“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
@menin_dunyam : Gőwin çőkende gussany, çilim çekende hem tűssăni gizlăp bolmaÿşy ÿaly, Sen gideñdede gőz ÿaşymy gizlăp bilmedim

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

PULMY ÝA SÖÝGI?
 Täzeje
 ainurka_mmm [off]
 08.01.2024 / 16:21

Hemmämiziň bilşimiz ýaly şu soragalar adamlaryň jedelleşmegine sebäp bolýar.Puly saýlaýan gyzlaryň köpsünde şular ýaly düşünje bolýar "Oglanyň söýgisi bilen zat satyn alyp bolanok. Kim eklemeli bizi,kim iýdirip-geýdirmeli bizi" diýen düşünjeler döreýär.Şo dörän düşünjelerinem owadan edip aýdyp gyzlaryň köpüsinde ters düşünje döretýär.Bu owadan sözlerem öz pikirine görä hereket edip bilmeýän gyzlaň 80% ni özüne çekýär.Netijede "pul" söýgiden üstün çykýar.Köp oglanlar söýgilisi tarapyndan özini pul üçin taşlap gidenligi sebäpli söýgä bolan ynançlary gaçyp başlaýar.Ýalandan söýmek bilen meşgullanyp başlaýaralar.Geliň indi bolsa söýigini we puly saýlan gyzlaryň durmuşynda bolup biläýjek wakalary mysal getirip göreliň.


PULY saýlan gyzlar.Ýokardaky aýdyp geçen düşünjäni eýerýän gyzlar size degişli.Puly saýlanyň bilen sen baý bolaňok, baý maşgalaň ýaşaýjysy bolýaň.Oglanyň, pulynyň bolany saňa peýdasy bolmaýar seni söýmese, saňa üns bermese.Dogry, gowja geýdirerim-iýdirerem ýöne olam çäkli bolar.Pula guluply bolup ýaşarsyň.Seni söýmeýän ýoldaşyň iň köp puluny we wagtyny saňa dälde keýip üçin sarp eder.Seni olardan pes görer.Sen näçe geýinseňem adamyň mähriniň ýyladyşy ýaly hiç zadam ýylatmaýar.Mähirede, söýgäde mätäç bolup ýaşarsyň.Eger seni söýýän oglan baý bolsa ol başga gürrüň.Bu diňe baý maşgala gelin bolup baranyňdan soň getirlen mysal.Gyz wagtyň oglanyň puluna gyzyp söýüşäýseň garantia ýokdyr.Käbir baý oglanlar oýunjak edip ulanýanlaram bar.Diňe baýyň adyny agzap geçmäýin umumy seni söýmeýän oglanlar etýär.




SÖÝGINI saýlan gyzlar size degişli.Seni çyn ýüregi bilen söýýän oglana barsaň seni baýlaryňky ýaly geýdirmeýärem-iýdirmeýärem.Ýöne seni çyny bilen soýýän oglan seni aç ýa eşiksizem goýmaýar.Elinden gelenini eder seň üçin.Özüňizden mysal alyp görüň siz söýgüliňiz üçin nämelerden geçip biljekdigiňizi.Çyny bilen söýýän oglanlaram şolar ýaly.Seň üçin hiç zadyny gaýgyrmaýar, gysganmaýar.Ol oglan saňa baý durmuşy görkezmesede baý mähir görkezýär, baý söýgi görkezýär.Ruhy taýdan güýç berip bilýär, seň çeken derdiňi deň çekişip bilýär.Siz biri-biriňize söýip, kömek edip dursaňyz pul gazanyp bilersiňiz.Ýöne pully bolup söýgi gazanyp bilmersiňiz.

Ine gyzlar menä size durmuşda bolaýjak zatlardan mysal getirip berdim.Galanam özüňize bagly, durmuş siziňki, isleg siziňki!
Wagt aýyryp okanyňyz üçin sag boluň!


180

19

3

5

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 halmyradov [off]
  Durmush doly yenil kelleden#
 08.01.2024 / 16:26

+0

Gyzlara degisli ekena by:sweat_smile:

 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 08.01.2024 / 18:19

+1

Ikisem gerekmika diyyan gyza
1)Bir oglan bn soyushsen ol oglan sana soz berende bagtly ederin dia dogry dalmi eyse?Finanys yagdayy gaty beyiik bolmosada norm gatlakdan biri bolsa gowumuks diyyan.Sol sanda soyen yigdin bay bolubam garyp bolubam bilysr ikisinde saylaw yok barde!
Logika dogry gelmeya.Pulla barsan olam seni soyubem bilia sol sanda garyp bolup cokivem bilia.Men pikirim boyunca esasy bagt(Birek birege dushinmekde)mika dian galanam Allañ manlaymyza yazsn yazgydyna bagly!


Täzeje
HAKYKAT  (08.01.2024 / 21:04) 

Dreamfull, ana urdun sen


Gerekli
Dreamfull  (08.01.2024 / 22:05) 

HAKYKAT, Anykmy)

 Özümiziňki
 yurekdes [off]
  Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
 08.01.2024 / 21:10

+2

Menem oz pikirimi aydyp galayyn soyyan adam goni billirya ol soyyan koyyan olyan sozleri dalde sylasygy bilen sen hakdaky aladasy bilen sana beryan unsi bilen adam oz soygisini billirya ol diyen zadyny alyp bermek soygi dal soyyan adam sen name isleyanini ozi bilya bu yagday bay oglanlarada garyp oglanlarada degisli garyp oglan oz soygisini mahri bilen sylasygy bilen goragy bilen subut edip biler. Diyjek bolyanym soygi diymek weşeň weşeň pul sowmagam dal garyp bolup pahyrsyramagam dal soygi sylag , soygi mahir, soygi hormat... Aytmaga zat kan kop gurlap durjak dal buda men oz pikirim


Gerekli
Dreamfull  (08.01.2024 / 22:41) 

yurekdes, Yaltanman yazanyn un like ekizim sanalai dosssogry


Özümiziňki
yurekdes  (08.01.2024 / 22:53) 

Dreamfull, :sweat_smile: issizrakdim dogrysy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->