“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
PeNa_MeLe : Utuldyñmy Gynanma yene Synanş belki utarsyñ!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

GEREK DÄL. ÖTÄGIT. ÖZÜŇ AKLAMA...
 Özümiziňki
 yurekdes [off]
 07.01.2024 / 10:09
 Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕

Gerek däl. Ötägit. Özüň aklama,
Barybir öz pikirlemden dänmerin.
Meň duýgulam barmaz seniň aklyňa,
Keseki doldurar dolmadyk ýeriň.

"O dünýede hökman duşarys!" diýme,
Şu dünýede gören görgim azmy nä.
Sen zerarly şine ýardy beýnimde
Saňa duşanymdan soňky bar günä.

Ynsap, behişt hakda gürrüň otardyň,
Göz aýlap gördüňmi ylahy ylma?
Gitdiň.
Men maňlaýym tutdum oturdym,
Şol ýerde bir maňlaýyma ýazylma.

Ýogsa How enäniň edenin edip,
Ýene meni düşürersiň şu ýere.
Menem Adam ýaly, ugruňa gidip
Haýyrly pikirlem çalşaryn şere.

Şonuň üçin duşma dagy-duwara,
Sen bar bolsaň jennet maňa haramdyr.
Derdim hakda gürlärin men suwara,
Her setirim ruhumdaky ýaramdyr.

Ýaşa, ýaýna, adamlardan ýaşynma,
Ýaşa dünýäň gowuz ýerin dolduryp.
Hyrydarlaň kän bolsa-da daşyňda,
Menem seni gazanmandym ýol urup.

Eýýup ruhum sabyr eder bar günlem,
Men özümi hiç beladan goramok.
Söýýänimi subut etmändim, indem
Ýigrenýänim üçin ötünç soramok.

Seýitmyrat Geldiýew


126

6

1

1

0

0

0
Teswirler:
 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 07.01.2024 / 13:09

+0

Ynsap, behişt hakda gürrüň otardyň,
Göz aýlap gördüňmi ylahy ylma?
Gitdiň.
Men maňlaýym tutdum oturdym,
Şol ýerde bir maňlaýyma ýazylma.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

JAŇ EDIŇ!


😏 arman arman arman. Mende hem bolsady...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
hickim (Düýn, 22:31)

JAŇ EDIŇ!


Eje, häzir agtygyňy ugratjak, şoo hälki bişiren kökejikleňden 1 paket edip ugradaýda... diýip jaň edäýsemmikäm? :D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
Fantom (Düýn, 20:25)

Hudaýsyzlar 4- nji bölümi.


5- nji seriyasy hacan bolya...dowamy...

Hudaýsyzlar 2- nji bölümi.


😕 ozi nace adam bar bu yerde dusunmedim gelini kim tutya gyza kim degya...dowamy...

Hudaýsyzlar 3- nji bölümi.


Name boldy bulara 😕 saglykmydyr...dowamy...

Bagana telpekli adam


McM agza diýsene gülüp başlanymdanam heňi şoňka meňzeş diýipdimemle. Beter ussat degişgenaý şu agam jany sag gorjegi gowy bolaýsyn Allajan...dowamy...

JAŇ EDIŇ!


hokman...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
SerdarG (Düýn, 05:31)

Durmuş Sapaklary


buň stili näme?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Durmuş Sapaklary
Fantom (21.06.2026 / 19:49)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...

Başsyz gurjaklar/ hekaýa


Birhileklaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Başsyz gurjaklar/ hekaýa
афганка (21.06.2026 / 10:12)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->