Ýürekdeş sözler!
Şugün doglanlar
Soňky paýlaşylan suratlar
Mowzuklar
Jigime hat
+1Gözleriñ gussaly görinýä jigim
Dök ýüregñi, göwnüñ biraz ýeñlesin
Ýetik ahyr munda meñ dertlidigim
Hasrat seni asyl-asyl yeñmesin.
Aýtmasañam egniñ gysyk çalaja,
Bilýän, durmuş has çökderdir çakyñdan
Ykbal asla boýun bolmaz alaja
Taýyñdan tazygyp bitaý çatylsañ.
Ýylgyrýañ, armana gaçan dideleñ
Ýüregiñ yzasyn mugtyna satýar
Saglyk bolsyn galan zady ideme
Indi señ kän zada akylyñ çatýa.
Sen hamala bu barlykdan iripsiñ
Gü... dowamy »
yurekdes (13.01.2024 / 11:14) Okaldy: 85 | Teswir:
Mejnun
+4Bir gün Mejnun Leýlini gözläp ýören wagty, bir topar namaz okap otyran adamlaryñ öñinden geçip gidipdir. Şol wagt biri namazyny okap bolup, Mejnundan nirä barýanyny sorapdyr.
Mejnun: Leýlini gözleýän - diýipdir.
Şonda namaz okanlaryň biri: Leýli sen däli etdi, şol sebäpli sen akyldan azdyñ, sen hatda bizem göreňok- diýipdir
Mejnun bolsa: Eger sizem Hudaýy meniň Leýlini söýşüm ýaly söýýän bolsadynyz, onna sizem meni görm... dowamy »
yurekdes (12.01.2024 / 11:11) Okaldy: 100 | Teswir:
Nähili kitap gerek?!
+1
Hormatly agzalar! Size nähili kitap gerek bolsa teswirlerde ýazyñ. Men baryndan size ýetirjek bolaýyn. Tölegli kitaplar hem bardyr.... dowamy »
GuGaPRO (12.01.2024 / 22:31) Okaldy: 109 | Teswir:
Men uçmak isledim...
+3
Men uçmak isledim,
Onda-da neneň?!
Arkamda asmany göterip mäkäm.
Bolmady...
(Bagyşlaň, hormatly mollum,
Ikilikçiligme guşlar günäkär).
Onsoň, ýerden ýyldyz çöpledim ýördüm,
Oýlamadym - gereksizmi, gerekli?
Kör teňňä geçmedi köne arzuwlar,
Soñ, özüme täze asman döretdim.
Emma jinnek ýalam peýda görmedim,
Uzak gije entäp, ýaşlygym yrýa.
(Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar
Serhoş bolup, özün asfalta urýar).
Besdir indi,... dowamy »
Yashyl (11.01.2024 / 22:00) Okaldy: 80 | Teswir:
Teselli
+4Göwnüñ agyrýarmy?,
Umytlañ kesellimi?
Sözlerim ajymy?,
Ýa saña tesellimi?
Peseldimi ynamyñ,
Edil häzir agramyñdan,
Agyr duýulýarmy beýniñ?,
Menem şeýle!.
Hanha iller elin çarpyp,
Tans oýnaýar bagt bilen,
A sen bolsa syr bildirmän,
Darkaş gurýañ wagt bilen,
Içiñ gussa, ýüzüñ bolsa,
Ýitirenok ýylgyryşy,
Ähli derdiñ gözýaş bilen,
Akar öýdüp aglaýañmy?,
Menem şeýle!.
Suwda ot ýakany gördüm,
Otda suw ýakany gördüm,
Asmany bu... dowamy »
King-official (12.01.2024 / 15:45) Okaldy: 84 | Teswir:
Umydym baý
+4Ak bagtymyñ güneş bolup,
Dogarna garaşýan agam!,
Sabrymdan bir ülüş alyp,
Oñarma garaşýan agam!.
Ykbal gamly saz çalanda,
Azaşdym urpak, alañda¹,
Gara gözleñ ak ýalandan,
Doýarna garaşýan agam!.
Utulyp ýalñyş göçümden,
Ýadadym, ýalñyş biçimden,
Gelip, salgymyñ içinden,
Kowarna garaşýan agam!.
Sabrymyñ şowly çözümi,
Haçan görkezer özüni?,
Ýalançyñ dogry ýüzüni,
Görerme garaşýan agam...
Awtory: Baýram Bejidow
Taýarlan:... dowamy »
King-official (12.01.2024 / 15:33) Okaldy: 93 | Teswir:
Durmuş öwrümlerinden.
+3
Siz garañkylykdan gorkañyzok- siz garañkyñ içindäkisinden gorkýañyz
Siz beýiklikden gorkañyzok-siz ýykylmakdan gorkýañyz
Siz töwerekdaki adamlardan gorkañyzok- siz ol adamlaryñ siz barada ýalñyş pikir etmeginden gorkýañyz.
Siz söýgüden gorkañyzok- siz söýülman galmakdan gorkýañyz
Siz yenede gaýtalamakdan gorkañyzok-siz ýalnyşmakdan gorkýañyz.... dowamy »
Unknown_ (12.01.2024 / 09:10) Okaldy: 106 | Teswir:
♥Shu gün ýüregimiñ bagyn çözlejek
+4♥Shu gün ýüregimiñ bagyn çözlejek,
Baraýyn-da, ähli zady aýdaýyn.
Güýçli gazabyna dushsamam eger,
Ähli azabyny çekmäge taýyn.
Mundan artyk karary ýok jigermiñ,
Lowlap-lowlap, güwläp ot alýan her dem.
Teklibmi ret etse ýanaryn ýene,
A kabul edäýse... Sheýdäýse birden...
Mundan añry ejiz gelýä pikirlem,
Getiribem bilemok göz öñüme.
Diñe shuny bilýän: bagtly bolaryn,
Hiñlenerin bagtlylaryñ heñine.
Meger, bütin ömrüm nura... dowamy »
Dreamfull (12.01.2024 / 13:58) Okaldy: 89 | Teswir:
Gaty owadan gosgy
+6Baglamaly boldum özgä durmuşym,
Meň başyma ertir atarlar kürte.
Hemme begense-de bu boljak hala,
Aslynda söýgimiň ýasydyr erte...
Awtor: G. Batyrowa... dowamy »
yurekdes (11.01.2024 / 22:20) Okaldy: 97 | Teswir:
Içki dünyäm
+4IÇKI DÜNÝÄM.
Öz içki dünýämi synladym,
görsem,
Paşmadyk arzuwlañ eli hasaly,
Pikirlem gyrlyşýar bir-biri bilen,
Köñülim tapman ýör gözlän wysalyn.
Gursagymda dag bar eken ullakan,
Bag bar eken şahalary döwülen,
Daş görnüşi göýä ýürege meñzeş,
Et bar eken içi oýuk, köwülen.
Hyýallarym kelep eken durşuna,
Akmaklygam, gödekligem kän eken,
Umytlarmy howry bilen ýyladyp,
Şem ýanyp dur, çogly güneş däl eken.
Sussypeslik, he... dowamy »
yurekdes (11.01.2024 / 22:10) Okaldy: 81 | Teswir:
Sen gideňsoň...
+3
Sen gideñsoň, şu şäherde
galasym gelmedi
meňem.
Galmady öňküligim –
Üsti-başym eleşan,
Başdan aşak goşgy,
Saçlarym dagynyk,
ýüzümde gamgyn nyşan.
Ellerim jübimde,
Ýeke özüm ygyp ýörün
köçede.
Ýolda duşsaň tanamarsyň.
Gyş sowulmady…
Köçeler dym-dyrs,
Guşlar entek dolanmady.
Adamlary howlukmaç bu şäheriň.
Teatrlar boş,
Köpçülik duralgalar…
Gün-güzeran gaýgysy.
Bir men işsiz entäp ýören,
Gören zadym ýazyp ýörün.
…Bilseň,... dowamy »
Yashyl (11.01.2024 / 22:19) Okaldy: 88 | Teswir:
soyyguli yaryma
+2Nameden baslajagym bilemok yene,
Taryp etjek bolyan bolonok yene,
Elime gelem dal alyan rucgany,
Sana yazjak bolup jana soygulim.
Soyan seni soyjek ozga seretman,
Adyn yazdym yuregime nur edip,
Indi basgan adyn yazyp bilmerin
Cunki sen menkisin jana soygulim.... dowamy »
Akademik2 (11.01.2024 / 21:09) Okaldy: 79 | Teswir:
Iň uzyn rus sözüni bilýäňizmi?
+3Islendik dilde bolşy ýaly, rus diliniň hem özüniň rekordlary bar. Mysal üçin, rus dilindäki iň uzyn sözi alyp göreliň Ol şeýle okalýar:
«превысокомногорассмотрительствующий».
Söz 35 harpdan durýar we Ginnesiň Rekordlar Kitabyna girizilen. Onuň näme aňladýandygy bilmek üçin birnäçe gezek okamak gerek.
Bu ýerde gürrüň jemgyýetde ýokary derejeli, akylly, parasatly we seresap adam barada gidýän bolmaly. Bu sözüň okalyşy... dowamy »
Admin (11.01.2024 / 22:18) Okaldy: 79 | Teswir:
Gyzyklyja matematiki soraglar?!
+53 belgili san bar shol 3 belgili sandan 7 ni ayyrsan 7 a bolinyar, 8 i ayyrsan 8 e bolinyar 9 y ayyrsan 9 a bolinyar ? Bu 3 belgili sany tapmaly... dowamy »
King-official (11.01.2024 / 21:20) Okaldy: 103 | Teswir:
Garaz...
+3Sensizlikde her sekundym asyrka
Neneň dözýäñ aýralyga, asyl-ha?
Her bir söziň ýüregimden asylsa
Belki-de bilýänsiň belki bileňok
Gowy däl ýagdaýym ,
Aldap bilemok
Kalpdan çyksa duýgularyñ tebigy
Wagt bolmaz ähli ýarañ tebibi
Sensiz bolsam "şowsuzlygyñ garyby"
Belki-de bilýänsiň belki bileňok
Gowy däl ýagdaýym
Aldap bilemok.
Ýasamadan has ýasama gülkileñ
eýesikäm,
şolam ýarar, gör, kime
Öwrülmeseň şor maňlaýmyň görküne
B... dowamy »
yurekdes (11.01.2024 / 20:58) Okaldy: 95 | Teswir:
Şahyra
+4ŞAHYRA.
Kakamyrat Rejebowa bagyşlanýar.
Şahyr ýigit!
Bir pursat ýazmañy goýup,
Daşlaşyp ýöntemje pyşyrdylardan,
Ýene-de birini okap beräý-dä
Şol çuññur manyly şygyrlaryñdan.
Galamyña buýsanyp, joşgunly oka!
Sesiñ bilen däl-de, ýüregiñ bilen.
Magtymguly Meñlisini ýatlasyn,
Kerim aga gelsin Geregi bilen.
Sesiñden güýç alyp, owsunsyn şemal,
Ygşyldasyn başy gök derekleriñ.
Tutuş ýer ýüzüne ýañlanyp owaz,
Pyşyrdysy bolsun p... dowamy »
Belki (11.01.2024 / 17:58) Okaldy: 88 | Teswir:
Oýandym. Gije...
+3
OÝANDYM. GIJE...
Ýüregim tisgindi,
Oýandym. Gije.
Sen düýşüme girdiň diliň aýnadyp.
Daýanyp kän ýyl öň kemsinen güýje
Dikelýän, oturýan kofe gaýnadyp.
...Nokat goýup gitdiň eşret-aýşyma,
Aglamjyrap diýip “Boldy, bes indi!”.
Göýä, toý lybasyň şyňňyrdaýşy bar
Nikel çemçäň jäje degýän sesinde.
Men özüme nesip etmedik gijäň
Haky üçin köp gijeler ýatamok.
Ah, ýöne meň üçin, bilmedim, niçün
Şol günden soň göýä g... dowamy »
Lirika (11.01.2024 / 17:48) Okaldy: 75 | Teswir:
Baha
+1
Baha ...Bir gün mekdebime öý işim etmän, Mugallymdan pes bahalar alypdym. Şonda kitaplaryň gatyna çümüp, Depderime berlen ýumşy ýazypdym. «Bäşlik» goýdy gündeligme gol çekip, Bu bahany öpüp, papkama dykdym. «Men ökde okuwçy bolmaly» diýip, Şeýdip selkiligiň gapysyn ýapdym. Bu gün... Durmuş doglan günme tankydyn aýtdy, Jan etsem-de, biraz sulbum büküdip. Goýdy, mollumd... dowamy »
Lirika (11.01.2024 / 17:43) Okaldy: 70 | Teswir:
Käbäm ejem ýene geldim gaşyňa...
+5Käbäm ejem ýene geldim gaşyňa
Mähribanym "Inni näme" diyme sen
Ýüregim azajyk ejizlik basýa
Ýyly söziñ bilen göwnüm güýme sen
Şu gün maňa yrsaraýa ýüregim
Aldanan duýgulam zaryn aglaýa
Wah sadalygym hem gurasyn eje
Aldansamam ýene umyt baglaýan
Maňa diñe sen düşünýäň Mähriban
Senden görýän garşylyksyz söýgini
Wah eje jan "Inni näme* diýme sen
Ýetik ýyly söziñ bilen güýmeseň!
Avtor: Amangeldiyewa Ayna... dowamy »
yurekdes (11.01.2024 / 14:54) Okaldy: 83 | Teswir:
Ynsan dälmidir?
+5Nirden dünýä geldi adam kemsitmek. Eýse olam Allaň guly dälmidir? Özünede ýakmaz şeyle edilse. Olam seniň ýaly ynsan dälmidir? Baýlygyna buýsandyňmy eý adam? O dünýäde bar baylygyň bir köpük. Kemsiden adamyña sen ýalbararsyn, O dünya baraňda dyzyna çöküp.... dowamy »
King-official (11.01.2024 / 10:07) Okaldy: 101 | Teswir:
Jemi mowzuk: 1612
Ýürekdeş sözler
Kimler saýtda?!
Agzalar
Pikirler
Saýt dükany
Suratlar
Dolandyryjylar
Forum
Meşhurlar
Düzgünnama
Derejeler
Media Lenta





