“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Söýseñ işiñ ýaryny bitirdigiñ...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Märeke
 Özümiziňki
 halmyradov [off]
 02.04.2024 / 05:02
 #Singer

Öz işine gümra gadym giň jahan
Käte gam getirer, käte hemaýat.
Çirkin-çirkin aglanynda gyzjagaz,
«Öýkeni giňär!» diýp, güldi jemagat.

Ýigrimi gyş geçdi, ýigrimi bahar.
Şo gyz kämil çykyp, toýa şaýlandy.
Şonda ol gözeliň ikinji sapar
Owadan gözlerne duman aýlandy.

«Aýu, tula, begenjiňe aglaýaň?»
Diýip, ýomak atyşdylar gelinler.
Entek nämäň-nämedigini aňmaýan
Gyzlaň ýylgyrşyny gizledi ýeňler.

Soň ýene aý ötdi. Ötdi köp bahar.
Kim gam çekdi, kim keýpini çaglady.
Şonda şol gözelmiz üçünji sapar,
Soňky sapar için tutup aglady.

Indi ahmyr ýokdy, gözýaşam ýokdy
Söýgi, umyt ýer tapmadyk synada.
Diýdi il ýene-de juda sogduryp:
«Maşgalada öýke-de bor, kine-de!»

Paşmadyk umytlaň gizläp ahyny,
Şatlykdan üç gezek aglaýan barmy?
Sen aýt, märeke, aýt, ahyry,
Saňa biperwaýlyk, endikmi, kärmi?

Neçün ýagşylyga ýorýaň agyny?
Seniň üçin hemmeje zat gül ýaly.
Gözýaş bilen egsip ýürek dagyny
Aglanlaryň oňatmyka ykbaly?

Hemme kişi bagtly güni aglanok,
Adam diýen gülenogam hesretden.
Eý, märeke, hiç düşünip bilemok.
Mähirlimiň?
Gaharlymyň?
Näme sen?


Gurbannazar Ezizow


35

7

1

3

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 02.04.2024 / 05:03

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

OÝUN


Gowy...dowamy...
Tanyşlyklar | OÝUN
BAYOGUL (Şugün, 18:17)

Ýőnekeýje


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýőnekeýje
BAYOGUL (Şugün, 18:13)

Oglanlar !


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oglanlar !
BAYOGUL (Şugün, 18:13)

Sayytyn admine


Dogry...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sayytyn admine
BAYOGUL (Şugün, 18:13)

Ýüregiñi bermek...


Betje...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregiñi bermek...
BAYOGUL (Şugün, 18:12)

Gabanmaň🍃


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gabanmaň🍃
BAYOGUL (Şugün, 18:12)

#Gyzyklyja


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | #Gyzyklyja
BAYOGUL (Şugün, 18:12)

Toý güni ýogalan gyza düzülen aýdym😭


Bah tasirli...dowamy...

Aram-aram ýalňyzlyk geçirýän...


Mlds...dowamy...

,,Ýazgytmy bu" (bolan waka)


Mlds...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика