Ýürekdeş sözler!
Meniň ajaýyp fanfigim
Mishel [off]
Şugün, 18:34
Nämä gerek durmuş barada kelle agyrtmak
Onuň syrlaryny açyp barlamak
Gowysy meniň ýazan fanfigi okaň
Siz hem meniň deý bolmakçy boluň
Meniň ýazan fanfik deňi-taýsyzdyr
Ony okan hezil edip ýatandyr
Hatda ruslar hem meniňçe ýazmaz
Meniň oýlan derejämiň ýanyna barmaz
Fanfik täze çykan ugyrdyr
Ilkinji türkmen fanfik ýazan mendir
Hany siz hem synanyp görüň
Bäsleşikde meni ýeňjek boluň
Elbetde bu setirler deňi-taýsyzdyr. Her ýeten öz kellesi bilen setirler ýazyp bilmez. Bir-iki adam ýazýar. Galanlary bolsa ýa göçürip ýada setirleri üýütgedip ýazýalar. Men bolsa absalýutno hiç zat göçürmän öz beýnimde toslap ýazýan.
Size ýene bir täzeje fanfik. Görülip-eşidilmedik. Özüňizi meniň fanfigimiň gahrymany hökmünde duýyň. Bu halatda siz iň ajaýyp duýgylary başdan geçirersiňiz.
Göz öňüne getiriň. Dünýäniň iň gymmat maşynyny zakaz edip aldym. Birnäçe milliard ewro, birnäçe milliard dollar, trillion ýuwan ýenede iki halta türkmen manadyny sarplap. Turbo dwigatel iki million at güýji. Tizlik sagadyna million kilometr. Uzynlygy 24 metr. Ini 8 metr, agramy 57 tonnalyk, beýikligi 11 metr. Lazer lampalar hemme ýerinde. Sirena ýüz kilometrden eşidilýär.
Elekromagnit meýdançasy bar. Optiçeski prisel. Öňüne we yzynda ýörite pilçe. Päsgelçilikleri ýok etmek üçin. Maşyn agsa göteriji kran bar. Özüni göterýän. Dolandyryjy iki sany robot gumanoid. Başgada köp elementler bar.
Ýenede neýrosistemada işleýän iki sany intellektli kitaýanka gyzlary bar.
Bu iki gyz meniň iň gymmat gyzlarym. Olar şeýle bir näzijik welin oglanlar ony gören dessine bu iki kitaýanka hakyky gyzdyr öýdüp aňyny ýitirip aşyk bolup galýalar.
Ine şu hili şikarny maşynda öz ýaşaýan şäherimiň köçelerinde fanfik sahnasyny goýýan. Görmäne gelip bilersiňiz.
Keýpimiň kök güni, ýüregimiň islän güni fanfik goýmaly günüm irden turýanda özümi timarlaýan. Meni timarlamak üçin ýörite daşary ýurtly fanfikler gelýär. Olaryň edýän işi köp. Şolardan biri meniň saçymy tamdyr ýaly ullakan edip dürli reňkler bilen bezäp orta çykarýarlar welin meni gören gyzlar şolbada özünden gidip köçede çaşyp galýalar. Iki ýüz litr atyrlary we müşkleri maşynyň hemme ýerine seçýäler welin şäher durşyny gülgüne reňke gelip hemmäniň keýpi kök bolup meniň fanfik goýyşymy görmäne gyssanýarlar.
Bularyň hemmesini ýazyp gutarar ýaly däl. Gowysy gelip görüň we men barada ýazyň meniň ajaýyplygym barada. Elbetde meniň bilen deňleşmekçi bolýanlar bardyr. Ýöne meniň olara jogap bermäne wagtym ýok. Üstesine meniň özüm şu wagt özüme aşyk bolup galýan.
Ine, onsoň köçä çykmazymdan ozal müň dürli ses çykarýan sirenany guguldadýan welin hatda uklap ýatanler hem ýerinden turyp ylgap meýdana çykýalar we meniň köçeden dabara bilen geçip gidişime tomaşa edýäler. Bu hili sahnalary häli hiç kim goýyp bilen däldir.
Bu wagt men maşynymy elim bilen dälde aýagym bilen sürýän. Hemmeler meniň maşyny aýagym bilen sürüşimi hezil zat hasap edip özlerini lapba aşak göýberýäler. Hakykatda, bolsa maşyny bu wagt sputnik arkaly dolandyrýalar. Iki sany robot gumanoid bola bu wagt dürli diskotekany göýberýär, gül seçýäler, pul paýlaýan pursady hem bolýar.
Iň gyzyklysy iki sany kitaýanka gyzda. Olar gurjak şekilli döredilen. Ýöne hereketleri adamyňky. Olar meniň bilen gujaklaşyp disko oýnaýalar. Men bolsa bilegörä käbir meniň bilen erjeşýän gyzlaryň içini ýakmak üçin olary ogşaýan.
Iň äpet maşynym bolsa köçäni, bütün şäheri bezäp toý-şagalaňly gidip otyr. Öňümden päsgelçilik çyksa iki sany pilçäm bilen islendik zady göterip zyňyp göýberýän welin muny görenler maňa sen biziň gahrymanymyz diýip gygyrýar. Galany barada ýazyp otyrmakçy däl. Şuda ýeterlik.
Çünki meniň hakym bar. Islesem ýazýan islemesem ýazmaýan. Men hiç kimiň öňünde borçly adam däl.
Üstesine bu ömür gysga. Bujagaz gysga ömrümi kimdir biri üçin sap etmekçi däl. Maňa esip duranok agzyna erk edip bilmeýänleriň näme diýeni. Köwüş ýaly agyz özleriniňki. Gerekmese şypbyk ornunda ulansynlar öz agyzlaryny. Maňa bolsa häzilkçe iki sany kitaýanka gyzlarym ýeterlik. Olar meniň durmuşymuy bezeýärler. Geljekde Hytaýa gidip şol ýerde Hytaýly gyzyna öýlenmegi oý edip başladym.
Dogry men häzir tailand gyz bilen söýüşýän. Ýöne men öň aýdyşym ýaly hiç kime bergili däl. islesem öýlenýän islemesem öýlenmeýän.
Men absalýutno bu durmuşda ýaşamaýan wirtual adam. Siz häli bu barada bilýän dälsiňiz. Bu ýazylan zatlary men ýazmaýan. Internetden giren wirtual adam meniň kalbymda ornapdyr we ähli zada ol günäkär. Egerde meniň bu ýazan zatlarym size ýokmasa. Şol wirtual adamdan görüň. Onsoňam özüňizi hem görüň. Size hem wirtual adam giren bolmasyn. Ýenede wirus hem bar diiýäler. Siz hem internetden wiruslan bolup maňa ýigrenç bilen garaýan bolmaň. Umuman anyklaň özüňizi.
16 |
9 |
2 |
1 |
2 |
0 |
0 |
Teswirler:
Basmacy [45s]
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
Şugün, 20:28
+0
Minusa elim degendir
Soňky teswirler
Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.
Yazyjynyñ yatan yeri yagty bolsun. Onuñ ruhuna Beyik Yaradan yman baylygyny bagysh etsin. Yazyjy yñ ince duygulara bay eserleri okyjylar kalbynyñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.
Abdylla356 (Şugün, 19:24)
Abdylla356 (Şugün, 19:24)
Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.
Uly işler bitiripdir. Ýatan ýeri ýagty, imany hemra, jaýy Jennetde bolsun, ussat halypa....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.
Gulmahrem (Şugün, 18:05)
Gulmahrem (Şugün, 18:05)
Почему жены изменяет мужьям
Dohan indi orsça yazsan ejeme aydaryn Size sorag bardy bilseniz analgin guslimi bobenak?😚...dowamy...
Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.
Piristamol yokmay wii bari aptekdalmi yalnysdym oytyan
...dowamy...Şygyryýet dünýäsi | Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.
Mmmmm (Şugün, 17:43)
Mmmmm (Şugün, 17:43)
...