“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Söýýäñmi ❤️ Elbetde söýýän ? kimi ? Ak süýt beren Ejemi ?? Xiçkimden kem etmedik Kakamy ?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ýüregiñi bermek...
 Täzeje
 Nown [off]
 18.01.2024 / 17:37

Eflatuna:

— Sen hiç haçan gamgyn görneňok. Muny nädip başarýaň? – diýýärler. Ol:

— Men elimden giden wagty halym harap boljak zatlara ýüregimi beremok – diýip jogap berýär. Adamlar oňa:

— Bu sözüňi bize düşündir – diýenlerinde, akyldar olara şu wakany gürrüň berýär:

— Bir gün Rim hökümdaryna ýakutdan edilen jam getirdiler. Onuň bahasy tas bir hazyna barabardy. Hökümdar ýanyndaky akyldarlara ýüzlenip: «Siz, heý, şular ýaly zady görüpmidiňiz?» diýdi. Olar: «Bular ýaly jam hiç bir patyşada ýokdur. Emma şu jam zerarly patyşamyza ýa garyplyk ýa-da erbet ýürek agyry ýeter» diýdiler. Patyşa: «O nähili?» diýdi. Olar: «Eger bu jam seniň eliňden gidäýse, seniň ummasyz baýlykdan mahrum bolarsyň, ony ýitireniň sebäpli-de ýüregiň agyrar» diýdiler.

Bir gün patyşa ýurdunyň adalarynyň birinde uly meýlis guramak isleýär we şol meýlise ýaňky jamyň hem getirilmegini buýurýar. Emeldarlar ýaňky gymmatbaha jamy we meýlis üçin gerek-ýarak esbaplary gämä ýükläp, ada tarap ýüzüp gelýärkäler, birden güýçli tolkun turup, gämini agdarýar. Ne mejlis galýar, ne çörek, ne-de şerap. Bu habar patyşa gelip ýetende ol gaty gynanýar. Şol jamy hernäçe gözletse-de tapyp bilmeýär. Şol wagt pelsepeçi akyldar oňa: «Gördüňmi, sen eliňden giden ýagdaýyňda garyp goýjak, ýüregiňi agyrtjak zada ýüregiňi berdiň. Her kim köňlüne gaýgy-gam aralaşmaz ýaly, elinden giderende gamlanjak, alada goýjak zadyna höwes etmeli däldir» diýýär.


120

9

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 EjegyzS [off]
 18.01.2024 / 18:08

+1

"Her kim köňlüne gaýgy-gam aralaşmaz ýaly, elinden giderende gamlanjak, alada goýjak zadyna höwes etmeli däldir»

Dogry:thumbsup:

 Täzeje
 Firuza [off]
 18.01.2024 / 20:58

+0

:thumbsup:

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 18.01.2024 / 21:02

+0

gymmatbahaly zat dälde özüne ýakyn duýýan adamsy gidende nm etmeli ynsanda ol nm etjegini bilip bilmeýäň

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 18.01.2024 / 21:03

+0

iň gorkunç iň howply jandar ynsandyr

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Soltan Jelaleddin. Ikinji garpyşyk


Awtory kim? Muhammet şa Heywere kesele üçrap aşyr adasynda yogalmayarmy?...dowamy...

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Borrr gelleje...dowamy...

"Durmuşyň Özi Gutarylmadyk bir Goşgudyr"


Wot👍👍...dowamy...

Bagana telpekli adam


😁 bir ermeni işdeş 50 ýaşdan soň kesdiripdir....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
Didar (18.06.2026 / 20:37)

Bagana telpekli adam


Bäh, ýatlatdyňaý......dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
MaD_B (18.06.2026 / 19:46)

Ykbal Sazagy


Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ykbal Sazagy
Belki (18.06.2026 / 17:48)

Hudaýsyzlar (bolan waka ) 1- nji bölumi


Dowamyny okajak...dowamy...

Goşgy_1


Jana❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Zinnush (18.06.2026 / 05:28)

Dünye


Gowy goşgy eken welin.. " pişini" diýeni nämekä?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünye
Orazjan (17.06.2026 / 19:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->