“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Köp bilýän adam bilmediksirän bolsa, şol mydama beýikdir, bilmeýän adam özüni bilýän ýaly alyp barsa, ol akmakdyr... #Ali

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Üç hakykat
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
 03.02.2024 / 19:15
 #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek

Bir gün Hak dostlarynyň biri Şakyky-Balhy hezretleri Bagdadyň Dijle derýasynyň boýunda wagyz-nesihat mejlisini gurýar. Şol wagt haja barýan bir kerwen märekäniň deňinden geçip barýan eken. Kerwen bilen barýan bir ýaşuly düýesiniň tanapyny ýoldaşyna tabşyryp, wagyz diňlemek üçin bu ýerde galýar. Ol az salym diňläp oturandan soňra Şakyky-Balha ýüzlenip:

— Men düýe çopany, çöl-beýewanlarda gezýärin. Maňa pent-nesihat ber, ýöne berjaý etmek aňsat bolar ýaly nesihatyň gysga bolsun – diýýär. Şakyky-Balhy oňa şeýle nesihat berýär:

— Eý, ýaşuly, menden şu üç sözi öwren: Nebsiň-özüň üçin edýän işiňi nebsiň Eýesi üçin et! Özüňe gerek zady öz Eýäň bolan Alladan isle! Öz Eýäňden gelen her bir zada razy bol!

Bu sözleri diňlän düýe çopany ýoldaşlaryna ýüzlenip:

— Meniň düýämi yzyna äkidiň, meniň başga işim çykdy – diýip, çöl-beýewana tarap ýüzlenýär.

Üç ýyldan soň Şakyky-Balhy hezretleri ony Dijle derýasynyň kenarynda görýär. Ol Şakyky-Balha şeýle diýýär:

— Sen şol adamlara ylym öwredip, özüň amal etmeýän kişimi? Maňa üç zady öwretdiň. Olaryň birinjisini we ikinjisini berjaý edenim üçin suwuň ýüzünde ýöreýärin. Eger üçünjini-de başarsadym, asmanda guşlar bilen uçardym.


26

3

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Häzir bolmasa, hacan?( 2nji bolum)


Govken...dowamy...

Häzir bolmasa, hacan?( 2nji bolum)


Dowam.......dowamy...

Gysgajyk goşgyjyk


Sozden smailik kanmi ya gownumemi! (shutka) gowy!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gysgajyk goşgyjyk
Мерет (Şugün, 07:39)

Yuregimdesen 2 (soygi kyssasy)


Ммм бах Бир гыза багышлап яздын сонам оны олдирянмай.. Багышла велин агзаларын биринин адына хекая язян онам йигдинин бардыгны билибем озинче би...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yuregimdesen 2 (soygi kyssasy)
Мерет (Şugün, 06:08)

Yalnyzlyk


Sen aglayan wagtyn toweregindakiler shatlansa.. Senem syr berman has beter shatlansan..Sebab Sen ajyny paylashmaga ynsan yetmezcilik etse..bu yal...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yalnyzlyk
Мерет (Şugün, 05:47)

Bar sende


Galamyň ujy ýiti bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bar sende
10asevdali (Şugün, 00:42)

Bar sende


Gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bar sende
10asevdali (Şugün, 00:42)

Gara dasdan ayrylsa


Gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gara dasdan ayrylsa
10asevdali (Şugün, 00:42)

gelmersin


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | gelmersin
10asevdali (Şugün, 00:41)

BÜRGÜT WE TOWŞAN


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | BÜRGÜT WE TOWŞAN
10asevdali (Şugün, 00:41)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика