Ýürekdeş sözler!
MEGAFON : soyyan ynsan nirde bolsanda soyer
Şygyryýet dünýäsi
"ARAK IÇEŇDE" (degişme goşgy)+2Bu gün sen sanaýañ çüýşeleñ sanyn,
(Munça içmekligiñ ýokdy geregi)
Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ,
çenden aşa köp içende aragy.
çüýşleriñ sany bolupdyr elli,
Seniñ bolup ýörşüñ şondanam belli,
Nirde ýatdyñ,nirde turduñ näbelli,
çenden aşa köp içende aragy.
Kanalizasýañ ysy gelýär ýüzüñden,
Jaý salyp hem boljak egniñ gumundan,
Düşdüñ şeýdip iliñ-günüñ gözünden,
çenden aşa köp içende aragy.
Jülgedir,Awaza hem-de ak bugda...
dowamy...Dreamfull (07.01.2024 / 13:46) okaldy (173) teswirler (1)
Degisme aheñde(Gyzlar!)+1Bizar boldum telefonyň jaňyndan. Oglumy gününe goýuň siz gyzlar
Jyňňyrdap başlaýar günüň daňyndan
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar
"Söýýän" diýip ony oda salýaňyz
Söýeňzogam söýen kişi bolýaňyz
Gaş kakyp,göz gypyp aklyn alýaňyz
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar
Agşama howlugýar sagadyn belläp
Duşuşanda berjek sowgadyn telläp
Käte urlup gelýär,dodagyn sallap
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar
Ugruňyzda entäp gije giç ýatýar
Düýş...
dowamy...Dreamfull (07.01.2024 / 13:41) okaldy (185) teswirler (1)
Aglasdylar goterdiler jesedin...+1
Aglaşdylar,
Göterdiler jesedin,
Nowjuwan, açylan ter gözel gyzyñ
Ýöne il içinde gepi köpeldi,
Myş-myşlar göterdi öliniñ yzyn.
-Ol, edeplidi.
Estagfuralla,
Adamzat ölmese, görjek her zady
Akylly diýäniñ çykýar bihaýa
Jaý ýerine ýetmänkä, porsady ady.
-Özüne kast etjek gyzlardan däldi.
-akyllydy,
-edeplije çagady,
-Aýt joram, bu zadyñ sebäbi näme?
Ene welin, bagryn tutup aglady,
Gyz gitdi.
Göwrelimiş diýdiler,
Käsi ý...
dowamy...yurekdes (07.01.2024 / 10:46) okaldy (163) teswirler (2)
Gosgy+1
Hasrat cekip bagtly gunlen yuzune Gecip baryan yaslygymyn deninden Ajy gozyas dolup bu gun gozime Aydym aydyan kecpelegin heninden Inni gen goremok soyenlem gitse Genlamok dostlaram gulse ussimden Men durmusdan dine bir zat hantama Kemal tapsam bolya ata kesbinden Yok men ykbalymdan nalamok asla Gapym kakar ahyr bagtly gunlerem Janym sagat, şükür bolamok hassa Janlanyar ahyry solan güllerem Dost diyenlem...
dowamy...yurekdes (07.01.2024 / 10:15) okaldy (157) teswirler (1)
GEREK DÄL. ÖTÄGIT. ÖZÜŇ AKLAMA...+2
Gerek däl. Ötägit. Özüň aklama,
Barybir öz pikirlemden dänmerin.
Meň duýgulam barmaz seniň aklyňa,
Keseki doldurar dolmadyk ýeriň.
"O dünýede hökman duşarys!" diýme,
Şu dünýede gören görgim azmy nä.
Sen zerarly şine ýardy beýnimde
Saňa duşanymdan soňky bar günä.
Ynsap, behişt hakda gürrüň otardyň,
Göz aýlap gördüňmi ylahy ylma?
Gitdiň.
Men maňlaýym tutdum oturdym,
Şol ýerde bir maňlaýyma ýazylma.
Ýogsa How enäniň edeni...
dowamy...yurekdes (07.01.2024 / 10:09) okaldy (216) teswirler (2)
Cagajykdym..+5Cagajykdym heniz ,eje gujakda Bilermidim?Bu dunyaniñ zulmuny Dunya ineniñden bashlayar durman Ajy hem suyjúli,'Durmush' synagy. Cagajykdym,ak-garany saygarman Kimsi dos,kimsiniñ netini bilman Yylgyrardym ,bagtlydym men bir dowur Sol..cagallyk dowrim,gecipdir galman Cagajykkañ hezil,durmushuñ guni Jahyllyk wagtyñ hem bilenok ceni Wagty gelse,gozñe basyp owredya Bu ykbalda,oz ornuñy bilmegi...
dowamy...Dreamfull (07.01.2024 / 06:27) okaldy (206) teswirler (2)
Gözlen oynamasyn sakla erkini+2Gözlen oynamasyn sakla erkini,
Din-Imana bagla yürek örküngi,
Elwan bägüllerden ajap görküni,
Yaman gözlilerden gizläp saklagyn..
Dost diyip dushmana baglayma bili,
Musulman gyzysyn yitirme dini,
Öljegini bilsende aldama ili,
Dine hakykaty sözlap yashagyn.
Bir gün gyz bashyna atarlar kürte,
Shol gün gyz bolsanda gelinsin erte,
Süyjülik suwuny yüzüne sürtde,
Bagty bir nikadan gözlap yashagyn.....
dowamy...Dreamfull (07.01.2024 / 06:07) okaldy (189) teswirler (1)
Gosha juwan+3Ýeke dogýar eneden, Ýeke-de ölýär ynsan". Diýen pelsepäñ bilen. Asla ylalaşmaýan. Ekiz taýy hasap däl, Ony mysal aljak däl...
Ýöne ýañky pikirñe,
$ärik bolup biljek däl.
Gyz maşgala dogulsa,
$übhesiz sheýle bolyar:
Şol gyz üçiin nirededir,
Taý oglanam dogulýar.
Şol gyz bilen şol oglan,
Alyp görsek, aslynda,
Dünýäniñ başlangyjy,
Hem dowamy neslinde...
Gep şol gerekli gyzy
Ýigidiñ tapmagynda,
Iki uly arzuwyñ,
Ykbaly çatmagy...
dowamy...Dreamfull (07.01.2024 / 05:57) okaldy (167) teswirler (1)
Hoş gal+5
Hoş gal, göwni bölegim! Hoş gal! Mundan beýläk çekmäli ejir! Gamly pikirsizem ýaşap göreýin, Senem günleriňi şatlykda geçir! Aý dolanda, ýekelikde synlaýyn, Senem düşün, täk başym bar meniňem. Hatda, indi düýşüme-de girme-de, Bolup törde uz ýaşynýan gelinim. Hoş gal, söýgim! Hoş gal, kalby gubarlym! Hoş gal! Hoşlaşmaga ýaýdanmaly hiç! Geçilmeli ýol uzakdyr, belki-de, Ykbalyma meňzeş ykballa d...
dowamy...xuliganka (07.01.2024 / 05:05) okaldy (220) teswirler (4)
Watan, bu jan saňa gurbanym bolsyn!+4
Göbek ganym damyp göz açan ýerim,
Watan bu jan saňa gurbanym bolsyn.
Ädim atyp, ýöräp dil açan ýerim,
Watan bu jan saňa gurbanym bolsyn!
Ýaşyl tugumyz bar buýsanç dagymyz,
Ählimizde birdir damar ganymyz,
Arkamyzda bardyr Arkadagymyz,
Watan, bu jan saňa gurbanym bolsyn!
Saňa şek ýetirsem gurasyn elim,
Saňa dil ýetirsem gurasyn dilim,
Seniň bilen rahat, alýan her demim
Watan, bu jan saňa gurbanym bolsyn!
5 welayatyň bar...
dowamy...yurekdes (06.01.2024 / 23:50) okaldy (207) teswirler (2)
???+3
Gitdin baky söýgim baky depeläp
Söýüpdim ýürekden gorap apalap
Ýanýan ýüregime garyn sepelap
Git ýoklygyn kalba hemaýat bolsyn
Aglaryn ejizläp bary bir hepde
Sen dünýami tümlik etdiň bir gepde
Ýüzümde ýylgyrşy yz yza seplap
Ýylgyrşym görkime hemaýat bolsyn
Söýdim seni salyp ýürek törime
Bu gün goýdun başga birin ýerime
Indi o:d yzasy ötmez tenime
Git gidişin güýje hemaýat bolsyn
Ýöne senem belle yeke täk dälsiñ
Sen ýa...
dowamy...yurekdes (06.01.2024 / 23:38) okaldy (177) teswirler (2)
Käbäm ejem ömriň has uzak bolsyn.+3
Mähriban ejemjan ömre melhemim
In ýakyn ynsanym goldaw hemdemim
Seniň üçin alýaryn men her demim
Käbäm ejem ömriñ has uzak bolsyn
Ýüziňden ýylgyryş ýitmesin daýym
Seň üçin janymy bermäge taýyn
Bagryňa bas gujagyňda ýylaýyn
Käbäm ejem ömriñ has uzak bolsyn
4 perzendi dünýä beren jennetsiň
Bir ýylgyrşyň bu älemi gülletsin
Ählimize bagtly durmuş diläp sen
Käbäm ejem ömriñ has uzak bolsyn
Guwan çagalaryň baky bagtyna
Seni...
dowamy...yurekdes (06.01.2024 / 23:28) okaldy (184) teswirler (1)
Söýmedik bolsa...+3Cekmezdim jepasyn, harlanan soygun, Kate seni gozlem gormedik bolsa,
Pidasy bolmazdym sol nazik duygyn,
Kate seni gozlem gormedik bolsa.
Girdin yuregime, ornadyn makam,
Duymazdym agrymy yanymda barkan,
Beyle hasratlarda galmazdym belkam
Kasga dillem “soyyan” diymedik bolsa.
Orun aldyn, baky galdyn sol yerde,
Gitdinle soyenin goyup mun derde,
Name yaman gordun aytsana mende,
Gozlen mende yalan gormedik bolsa.
Unutdym bar z...
dowamy...Dreamfull (06.01.2024 / 23:07) okaldy (168) teswirler (1)
18 yashym!+3Ýüregiñ böküp dur,dünýä sygañok, Sähel zada gülen 18 ýashym.Uly dünýä bir garaýşa degenok,
Wah,özgesi ýalan 18 ýashym!
Duýmandyryn ,neneñ,niçik geçeniñ,
Bir toýlarda,tans oýnap ,serden geçenim,
Şol gözeliñ ,gözlerine gaçanym,
Girdaba gark bolan 18 ýashym!
Çolaşasyň geldi ,dilber näzine,
Sataşasyň geldi ,söýen gyzyňa,
Biygtyýar düşdiñ gitdiñ yzyna,
Ýatlamadan gelen 18 ýashym!
Göz astyndan, ogryn-ogryn bakmalar,
Wada ber...
dowamy...Dreamfull (06.01.2024 / 19:04) okaldy (183) teswirler (3)
.....yonekey yazgy...+1
Kawagyt yonekey bolasym gelya,
Yonekeyligi dap edesim gelya,
Aramyza seytan gosulyp yene,
Gedem hasyetlere akidip goya.
Yonekey bolupdyr atam pahyram,
Yonekey bolupdyr kakam ejemem,
Pikirlenip otyrsam men ka mahal,
Yonekeyligem bir sungat yaly eken.
Yonekey bolmana howlugyn sizem,
Ka wagyt yonekeylik gerek manada,
Gerekli sanada ona hada hemmade,
Yonekeylik bilen yetilya bagta...
dowamy...Akademik2 (06.01.2024 / 17:56) okaldy (187) teswirler (2)
Bolmajak zatlary etmäli arzuw...+16
Bolmajak zatlary etmäli arzuw.
Gel,boljak zatlary gürrüñ edeli.
Goý,bitmän galmasyn ýekeje parzyñ,
Baryn bitirmäge düzgün edeli.
El sermäli,barka namys-arymyz.
Sen bilýäñ-ä,bir-biregiñ zary biz.
Gülläp durka ''Söýgi'' atly bagymyz.
Her gülün al-ýashyl,gülgün edeli.
Birden-ä alysda,birdenem ýakyn.
Sensiz maña agyr,sensiz maña kyn.
Dowamynda ''Durmush''atly ertekiñ.
Aýralygy guma sürgùn edeli.
Ana, onsoñ çyn g...
dowamy...Perman (06.01.2024 / 14:23) okaldy (247) teswirler (8)
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy+4
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,
Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,
Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna,
Müň togap bilen biz barýarys ýanyna.
Barymyzy şär...
dowamy...xuliganka (06.01.2024 / 13:41) okaldy (229) teswirler (1)
Sen meni söýýäñmi ýada söýeñok+5
Sen meni söýýäňmi ýa-da söýeňok,
Bu sowala jogap tapyp bilemok.
Kä gara gözleriň garasy bilen,
Ýylgyryp bakaňda dünýäm ýylgyrýar.
Diýän öz ýanymdan "Ol meni söýýär"
Kä-te bolsa gara gaşyňy çytyp,
Maňa şeýle gazap bilen bakýarsyň!
Sorag bersem ony jogapsyz goýup,
Gaýtalasam gödek sözler aýdýarsyň,
Ýadyma düşende söýýän sözleriň,
Kellede at çapýar düşnüksiz sowal.
Sen meni söýýäňmi ýa-da söýeňok,
Bu sowala jogap tapyp bil...
dowamy...King-official (06.01.2024 / 11:47) okaldy (181) teswirler (9)
Alla bardyr ýanyñda+4
Ýekemiň? Ýetimmiň? Gam çekme, ogul,
Elmydama Alla bardyr ýanyňda.
Merdana kabul kyl pelegiň oýnun,
Allaň adyn zikir eýle ýadyňda.
Birden al-asmana galar gidersiň,
Gurruk guýa gitdim diýen çagyňda.
Bu bir durmuş!
Bu bir synag meýdany!
Her hili ahwallar bolýar dünýede.
Eger bir melamat inse başyňdan,
Ýa sezewar bolsaň elhenç külpede,
Gutulgysyz pajygadan basylsaň,
Alla sygyn,
Allany sal ýadyňa!
Dogan ýetişmese seniň dadyňa...
dowamy...King-official (06.01.2024 / 11:43) okaldy (157) teswirler (3)
Her kimge özüniň ýary gerekdir+3
Şasenem jan, eşit arzy-halymny,
Her kimge özüniň ýary gerekdir.
Maňa bagyş eýlegil Akja ýarymny,
Her kimge özüniň ýary gerekdir.
Kyýamatlyk saňa men aga idim,
Ýarym getir, ýaryň bereýin diýdiň,
Hudaýyň hakyny ortaga goýduň,
Her kimge özüniň ýary gerekdir.
Garyp jana habaryňny ýetirdim,
Renji-mähnet çekip, ýaryň getirdim,
Ezber aýdar, hyzmatyňny bitirdim,
Her kimge özüniň ýary gerekdir....
dowamy...King-official (06.01.2024 / 11:41) okaldy (176) teswirler (1)
Jemi: 1467
Soňky teswirler
Ýokaryk