“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde

Forum | SUNGAT ÄLEMI | Umumy bölüm

Ol nämedir?
 Özümiziňki
 King-official [off]
 11.01.2024 / 00:31
 Yamaçlarından sapsarı saçlarından avuçlarından A❤️

Ol nämedir duýgusy bar keşbi ýok
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Ol nämedir şa bolsada köşgi ýok
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr

Ol imandyr duýgusy bar keşbi ýok
Gursagyma ondan uýmak borjumdur
Älem şasy beýik Allañ köşgi ýok
Keşbin görmän söýmek uýmak borjumdyr

Ol nämedir beýik Käbä deñelýär
Ol nämedir artdygyça kemelýär
Ol nämedir ýüregiñde gömülýär
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr

Enelermiz söýüp Käbä deñelýär
Ýaşy artdygyça ömri kemelýär
Gidensoñom ýüreklere gömülýär
Togap edip hormat goýmak borjumdyr

Ol nämedir düýn görersiñ shugün ýok
Ol nämedir iýmeseñde garnyñ dok
Ol nämedir keýpi barda aýby ýok
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr

Adamzatdyr düýn göreniñ şugün ýok
Orazada iýmeseñde garnyñ dok
Ol namazdyr keýpi barda aýby ýok
Mazasyn bäş wagt duýmak borjumdyr

Ol nämedir ýedi yklymy seýil eden
Ol nämedir hiç ýadamaz söýmeden
Ol nämedir gury çöli köl eden
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr

Ol Allamdyr ýedi yklymy seýil eden
Hiç ÿadamaz bendesini söýmeden
Islän ýerin bulutsyzam sil eder
Gazabyndan gaça durmak borjumdyr

Soraglañ jogaby öziñe aýan
Kapýa salypsyñ edipsiñ beýan
Menem bilýanlemden artyk bilmeýän
Düşünşimçe jogap bermek borjumdyr


Awtory: Kerim Hally
Taýarlan: Muhammetgeldi Geldimyradow


66

13

5

9

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Dreamfull [6s]
  Цамие лутшие сказки живут наших сердцах
 11.01.2024 / 06:55

+1

On kkap gormanim suny enayy


Özümiziňki
Crazy-boy  (11.01.2024 / 10:03) 

Dreamfull, spasibo like üçin hormat!

 Premium
 Dreamfull [6s]
  Цамие лутшие сказки живут наших сердцах
 11.01.2024 / 06:56

+0

okap* : D

 Täzeje
 HAKYKAT [off]
  Beygeldim diyip owunme peseldim diyip gynanma...?
 11.01.2024 / 21:05

+0

Mlds gowy+

 Gytyndan
 Aypipijik [29s]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 05.04.2024 / 07:40

+0

 Özümiziňki
 Unknown_ [off]
 09.04.2024 / 05:30

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gabanma!


Gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gabanma!
10asevdali (Şugün, 11:03)

"WAW" diýdirýän sanlar


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | "WAW" diýdirýän sanlar
10asevdali (Şugün, 11:02)

Biläýmeli zatlar (1


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Biläýmeli zatlar (1
10asevdali (Şugün, 11:01)

Ilkinji gijäni aldan ýigit...(bolan waka)


Gowy...dowamy...

PULMY ÝA SÖÝGI?


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | PULMY ÝA SÖÝGI?
10asevdali (Şugün, 10:58)

Bolan waka esasynda ýazyldy


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bolan waka esasynda ýazyldy
10asevdali (Şugün, 10:57)

Rus dili barada gyzykly maglumatlar


Hmmm...dowamy...

Günleriň birinde...


Dogry...dowamy...
Erkin mowzuklar | Günleriň birinde...
10asevdali (Şugün, 10:02)

Gitdiñ.


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gitdiñ.
10asevdali (Şugün, 10:01)

Saz boldy


Kerim gecip barya ajy hem suyji. Yazmaklyga sebap soyginin guyji. Kerim näme?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Saz boldy
rexha (Şugün, 10:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика