“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
paradox : Erkinligi elinden alynan çaga uly adam diýerler...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gabanmaň🍃
 Öwreniji
 EjegyzS [off]
 18.01.2024 / 20:40

Bir gelin adamsyn söýýán ekeni,
Örtenip,gabanyp, köýýän ekeni.
Adamsy bir gelne seredäýsede,
Zat ýok ýerden gaty görýän ekeni.

Ýogsa ýigit öz gelninden özgäni,
Söýmändirem,ýa söýjegem bolmandyr.
Maşgala adatyn,mukaddes däbin,
Ýeke gezek oýun edibem bozmandyr.

Gelin bolsa şol gabanyp ýörenmiş,
Ýaňky ýigit ahyr bir gün ölenmiş.
Ajaldan öldümi ýa-da hezretden,
Ýa ýersiz igençden,ýa ýalan gepden.

Belli däl ol bize,bize mälimi,
Ýaňky gelin ýitiripdir ärini.
Hasratdan saralyp-solupdyr gelin,
Aglap saçlaryny ýolupdyr gelin.

Kyrk gün soň,ärini o dünýä ýollan,
Şol gelin barypdyr ýanyna mollaň.
Diýipdir:"Mollam,ötgün günämi,
Siz görüp bilýäňiz iki dünýäni.
O dünýäde ärim neneňdir?
Halyn aýdyp meni begendir."

Molla kitap açyp atypdyr palyn,
Ýeňletmäne gelniň ejiz ahwalyn.
Diýipdir:"Bir zady bilýäs elbetde,
Seň eziz adamyň jaýy jennetde.

Uçmakda hüýr gyzlar alypdyr daşyn,
Arkaýyn bol,gyzym,seniň ýoldaşyň.
Hezil edip,keýp çekip gezip ýör onda,
Arman bormy hüýr gyz söýen oglanda?

Gelin tutaşypdyr mollaň öňünde,
Göz ýaş däl-de,ot çykypdyr gözünden.
Diýipdir:"Munda hesret çekip ýörkä aýaly,
Kimmişin ol jennetde keýp çeker ýaly?!

Hüýr gyzlaň elinden alaryn ony,
Baryp men dowzaha salaryn ony."
Diýip gelin,gazap bilen turanmyş,
Molla bolsa şol aňňalyp duranmyş.

Ol gabanyp ýigdi,behişt gyzyndan,
Gidenmişin öz äriniň yzyndan.


*Awtoryny bilemok. Bilýän bolsaňyz aýdyň.


164

12

4

4

0

0

0
Teswirler:
 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 18.01.2024 / 21:27

+0

:joy:Hüýr gyzlaň elinden alaryn ony,
Baryp men dowzaha salaryn ony.":joy:


Öwreniji
EjegyzS  (18.01.2024 / 21:40) 

Dreamfull, Kelläň işleýşine seredä))

 Özümiziňki
 yurekdes [off]
  Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
 18.01.2024 / 21:29

+0

Gidenmişin öz arinin yzyndan

Iş bitirayipdir :joy:


Öwreniji
EjegyzS  (18.01.2024 / 21:41) 

yurekdes, hakyky))

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 18.01.2024 / 21:31

+0

menem şo derejede gabanjaňda :sweat_smile:


Öwreniji
EjegyzS  (18.01.2024 / 21:41) 

Arzuw, Sizem hüýr gyzlardan gabanyp gidäýmäň ýöne)))


Özümiziňki
Arzuw  (18.01.2024 / 21:42) 

EjegyzS, gitsem geň görmäň :smile:


Öwreniji
EjegyzS  (18.01.2024 / 23:00) 

Arzuw, :sweat_smile::sweat_smile:

 Täzeje
 BAY-HAN [off]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 19.01.2024 / 14:16

+0

Şoñ yaly gelniñ bolaysa


Öwreniji
EjegyzS  (19.01.2024 / 16:27) 

BAY-HAN, onsaň 😁


Täzeje
BAY-HAN  (19.01.2024 / 19:38) 

EjegyzS, dowamy bar...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Soltan Jelaleddin. Ikinji garpyşyk


Awtory kim? Muhammet şa Heywere kesele üçrap aşyr adasynda yogalmayarmy?...dowamy...

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Borrr gelleje...dowamy...

"Durmuşyň Özi Gutarylmadyk bir Goşgudyr"


Wot👍👍...dowamy...

Bagana telpekli adam


😁 bir ermeni işdeş 50 ýaşdan soň kesdiripdir....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
Didar (18.06.2026 / 20:37)

Bagana telpekli adam


Bäh, ýatlatdyňaý......dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
MaD_B (18.06.2026 / 19:46)

Ykbal Sazagy


Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ykbal Sazagy
Belki (18.06.2026 / 17:48)

Hudaýsyzlar (bolan waka ) 1- nji bölumi


Dowamyny okajak...dowamy...

Goşgy_1


Jana❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Zinnush (18.06.2026 / 05:28)

Dünye


Gowy goşgy eken welin.. " pişini" diýeni nämekä?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünye
Orazjan (17.06.2026 / 19:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->