“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Wepa : Söýeniñ Bahary bilen şatlanma, ýaz we gyşlary hem bardyr !

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.
Premium
 rexha [off]
 Şugün, 11:18
 Всё, что хочешь от жизни бери и беги

— ol nähili syr, aýt hany eştdeýin
Ol barmana şepegat uýasynyň nasagy gepletmaň çykyň ýandan çykyň ,çykyň diýensoň Şajan ýerinden turdy
Halys ysgyny bolmadyk Mähri eli bilen onyň elinden mäkäm tutdy we
- çagalaryma gowy seret, hor homsy etme,haýyş hemde talap senden, meni razy etjek bolsaň olary saňa goýýan, olaryň senden başga hiç hili hossary ýok
- Mähri beýdiýmesene ezizim, sagalarsyň, oňat bolarsyň,nesip bols, olara öziň seredersiň meni ýeke goýma janym,sensiz maňa bu durmyş gaty kyn bolar
- meniň barimden aňyrym ýakyn ýaly
- ýaňy şepegat uýasy girmaňkä bir zat aýtjak boldyň ,name aýtjak boldyň
- Şajan: - zordan demi gelýan Mähri gözini çalaja açyp diňe
- telefonda: - diýip bildi
Ol barmana Şajany
- boldy agam çykmaly daşary, ozal hem köp gepletdiňiz diýip ony daşary çykardy
Şajan daşary çykansoň sähel salymdan lukman onyň eline bir kagyzy berip
- şu dermany tizräk tapyp gelmeseňiz barde ýok,sentralnyý aptege baryp sorada alyp geliň tizrajik
- bor agam, sagaljakdanmy bir, ýuzi gözi sapsary boldy
- ol Allaň işi biz öz etmeli zatlarmyzy edýas, sagalar nesip bolsa,ýone kesel gaty ötuşipdir, naçe wagtlap ýüze çykman, bagryndan zat galmandyr diýen ýaly
- taňňyrýalkasyn lukman,sizem gaýrat ediň
Lukman baş atyp öz işi bilen bolyberdi
Şajan onyň ýazyp beren hatyn alyp merkezi dermanhana gitdi. Aralygy daş bolansoň oňa epessli wagt gerek boldy. Ýolam name baran koçesi probkady,saklanmaly garaşmaly ýeri hem bolypdy
Sagaman dermanhana baryp diýen dermany alyp renimasiýa gelende, mundan öň derman alyp gelende ,şepegat uýasy ylgap öňunden çykyp getirdiňmi dogan diýip derrew dermany alyp gitýardi.
Bu gun bolsa onyň öňinden çykan bolmady
Ol Allajanlarym bir gudraty görkezaýdimika, indi derman gerek dal hem boldymyka, Mährim bir sagaman gowy bolyp öýe bir dolansa, bu ýyla bize öran agyr geldi, hiç kynçylyklardan baş alyp soňyna çykyp bilmedim, çagajyklarym maňlaýyna,onyň bir demine degmese bolýar,Alla guýç kuwwat beraýedida :- diýip içini humledip renimasiýa işigine geldi.
Gapyny kakaýyn diýip durka şepagat uýasy
- geldiňmi dogan
Şajanyň ýuzi açylyp gitdi .Allajanym Mährin ölmändir ekeni, şepagat uýasa öňumden çykdy diýip begendi.
Ol barmana elindaki dermany uzatdy
Şepegat uýasy
- sizi lukman çagyrýar, dermany hem şoňa beraýiň: - diýdide ýuzun sazlap geçip gitdi
Şajan
- waaaaah bolmadow, lukman çagyran bolsa, oňňulyga däldir, ýa ýene derman gerek boldymyka diýip içini gepledip lukmanyň otagyna girip gitdi
Lukman oz işi bilen başagaýdy.
Ol Şajanyň girenni gorup işin goýyp oňa gabat garşysyndaky otyrgyça geç diýdi
Şajan bir zadyň bolanny aňdy we sesin çykarmanjyk aýdylan ýere geçip otyrdy
Lukman
- inim, bizem elimizden gelenni etdik, ýöne kesel gaty ötüşipdir,sarygetirmaň agyr howply gornuşi, turkmençilikde ýapyk saraltma diýip eştdiňmi
- hawa
- ana, şoňa geçip gidipdir,bizema jan etdik, tapdyrmaýan dermanlara çenli tuweleme tapyp getirdiň,şondada ony elimizden aldyrdyk.Giň bolyň,mert dur:- diýdide Şajanyň egnine elini goýdy
Şajandan bolsa hiç hili ses çykanokdy
Ol barmana tiz komek maşynyň lukmany içeri girdi we
- nasagy nirä äkitmeli
Şajan sesin çykarman ýerinden turyp ol lukmanyň yzyna duşup gitdi
Maşyna gelip öý salgysyny berdi we öz maşynyň yzyna duşup gitmeklerin aýdyp, maşyna ýöredi
Tiz komek maşyn ýöredi. Ýolda Şajan ekuzjeleri bolanda Mährini tiz kömek bilen öýe äkiden guni ýadyna duşdi. Durmyşyň şatlykly gunleri bilen hasratly günleriniň arasynyň juda-juda ýakynlygyna göz ýetirdi. Ýöne ol mert bolmalydy, çagajyklaryna ejeňizi alyp geljek diýen sözi ýadyna duşdi, indi men olara name jogap bererkäm: - diýip hyrçyny dişledi.
Alaç ýokdy.Çagalar hem öz gunine kaýyl bolmalydy, olaryň ejesiz ulanjagyna ýuregi guýym guýym boldy
Maşyn oba golaýlaşdygy saýy der basdy.Howla sowanda howlyň içindäki agy sesler, şemal bilen obanyň çar ýanyna ýaýrap gitýardi .Her kim eştdip bulara ylgap diýen ýaly gelýärdi
Baýdak ýaly gelin elden gitdi ...

Dowamy bar


10

4

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 Şugün, 11:18

+0

Baydak yaly gelin elden gitdi

Haysy manyda aydylan shu :"baydak"sozi

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.


Baydak yaly gelin elden gitdi Haysy manyda aydylan shu :"baydak"sozi...dowamy...

Durmuşum.


Eger ol seniň ýüregiňdäki şol paklygy görüp bilmeýän bolsa, onda ol seniň söýgimize mynasyp däl diýmekdir. Emeli añ dalmi sho? "Söygumize"...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
rexha (Şugün, 11:09)

Durmuşum.


Gowy tema. ýöne şu emeli aňa ýazdyrylan ýaly welin bir hiýli gurok bolupdyr. Negatiw kawul etme. sen emeli aňa gowy tekst ýazdyrjak bolsaň onda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
Fantom (Şugün, 04:32)

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 7


Karlik name diymek...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Ölümli jülgeden őlmänjik geç, öläýseňem aýt depip barlap görjek...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
zM (06.07.2026 / 19:33)

Ýagşylyk


Bu name repmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýagşylyk
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:53)

Gyrrygyz'ymyz


Pygamber yashy 63 daldimi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:45)

Kän garaşdyñmy?


Kän garaşdym kän.....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kän garaşdyñmy?
Ayjahan (06.07.2026 / 00:41)

Gyrrygyz'ymyz


Agyyy zenk yu weri mach yone menin doglan gunum dal gyyy...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Garrygyz (05.07.2026 / 23:29)

Gyrrygyz'ymyz


Ýüregiňe görä ömrüň bolsun, uzak ýaşa!!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
MaD_B (05.07.2026 / 22:36)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->