“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Ben mutsuz degilim. Siz bosxuna bu kadar mutlusunuz. #Xuliganka

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Koko gyzyň gözleginde ýada Terminator-1
 Täzeje
 Mishel [off]
 Şugün, 10:19

Bolsada kelle gowy işleýär. Gerekmejek kelläni göterip ýöremeýän käbir agzalar ýaly. Bu gün agşam uka gitmän oýlanyp ýatdym. Anyklamaly diýen karara geldim. Özüme özüm sorag berdim. Şu kelle näme üçin berilipdir we men bu kelleden nähili peýdalnýan diýen soraga jogap gözledim.
Oýlanyp görsem entek has bärden gaýydýan ekenim. Kelle gowy işleýär emma men ýaltalykdanmy ýada başga bir sebäpdenmi bir topar wagtymy boş geçiripdirin. Barlap görsem bir topar ylymlar ýatyr içinde bu kelläniň. Ine şu ylymlary doly ulanmagym gerek diýen karara geldim. Gyssanman. Arassaçylyk bilen.
Ýöne ynha ýene päsgel berdiler. Edil şu setirleri ýazyp otyrkam gapyda toýa çakylyk aýdyp geldiler. Barmasaň bolanok diýýäler. Işim köp diýýän. Emma çakylykçylar ýüzlerini saraldyp durlar.
- Aga, sen barmasaň bu toýda gyzyk bolmaz. Bir gyzykly sahna goýyp ber diýýäler.
Men elbetde gysganç adam däl. Gowy adamlar üçin barym ortada. Ýalbarsalar duryp bilemak. Göwnüm boş.
Bolýar diiýän. Gelenler begenip gidýär. Olar gidenden soň men toýa barmak sahnasyny işläp düzmegi gumanoid-robot intellekte tabşyrýaryn we ýazyp başlaýaryn. Ýöne ynha pikirim bozylypdyr. Ýazyşymyň hili peseldi. Kellämde toý sahnasy dur. On minut geçmän gumanoid-robot öz teklibini getirýär.
Toý jaýa wertoletda uçyp barýan. Bortynda täzeje с нуля интер-поезд атомобил bilen. Ýaş çatnjalara sowgat. Ondan daşary toý jaýda täze görnüşli tans oýpap bermeli.
Başdakysyna men razy. Emma men toýda tans oýnar ýaly masgarabaz däl. Nägile halda gumanoid-robota seredýärin. Emma ol diýenini subut edýär.
-Sen köp wagtdan bäri köpçülige çykmadyň. Bu seniň saglygyň üçin zyýanly. Özüňi masgarabaz duýsaňda sen toýda tans oýnamaly. Özäm täze tans. Bu tans häli hiç ýerde oýnalmady. Biz gumanidler bu tansy Alfa ýyldyz planetada işläp düzdük.
Meniň köp diňläp durmana wagtym ýok. Bolýa diýýän.
Toýä gitmeli wagt boldy. Wertolet taýyn. Bortda maşyn taýyn. Men oýladym toý jaýa wertoletda barmaly borun diýip. Emma gumanooid meni saklaýar.
Ýene iki minutdan Alfa ýyldyzynyň tans sahnasy uçyp geler. Sen şu sahnada tans jaýa baryp tans oýnarsyň. Isleseň aýdym hem aýdyp bilersiň. Ýöne sen özüňden halk üçin haýsam bolsa bir mem galdyrmaly bolarsyň. Häzirki döwürde znamenity adamlaryň hemmesi özlerinden mem galdyrýarlar. Bu memi halk özüne nusga edip alýarlar.
Meniň köp gepe mejalym ýok. Men bolýa diýýände uçyp gelen ýyldyz sahna edil maşyna münen ýaly münýärin. Sahnanyň nähili gowydygy barada aýdyp otyrasy iş ýok. Häli hiç kim üçin başga planetadan bir zat uçyp gelmedi. Diňe meniň üçin uçyp geldi. Siz muny inkär edip bilmersiňiz.
Toý jaýa ýakynlaşýarys. Hemmeler meniň gelerime garaşýar. Hemmäniň gözi asmanda. Ilki bilen içi gymmat baha maşynly wertolet aşak düşýär. Apbakja uzynlygy 34 metr bolan poezd maşyn. Sowgada geliniň agzy açylyp galýar. Ýigit hem şokda. Has gyzyklysy indi başlanýar. Alfa ýyldyzynyň tans ploşadkasy maşyndanda gowy. Durşyna lazer lampalar. Super täze swetamuzykasy bilen. Saz Alfa ýyldyzynda döredilen. Ýer şarynda bu muzyka ýok. Ses çykanda endam-janyň titräp teniň her bir öýjügi özbaşdak tans oýnap başlaýar. Hatda gözleriň, gulaklaryň burnuň hem öz tansyny oýnaýar.
Sahnada bolsa men duryn. Meni beýle ýakynda öň hiç kim görenokdy. Enemden başga. Hatda seredenlerinde hem meni hiç kim dogry seredip görüp bilmez. Çünki men şeýle bir owadan oglan welin meniň ýaly oglan bu dünýä häli bir gezek geldi. Bu hem elbetde men. Ynanmasaňyz geliňde göräýiň. Maňa seretjek bolsaňyz güne seredende beter gözüňiz gamaşar.
Ine onsoň tans başlandy. Men hem tans oýnap bermelidim. Muny özüm saýlap aldym. Edil şu wagt gumanoidiň aýydan mem baradaky sözi ýadyma düşdi. Näme mem etsemkäm diýip durşyma aýagymda botinkamyň maňa gerek däldigi ýadyma düşdi. Aldymda teýi brilliantdan bolan, sapagy altyndan dokalan botinkalarymy çykaryp zyňyp göýberdim.Maňa eýgerip hemmeler şol sanda gelin bilen oglan hem aýagyndaky dürli hili aýakgaplaryny zyňyp göýberdiler. Bu memiň näme aňladýanlygy barada indi köp kitaplar ýazylar. Kinolar çykarlar, aýdymlar düzüler.
Şundan soň meniň keýpim galyp gitdi. Hem aýdym aýytdym hem tans oýnadym. Meni surata we we wideo düşürjek bolup ýer şarynyň hemme ýerinden internet we sputnik arkaly, telewideniýeleriň hemmesi yzarlady. Ýarym sagada golaý hemme hezil etdi. Indi bolsa men bu ýerden gitmelidim. Çünki mende wagt ýok.
ALfa ýyldyzdan gelen tans ploşadkam asmana galdy. Botinkam ýigide sowgat berildi. Men sag-aman öýe geldim. Öýe gelip hemişeki endigim boýunça sputnikden dünýä habarlaryny yzarlap başladym. Bu habarlaryň haýsysy meniň üçin wajyp men bilmelidim.
Ynha şu habarlaryň biri meniň keýpimi nol etdi. Men taiiland gyzyny söýýändigimi size öň aýdypdym. Bu gyz dünýä belli tansçy we aýdymçy gyz. Onuň ady iňlisçe Coco. Ine, şu gyzy näbelli uçaryň asmana alyp gaçyp gidenini ýer şarynyň ähli habar beriş serişdeleri gygyryp durdy.
Men derrew özüme geldim. Inoplanetýanlar meniň bilen oýyn edip başlady. Olar meni uruşa çagyrýarlar. Emma men urşyň tarapdary däl.
Eger olar gyzy yzyna gaýtarmasalar onda bu gyzy men tapmaly bolaryn. Koko maňa garaşýandyr. Menden kömek isleýändir diýen pikir meni basmarlady we yz ýanyndan bu habar meni gazaba mündirdi.
Gumanoidi ýanyma çagyrdym.
Senden maslahat soraýan. Näme etmeli.
Robot gumanoid momentalno jogap berdi. Sende alaç ýok. Biz gumanidler olary gowy tanaýarys. Olar aýylganç ganhorlar. Sen tizden-tiz Terminator-1 bolmaly we olary söweşde ýeňiň ajaýyp Koko gyzy sag-aman ýer şaryna gaýtarmaly.


15

8

1

0

1

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 Şugün, 14:35

+0

Ana gerek bolsa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Koko gyzyň gözleginde ýada Terminator-1


Ana gerek bolsa...dowamy...

Diňe çynymyzy aýtmaly oglan-gyzlar


Irden 7iñ yarynda turyan. Yuwunyan iyip ichyan uborka. Cheshka öryan soñ azajyk telefona guymenyan. Obedimi iyyan ukym tutmasa yene cheshka yada...dowamy...

“Green Card” üçin ýüztutmalaryň wagty yza süýşürildi


Her yyl tabşyrýadym...dowamy...

Dogulmankam günäm näme!?


Menden razy bol diýip göz ýumşy gözöňme geldi...dowamy...

Dogulmankam günäm näme!?


gynandymm...dowamy...

“Green Card” üçin ýüztutmalaryň wagty yza süýşürildi


Bilemok...dowamy...

Oylanma


Fantom,ssylkasyny ugrat...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oylanma
Daniel (Düýn, 21:38)

Daýhan we alma agajy.Hekaýa.


Çagalar üçim gowy hekaýa...dowamy...

“Green Card” üçin ýüztutmalaryň wagty yza süýşürildi


Haçan başlaýa...dowamy...

Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.


Good, Nekrolog nämekä?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->