Ýürekdeş sözler!
Aýdymlar seni ýatlatmasyn!
Belki [off]15.01.2024 / 13:11
"Bilirim ki... Bilirim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
"Göwnüm gitdi saña,göwnüñ beräý maña..."
Birnäçe gün mundan öñ "Şu ýöntemje aýdymy haýsydyr bir oýlanmaña epigraf edip alarsyñ" diýseler gülerdim. Geñ göreniñ alnyna.
Öñler ruhumda täsir döretmeýän bu aýdym häzir ýüregimde dutaryñ kirişleri kimin inçejik yza döredýär.
...Aýdymy ugradanyñy görenimde awtomenzildäki oturgyçda münjek awtobusymyñ ugramagyna garaşyp oturdym. Senden gelen ses ýazgysyny görüp, bilesigelijiligime bäs gelebilmän, töweregimdäki oturan ýolagçylara biperwaý garap, howlukmaç açypdym. Aýdymyñ sözlerini eşdibem myssa ýylgyrypdym. Göreniñem hemişeki gönümel Mahym: "O diýen halamaýan aýdymymy ugradypsyñ" diýip, ýazypdym.Yzyna-da degişenimi bildirýän alamaty goýmagy ünsden düşürmändim...
...Täsirleriñ başdan geçirmeler netijesinde üýtgäberşini diýsene.Şol wagt tolgundyryjy ahwala salan bu aýdymyñ häzir yza berişi ýaman."Heniz başlamadyk söýgini gutardan-a özüñ. Indem çek jerimesini!" diýýäñmi?! Aý, ýok, beý diýmersiñ. Meniñ tersime duýgularyñy söze salmakda ejizdiñ-ä. Hut şo sebäpdenem aýdymlar ýetişipdi dadyña. Diñlän wagtymda aýdabilmedik sözleriñi beýan edýändigini bilenligim üçin ezizdi ol aýdymlar.
...Seniñ öz aýdan aýdymlaryñy diñlemek welin miýesser etmedi.Hiç bolmanda, elimde ýekeje ses ýazgyñ bolsady ahyry.
Ýa-da bolmany gowumyka? Her diñlänimde "Näme üçin beýtdimkäm?" diýip, özümi otdan alyp, suwa salyp ýörenimden diñlemänim oñatdyr belki.
Saña aýdasym gelýän sözlerim şeýle bir kän.Iñ esasam, söýmekden gorkanymy aýdasym gelýär.Näme üçindir ähli zadyñ ýaramaz tarapyny oýlamak gylygym bar.
Sen maña günüñ doguşyndan söz açsañ, men saña günüñ batyşyndan söz açaryn.
Sen maña säheriñ mylaýymlygyny ýanjasañ, men saña gijäniñ tümlügini ýanjaryn.
Sen maña söýgiden söz açsañ, men saña söýeniñi ýitirmekden söz açaryn.
Ýitirmekden gorkanym üçin şu wagta çenli söýgini duşumdan geçirenimden söz açaryn. Söz açamda näme? Ýene şo-ol öñki bolşumdyr-da. Gaşymda elli iki özelenselerem, aýak dirär duraryn. Soñ näme bolar diýýäñmi? Görşüñ ýaly. Olaryñ yhlasy hakynda özleriniñ hiç haçan okamajaklaryny bilýän oýlanmalarymy ýazaryn.
Belkem, meni bireýýäm ýatdan çykaryp, söýgi ýolunda başga-başga ýürekleriñ kerwensaraýlarynda düşlänsiñ. Aslynda munuñ şeýledigini bilmek göwnümi rahatladar. Ýadyña düşýän bolsa "Senem gowy gyza duşarsyñ, nesip bolsa" saña aýdan soñky sözlerimden biridi.
Wah, onam geçdim welin bu aýdymlar. Bu aýdymlar neçüýn zol-zol añyma seni ýatladýarka?Näme indi, unutmagyñ ýazykly göwnüme agyr düşmegini isleýärmikäler? Yhlasyñ, özelenmeleriñ mukamlara aralaşyp, her diñlänimde kalbyma siñýärmikä ýa? Ýa meni seniñ yhlasyñ tutsun diýip gije-gündiz dileg edýärlermikä?
Aýdymlar bilen arañ sazdy, şeýle dälmi?! Olary özüñe dost-ýaran saýýardyñ. Duýgularyñy äşgär etmegi-de olara ynanýardyñ.
Meniñ unutmakdan ejiz gelýän göwnümiñ aýdymlara haýyşy bar. Muny olara ýetirip beräý, kyn görmeseñ. Aýdymlara duşsañ aýt: Goý, olar maña seni ýatlatmasyn!
17.07.2022 ý.
Mahym Nurgeldiýewa.
96 |
11 |
3 |
4 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Maksat [off]
15.01.2024 / 13:29
+0
Oz basyndan gecenmi
Belki (15.01.2024 / 13:33) Maksat, howwa ýöne hemmesi çyn duýgular diýip kabul etmeli däl. Kiçijik duýgy uçgunjygyny ulaldyp oýlanma döredýän. Muña fantaziýa-da goşulýar.
Maksat (15.01.2024 / 13:35)
:thumbsup:Belki, sondada gynandym hic kimin soygusi koymesin
Belki (15.01.2024 / 13:39) Maksat, bulary çyn kabul etme. Kän mende beýle oýlanmalar )
Dreamfull [off]
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
15.01.2024 / 14:19
+0
Bàx...yeri boliada fantazyyana geñ ekenay ejeke.
Belki (15.01.2024 / 15:12) Dreamfull, ýo muñ ýek-tük ýeri fantaziýa. Ýöne duýgular azajyk ulaldylyp beýan edilýär. Ýagny,bolan waka, ýöne beýan edişim ýaly uly söýgi bolmady )
Dreamfull (15.01.2024 / 15:13)
Belki, sen we soygin bile duran yerni bilemokda men)
Dreamfull (15.01.2024 / 15:15)
Belki, sen we soygin bile duran yerni bilemokda men)
Belki (15.01.2024 / 15:19) Dreamfull, çynym bilen düşünmedim
Dreamfull (15.01.2024 / 17:31)
Belki, Boshver
Soňky teswirler
Ogul...
"Uly görün ýaşyňdan, Hormat gazan işiňden, Galman deň-duşundan, Uzak ýaşa ös ogul..."...dowamy...
Gara tam — Birinji bölüm
Edil Rahman Zülfikarowyň stilinde ýazylan žanra gep ýok, dowamyny hem ýazan bolsaňyz goýsaňyz awtor...dowamy...
Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]
Şu ýerde käbir adamlaryň bir häsiýetine haýran galýan.Mysal üçin, bir adam jaý gurluşygy bilmeýän bolsa, ussa ýüz tutýar. Özüniň şu ugurda hiç bi...dowamy...
Oraza baýramy
Metjidimizin ymamy Remezan,hachanda Remezan gutaranson bashlayar,namazda hachan iki egnine salam bereninden son bashlayar diyip wagyz edipdi shu...dowamy...
Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]
Göwnejaý gürrüň. Başarsaň, öwren we öwret. Başarmadyňmy, gep etme, şyltak atma....dowamy...
Halal zähmet (tymsal)
Örän gowy temany saýlap alypsyň. Halal zähmet çekip ýaşamalydygyny aýdypsyň. Emma özüňi mysal getirip aýytmansyň. Özüň halal zähmet çekip nämeler...dowamy...
Heserdeş (oýlanma)
Tuweleme. Ay bul-a Nesilde cap bolandyr...Yaslygymyn baharyna gatnasmansynyz-la, agam. Yeke gitmeli boldum )...dowamy...