Ýürekdeş sözler!
kynçylyk — bu täze bir mümkinçilik
OTUZ ÝAŞDAN SOŇ
Täzeje
TESTER [off]
24.01.2024 / 22:44
Göwnüme bolmasa, zerur däl indi
Arzuwa beslenip, kaşaň geýinme.
Wagtyhoş bolsamam meýlis kölünde,
Alada bar, şatlygymyň teýinde.
Hoşlaşygyň wagty golaýlap geldi,
Sag bol, ýaşlyk — ömrümiziň şatlygy.
Men garrap baramok,
şonda-da belli
Goja bolmagyňam niçik zatlygy.
Kaýyl indi şu ömürde tapanma,
A öň mydam gözlegdedim jahanda.
Ynjalyk tapýardym apy-tupanda
Gök gürleýip, ýyldyrymlar çakanda.
“Harbylarça dik tutýaryn kaddymy,
Kän bir üýtgän zadam ýok-la keşbimde.
Gojalygam däldir bagtyň ýatdygy” —
Şeý diýdim men otuz ýaşdan geçdim-de.
Bu boluş kanundyr dünýäler döräp,
Göwün guşy telim gezek göç eder.
Şükür, häzir-ä men barýaryn ýöräp
“Ýaşlyk” atly iň ajaýyp köçeden.
Çary ÝEGENMYRADOW
TESTER [off]
24.01.2024 / 22:44
Göwnüme bolmasa, zerur däl indi
Arzuwa beslenip, kaşaň geýinme.
Wagtyhoş bolsamam meýlis kölünde,
Alada bar, şatlygymyň teýinde.
Hoşlaşygyň wagty golaýlap geldi,
Sag bol, ýaşlyk — ömrümiziň şatlygy.
Men garrap baramok,
şonda-da belli
Goja bolmagyňam niçik zatlygy.
Kaýyl indi şu ömürde tapanma,
A öň mydam gözlegdedim jahanda.
Ynjalyk tapýardym apy-tupanda
Gök gürleýip, ýyldyrymlar çakanda.
“Harbylarça dik tutýaryn kaddymy,
Kän bir üýtgän zadam ýok-la keşbimde.
Gojalygam däldir bagtyň ýatdygy” —
Şeý diýdim men otuz ýaşdan geçdim-de.
Bu boluş kanundyr dünýäler döräp,
Göwün guşy telim gezek göç eder.
Şükür, häzir-ä men barýaryn ýöräp
“Ýaşlyk” atly iň ajaýyp köçeden.
Çary ÝEGENMYRADOW
54 |
14 |
3 |
8 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Özümiziňki
yurekdes [off]
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
25.01.2024 / 00:42
+0
yurekdes [off]
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
25.01.2024 / 00:42
+0
Her yasyn oz gadyry bar diyyaler belki dogrydyr
Soňky teswirler
Yekejelaai
Gelse bagyshlajakdal diyan yone adyny eshidende gozlerine yash gelyara dossum Gowy setirler...dowamy...