtual hem ýakyndan, gowy görüp, habarlaşyp durýan agzalar hem bar @Haya (Baharyaz), @Rafaello, @Anora, @Miss Happy we ş.m. )

7. Aýdaly, ýolda gidip barýarkaňyz öňüňizden içi 100 milyon dollarly çemodan çykdy. Siziňem haçandan bäri kelläňizde bir biznes meýilnamasy bar. Puly näderdiňiz?

Başardygymdan Allahyň haram diýeninden uzak durup, Onuň buýranyny etmek bilen ýaşaýan.
Ýolda ýatan bolsa eýesini tapyp, oňa gowşurmagyň ýollaryny idärdim.


8. Durmuşda her adamyň talant berlen ugry bolýar. Haýsy ugurdan özüňizi talantly hasap edýärsiňiz?

...
Nahar bişirmek). Baryňy bazar edip, üýtgeşik, tagamly edip bişirmek.

9. Siziň dinimiz barada ýazýan pikirleriňize köp gabat gelýän. Çagalara dinimizi näçe ýaşynda düşündirip başlamaly? Olara nähili sözler bilen dinimizi öwretmeli?

İn şä Allah hut men öz çagam bolsa heniz ene garnyndaka Kuran bilen Dine, Allaha ýugrup başlardym. Dil açanda ilki "Allah" diýmegi öwrederdim. Soň assa ýuwaş ulalyberende Allahy, Pygamberimizi we olary söymegi öwrederdim. We İlki öwretmeli zadymyz hem Kelemeýi şehadeti aýtmagy. Sünnetler bilen terbiýelemegi, ahlagy öwretmeli (tahareti, arassaçylgy, salamlaşmagy, sylag hormaty, oturup suw içmegi, we ş.m.)

İn esasy zat bolsa bulary aýdyp däl-de özüňde görkezip terbiýelemeli, Ýagny gysgaça:
"İlki çagaňy däl-de özüňi terbiýele. Sebäbi çagaň senden görenini eder"

10. Özüňizi 3 söz bilen aňlat diýseler, näme diýerdiňiz?

Allahyň günäkär guly...
Mowzuga geç!
Foruma geç!
Soňky teswirler

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya


Bentner, Ahal haysam bolsa...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya
Diamante (Şugün, 17:44)

Ynjyklyk hakda


Özümiň ilkinji alan telefonym ýadyma düşdi ilkinji telefonymy alan wagtlarym ýumşajyk mata dolap ulanýardym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ynjyklyk hakda
Saparow (Şugün, 16:55)

Garry gyzyň ykbaly / hekaýa


Düşnüksiz tamamlanypdyr. Soňy nähili bolduka?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garry gyzyň ykbaly / hekaýa
Gulmahrem (Şugün, 14:55)

Garry gyzyň ykbaly / hekaýa


wi yzy yokmyy bardymy so Bahadura? ozbek hekayany turkmen diline terjime edilipdir oytyan, ee gaty gyzykly eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garry gyzyň ykbaly / hekaýa
Dani (Şugün, 14:34)

Ynjyklyk hakda


Onça ýerleri sökübem, ylgap alanja zadyny ulanmana dözmeýşini ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ynjyklyk hakda
Gulmahrem (Şugün, 14:19)

Ynjyklyk hakda


😁😁😁hay, Serdar aga ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ynjyklyk hakda
Belki (Şugün, 13:59)

Garry gyzyň ykbaly / hekaýa


Wah naçar doganjygym bagtly bolan bolaysadyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garry gyzyň ykbaly / hekaýa
Tuana (Şugün, 13:42)

Nazar.(Hekaýa)


Dogamyn goyyayyň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Nazar.(Hekaýa)
Ayjahan (Şugün, 13:28)

Ýok, lukman, ýüregim hiç kime bermen


Ichimdaki chuyrap giden syrlarymmm...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýok, lukman, ýüregim hiç kime bermen
rexha (Şugün, 12:14)

Ýok, lukman, ýüregim hiç kime bermen


Meniň bu dunýede bir baýlygym bar,— Olam aýdyp ýetişmedik syrlarym....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýok, lukman, ýüregim hiç kime bermen
Mizan (Şugün, 11:32)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика