Ýürekdeş sözler!
BELKI, SENSIŇ...
Huzur [3m]
21.12.2025 / 02:06
Akylyň öýi)
Başyňa döneýin, aýak çek bir dem,
Belki, bu derdime sen borsuň hemdem.
Belki, sensiň gözbaşy bu ömrümiň,
Hyýallardan gözleýäni köňlümiň.
Belki, sensiň her gün, her dem uýanym,
Ýogam bolsaň käte-käte duýanym.
Belki, sensiň arzuwlarmyň wysaly,
Tebigata berlen bahar mysaly.
Belki, sensiň, seniň özüňsiň diňe,
Geljekde-de daýanç boljak köňlüme.
Belki, sensiň «söýgim» diýip gözlänim
Niçe ýyllap gözlerinden özgäniň...
Başyňa döneýin, aýak çek bir dem,
Belki, bu derdime sen borsuň melhem.
Çary Ataýew
111 |
24 |
5 |
7 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Fantom [off]
Düşünjäň düşünjäm bilen deňleşende düşünersiň... 👋
21.12.2025 / 10:30
+0
Belkiňä sistema habary dolyp gidendiraý :D
Belki (21.12.2025 / 10:57) Fantom, icin yansyn yekeje bildirisem gelmedi )
Daniel [off]
Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
22.12.2025 / 09:45
+0
Bu goşgy @Belki agza un ýazylanmy?😄😄😄😄😄😄😄
Gulmahrem [off]
22.12.2025 / 14:33
+0
Çaltlaşdyryp okasaň, maňzyňa gowy oturýa şygyr. Gowy ýazylypdyr.
Soňky teswirler
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Gyzlar üçin gyzlar owadan, sallah oglanlar üçinem gyzlar owadan...dowamy...
Emeli aň baradaky soraglar.
Bu ýerde ullakan syýasat ýatyr. Emeli aň zyýanly diýip aýydýanlar öz ýurdynda emeli aň ulgamyny ösdürmek üçin millirdlap pullary sarplaýarlar hem...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Siz birhili soraga yalnys dusunipsinizmi namemi ) yuregi owadan bolsun pisintli jogaplar beripsiniz. Yone sorag bu yerde owadanlyk mohummi ya dal...dowamy...
>>>>>
Gowy gylyk-häsiýet aýdylypdyr durmuşdaky hemme adama gerekli ýöne gynansakda her kimde ýok...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Oglana owadanlyk däl-de erkege mahsus hàsiýeti owadan bolsun ýeterlik. Gyzda şeýle. Özüne mahsus owadan häsiyeti bolsun ýeter. Owadanam...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Kä bir gyzlaň ýaşajak bolşy dertlaý ýöne. Kasmetika harytlaň arasyna girip dagy seretseň .. Pamada, ten, haýlaýtr, pudur,tanalny,gaş,kirpik,ma...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Allah owadanlygy geçmişde erkek adama ýagny Ýusup aleýhissalama beripdir. Kinosunda hem bardyr zenanlar onuň owadanlygyna aňkaryp öz ellerini kes...dowamy...