Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Admin : Adyl patyşa — jemgyýetiň ruhy mugallymydyr.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Seni gowy görýärin
Premium
 JONY [on]
 05.08.2024 / 08:16
 Yurekdesh.ru

- Dostdan ýakyn, söýgülilerden tapawutly, aşyklardan uzak, ýoldaşlara meňzeş üýtgeşik bir gatnaşykda bolan iki ynsan.

Biziň aramyzda simpatiýa bar, empatiýa bar, sylag-hormat we aladaçyllyk bar, gabanç bar, gahar bar... we başga-da giň duýgularyň spektri bar. Meniň pikirimçe, olaryň käbirlerini wasp eder ýaly söz entäkler hem tapylmandyr...

Näme üçin we nädip beýle?

- Meniň üçin hem şu soragyň jogaby gaty gyzykly - Bilemok!

Ýöne eger pikir ýöretmeli bolsam, onda ilki bilen seni näme üçin özüme ýakyn duýýanlygymdan başlardym...

Ýadyňdamy, ilki tanyşanymyzda dünýä nusgawy saz sungaty hakynda gürrüň edipdik. Şonda diýipdim, "şu gyz üýtgeşik". Soňra, bilmedim, ünsümi çekdiň, seni tanasym geldi. Tanadykça haladym, haladykça baglandym... Haýran galdym kalbyň tämizligine, köňlüň açyklygyna we ýönekeýligiňe. Meni daşky keşbiňden beter ruhy dünýäň özüne çekdi. Seniň ol giň dünýagaraýşyň içinde özümiňkä meňzeş penjire gördüm, wakalary melanholik, arzuwçyl we optimist tarapdan görkezýän bir penjire. Ana şol penjiräni tapanym bäri göz ýetirdim, aslynda ikimiz şol bir nokada seredýäris. Arzuwlaryň meňkä meňzeş, durmuşdan garaşýanlaryň meňki ýaly. A men seni tanap başlanym bäri geljegimi sende görýän...

Aslynda daşky keşbiň hem meni özüne çekipdi, esasan hem gözleriň... Düýpsiz umman ýaly gözleriň... Olara her seredemde wagt we giňişlik meniň üçin manysyny ýitirýär. A saçlaryň? Mundan öň hiç bir gyzda duş gelmedim seniňki ýaly saçlara... Aslynda olara "saç" diýmek hem gelşenok, tüýs "syrmaşyk" diýerlik saçyň bar. Özem ýöne-möne syrmaşyk däl, bägüller bilen bezelen, gül açýan we owadan ysly syrmaşyk ol. A men hemişe şol saçlary örmegiň arzuwynda... Ýene-de kän zat aýdardym sen hakda, emma il-gün bar, göz-dil bar we başgalar bar. Goý olar seni görmesin, görküňe göz degmesin! - menem seni gabanmaýyn!

Sen meň üçin kim? Men seň üçin kim? Maňa diýseň gyzykly... Bulara jogabym ýok, emma men seniň üçin ojak bolasym gelýär, saňa: "Öýüm seniň ýanyň" diýesim gelýär. Men hakda nämeler pikir edýärkäň?!..


428

24

21

3

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 05.08.2024 / 20:55

+0

gouken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ajy ýylgyryş


Her ata özüni sag wagty şeýle gerekledip bilsedi, käbir zalym atalar hem az däl. InşaAllah mähir hiçbir ýakyn ynsanlaň arasyndan kememesin. Herki...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Anora (Şugün, 16:43)

Menem kem galmayyn


Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Gulmahrem (Şugün, 11:57)

Ajy ýylgyryş


mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Diamante (Şugün, 11:08)

Yone gyzyklanyan


yone oykelek dal şonyma gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:04)

Yone gyzyklanyan


yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:03)

Yone gyzyklanyan


Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Gunesh (Şugün, 10:49)

Yone gyzyklanyan


Agy sen özüň näme diýýäň senem bir pikiriňi aýtda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 07:28)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Ahmal (Şugün, 07:10)

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика