“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Durmuşuňy dolandyrmagy bilmeseň,umman deý çaýkanarsyň:/

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Degişmeler älemi

KÄTE ŞEÝLE-DE BOLAÝÝAR
Premium
 Admin [on]
 25.01.2024 / 00:55
 Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim!

Arada işden soň teke bazaryndan ugran 16-lyk awtobusa mündüm. Adam köpdi. Awtobus esli aralygy geçip, ˝Parahat˝ mikroraýonyna golaýlap barýardy. Birdenkä öňki hatarda jaýlaşykly oturan garry ene:
- Oglum, biz tekä ýetemzokmy? – diýdi.
Muňa hemmelerem aňkarylyp seretdi. Dogrusy menem geň galdym.
- Siz ýalňyş münüpsiňiz garry ene, zyýany ýok, häzir duralgada düşäge-de, ýoluň aňry ýüzüne geçip garşyňdan gelýän 16-lyga münüň, tekä bararsyňyz diýdim.
- Wah, men garrydan aýyp etmäň, meň huşum gursun, 16-lyk barýar diýseler onuň haýsy ugra gidýänini soramandyrynam – diýdi-de, garry ene huşundan zeýrenip awtobusdan düşüp galdy.
Men ertesi ýene-de işden soň şol awtobusda hälki garry enä gabat geldim.
- Neneň düýn ýalňyşman tekäni tapdyňyz dälmi? – diýip soradym. Ol uludan bir dem aldy-da:
- Tapma nämişlesin? Asyl adamlaryň arasynda tekäniň nirdeligini bilýänem ýok. Düýnden bäri ol awtobusdan beýleki awtobusa münüp, halys boldum, oglum. Ahyry nätdim diýsene, öýe - Tejene tilpun etdim. Gowja edibem tekäniň salgysyny aldym. Häzirem şoňa barşym…
Bu wakadan soň esli gün geçipdi. Onda-da şol garry enäniň ýüz keşbi uzak wagtlap göz öňümden gitmedi. Bir günem duldegşir goňşym toý etdi. Hakyt şol gürrüňini edýän garry enem-de toýuň arzyly myhmanlarynyň biri bolup törde otyr.. Wah, men näbileýin,˝Teke Myradyň myhmany˝ diýse, men ony ilki duşanda elin getirip gowşurjak ahyryn. Arman beýle diýmedi-de, ol häzirem ˝Bolsa-da Tekäni tapdym˝ diýip dur.

✏ Goçy ANNASÄHEDOW, ýazyjy.


69

13

1

2

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Aypipijik [2s]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 09.02.2024 / 00:04

+0

😁👍👍👍

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Salpyja


Malades...dowamy...
Erkin mowzuklar | Salpyja
BAYOGUL (Şugün, 19:14)

Betbagyt gyz 2


Menem gyzygyan manada oklay hays...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 2
Guljagaz (Şugün, 19:01)

"Beýlede ejäni depmek bolarmy" ? ( bolan waka 22.01.2016 ýyl sagat 20.50)


mesele nireden nirä gelipdir mowzuk ýadymdan çykda okaýançam...dowamy...

Söýgi.


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Söýgi.
Kicxikge (Şugün, 18:14)

INDI MENI UNUT!


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | INDI MENI UNUT!
Kicxikge (Şugün, 18:14)

"Meni unut" diýdiň.


Düşündim adama berilýän zatlaň, Wagtyň synagynda synalýandygna Iň kiçijek zatlaň täsiri bilen- Ömrümiziň Uly gynalýandygna......dowamy...
Erkin mowzuklar | "Meni unut" diýdiň.
Kicxikge (Şugün, 18:14)

"Meni unut" diýdiň.


...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Meni unut" diýdiň.
Kicxikge (Şugün, 18:14)

Dolansana


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dolansana
Kicxikge (Şugün, 18:14)

Garajaoglan


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Garajaoglan
Kicxikge (Şugün, 18:13)

Garajaoglanyn gosgularyndan


...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика