“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Yatlamalar yakymly bolanda gecmishi yatlamak ajayyp!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Abu Aly Ibn Sina
 Betinden
 xuliganka [off]
 07.02.2024 / 04:57
 la principessa di papà💚🌸

Al-Hüseýin ibn Abdallah ibn Al-Hasan ibn Aly ibn Sina 980-1037-nji ýyllarda ýaşap geçen dünýä belli alymdyr. «Sina» sözi «dür deşiji» diýmegi aňladýar. Gündogar ýurtlarynda «Lukman Hekim» ady bilen tanalýar. Günbatarda onuň adynyň ahyrky «ibn Sina» bölegi ýoýlup, «Awensina» — «Awisenna» öwrülipdir.

Buharanyň Afşana obasynda doglan Ibn Sina çagalykdan ýatkeş, düşbi, başarjaň, zehinli bolupdyr. Ibn Sina kakasyna diňe kitap sowgat bermegini haýyş edipdir. Mümkinçiligi boldugyndan şol döwürlerde belli bolan kitaplary satyn alyp, özbaşdak köp okapdyr, lukmançylygy, matematikany, fizikany, hukugy, filosofiýany, astronomiýany, geografiýany we beýleki ylymlary çynlakaý öwrenipdir. Bu bolsa onuň dünýä belli alym bolup ýetişmegine itergi beripdir. Ibn Sina Buharada bilim alyp, şol ýerde hem ilkinji lukmançylyk işine başlapdyr. Ol Buharanyň hökümdary syrkawlanda, köşkdäki tebiplerden hem ökde çykyp, ony birkemsiz bejeripdir. Şonda hökümdar: «Saňa islän zadyňy sowgat berjek» diýipdir. Ýaşajyk Hüseýin hiç bir sowgadyň gerek däldigini, onuň ýerine Buharanyň baý kitaphanasyndaky kitaplary okamaga rugsat bermegini sorapdyr. Şeýdip, ibn Sina özüniň bilim ýüküni has-da baýlaşdyrýar. Ol 22 ýaşynda Buhara göçüp barandan soňra, Gündogaryň belli alymlary, beýik danalary bilen, aýratyn hem, beýik alym Abu Reýhan al Biruny bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ibn Sina Köneürgenç, Paraw, Dehistan, Hemedan, Abiwerd, Tus, Reý, Gorgan, Gazwin, Yspyhan ýaly ýerlerde ýaşap, ylym bilen meşgullanypdyr we dürli halypalardan bilim alyp, özi hem şägirtleri taýýarlapdyr.

«Keseli däl-de, hassany bejermeli», «Tebigat saglyga goldaw berýär, lukman bolsa bejerýär», «Keseli bejerenden onuň öňüni alanyň aňsat», «Şahyr — diliň emiri, lukman — bedeniň hökümdary» ýaly paýhas dürdäneleriniň eýesi, orta asyryň beýik akyldar alymy, filosofy, lukmany ibn Sina Eýranyň Hemedan şäherinde 1037-nji ýylyň 18-nji iýunynda 57 ýaşynda aradan çykypdyr we şol ýerde hem jaýlanypdyr.


48

6

0

4

0

0

2
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ölmän galan oglanjyklar


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
BAYOGUL (Şugün, 09:45)

Häzir bolmasa , hacan? (3nji bolum)


...dowamy...

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


...dowamy...

Ene yuregi


Gowe eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
BAYOGUL (Şugün, 09:43)

ayal dogan


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
BAYOGUL (Şugün, 09:42)

ayal dogan


Mldess...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
Prenses (Şugün, 07:56)

ayal dogan


...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
Kicxikge (Şugün, 05:54)

Ölmän galan oglanjyklar


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
Kicxikge (Şugün, 05:53)

Ölmän galan oglanjyklar


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
BAYOGUL (Şugün, 02:01)

Ene yuregi


Gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
BAYOGUL (Şugün, 01:59)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика