“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨
Ýürekdeş sözler!
Gereksiz : Çagalaryñyza bay bolmagy dal-de, bagtly bolmagy owrediñ, soñ ulalanda hemme zadyñ nyrhyny dal-de gadryny bilsinler

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Oýunlar, testler we soraglar

Diňe Zehinlilere Çözdürjek Soraglar
 Täzeje
 EpifiZ [off]
 31.01.2024 / 14:34
 "Life Without Reality"

Kimler jogaby taparka? Hemmeler öz pikirlerini aýtsyn

1)Galtamanlar bir alymy tutup, oňa sen bize bir sorag ber, eger dogry jogap bersek seni atarys, ýalňyş
jogap bersek asarys diýipdirler. Alym olara şeýle bir sorag beripdir welin ony boşadyp goýberipdirler.
Alym olara nähili sorag beripdir?
2)Jümle-jahandaky iň uly gazanada sygmajak zat näme?
3)Bir patyşa bar diýýä. Şol patyşa bir gün bir türmede oturan adamy ýanyna çagyrdýar. Patyşanyň
elinde hem bir çüýşe bar eken. Ol çüýşäniň hem gyrasyny döwdürtýär bilgeşleýinden. Soň patyşa
türmede oturana sorag berýär:
-Eger sen şu çüýşäni tikip berseň men seni türmeden boşatjak diýýär, eger edip bilmeseň türme
möhletiňi uzaltjak diýýär. Türmede oturan hem patyşa bir zat aýdýar we patyşa ony türmeden
boşatmaly boýar. Ol näme diýýär?
4)Uzynlygy Eýfel diňi çenli bolan ýöne 1 gram hem agramy bolmadyk zat näme?
5)Siziň öňüňizde birinde hazyna bolan iki jaý dur, her jaýyň gapysynyň öňünde bir sakçy dur. Sakçylaryň
biri diňe ýalan, beýlekisi bolsa diňe çyn gepleýär. Eger siziň diňe ýekeje sorag bermäge hakyňyz bar bolsa
we sakçylar haýsy otagda hazynaň bardygyny bilýan bolsalar. Siz haýsy sorag bererdiňiz?
6)Suwda tapdyrmaýan daş haýsy?
7)Tokaýda 4 dost öýlerine barýan eken. Olar: agaç ussasy, tikinçi, zergär we jadygöy. Agşam bolansoň olar gijäni tokaýda geçirmeli bolýarlar we beýlekiler ýatyrka biri garawul bolýar. Ilkinji nobat agaç ussasyna gelýar. Ol bir agaç kötügini görýär we ony ýonup hakyky gyza meňzedýär. Soň nobat tikinça gelýär. Ol agaç ussasynyň ýasan gyzyny görýär we ol gyza köýnek tikip geýdirýär. Soň nobat zergäre gelýär we ol hem bu gyzy görüp oňa altyn şay-sepler dakýar. Soň nobat jadygöye gelýär we görse, hakyky ýaly egin eşikde owadan gyz otyr. Ol doga-jady edip gyzy direldýär. Soň daň atanda bu 4 dostyň arasynda şol gyzy almagyň üstünda dawa başlaýar. Emma ol gyz hökmany bir sebäpden olaryň birine barýar. Ol kime we näme üçin barýar?


215

23

10

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Hako [off]
 31.01.2024 / 15:21

+0

6-njynyň jogaby: adamdaky (böwrek, ö:t, peşew halta) emele gelýän daş.


Özümiziňki
Burning  (31.01.2024 / 21:10) 

Hako, suwda gury daş tapdyrmaýar. Jogabyñ ýalñyş


Täzeje
Hako  (31.01.2024 / 21:18) 

Perman, şeýlemi, sag bol. Oýlamandyryn muny.

 Premium
 BAY-HAN [off]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 31.01.2024 / 15:23

+0

hemmesiniňem jogaby bar, sebabi bular öňem kän gabat geldi

 Premium
 xuliganka [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 31.01.2024 / 15:27

+0

Gyzykly soraglarr.

 Özümiziňki
 yurekdes [off]
  Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
 31.01.2024 / 16:29

+1

2 ) gazanyñ gapagy
5 ) aldawcy sakcyn yanyna baryp sorardym hazynan haysy jaydadygyny we onun gorkezenine dal beylekisine girerdim
6) gury daş
7) ozini yasan agac ussasyna baran bolaymasa

 Täzeje
 Firuza [off]
 31.01.2024 / 18:42

+0

2 tohmet
4 dil
7 jadygoy dir

 Täzeje
 Koroleva [off]
  Born to shine.
 31.01.2024 / 19:02

+0

3. "Eger sen çüýşäni ters tarapyna çöwrüp berseň, menem tikip bererin"diýýä


Täzeje
EpifiZ  (31.01.2024 / 19:04) 

Koroleva, Mlds 👍

 Täzeje
 Koroleva [off]
  Born to shine.
 31.01.2024 / 19:05

+1

4. Kölegesi

 Täzeje
 Guler_yuz [off]
  ...yylgyr,gacyp gitsin gaygylar..)
 01.02.2024 / 00:27

+0

7. jan berenemika diyan

 Öwreniji
 EjegyzS [off]
 01.02.2024 / 20:23

+0

Soragyň dogry jogaplary diýibem mowzuk açsana


Täzeje
EpifiZ  (02.02.2024 / 09:35) 

EjegyzS, ok

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

HDD gowymy ýada SSD??? HDD vs SSD


Hayal ishleya ekenda Hdd hayaly halamayanlar name ederka...dowamy...

Buhgalter kim? Näçe aýlyk alýarlar? Iş kynmy?


Shu Akhasapda az wagtlyk ishlap gorupdim magazinda ishleyan wagtym yone kan bir dushunmandim ichi chylshyrynly geldi ilki. menem gyssaga dushup o...dowamy...

Kompýuteriñ operasion ulgamlary barada


Noutbuk alaysamda menem...dowamy...

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn!


Ählimiziň Remezanymyz kabul bolsun. Okan namazlarňyz aydan dileg dogalarñyz beren sadakalarňyz kabul bolsun...dowamy...

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn!


Ýene bir gezek Remezanyňyz kabul bolsun Türkmen ilim...! Diňe turkmenleriñkini gutlayañmy...dowamy...

IKI JÜBÜLI KÖÝNEK


Jûbä nadip salyp bolya o zatlary...dowamy...
Erkin mowzuklar | IKI JÜBÜLI KÖÝNEK
rexha (Şugün, 03:36)

Äleme belgilidir


Paymal,bezm,gaflat Name diymek...dowamy...

Hoş geldiňiz foruma


500den az bolmasyn diyip name prezident saylawlaryna gatnashdyryanmy o adamlary,voopshe gerekdallay shu zadlar meň pikirimche. Sammit name zat...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hoş geldiňiz foruma
rexha (Şugün, 03:32)

Hoş geldiňiz foruma


Ýogalsaňyz ýada öz erkiňiz bilen birine gidip galsaňyz özüňiz günäkär. Towa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hoş geldiňiz foruma
rexha (Şugün, 03:31)

Когда в Лос-Анджелесе идет дождь film barada


Filmin ady owodonlay...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->