Ýürekdeş sözler!
Kriştianu Ronaldunuň "Al- Nasr" topary Türkmenistanda Arkadag topary bilen duşuşar.
Ahmal [off]30.12.2025 / 17:24
Old school
«Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan «Al-Nasr» saud kluby bilen duşuşar.
Ýaryşyň bu tapgyrynyň oýunlary 2026-njy ýylyň 10-11-nji we 17-18-nji fewralyna meýilleşdirilýär.
Pleý-off tapgyrynyň bije çekilişiginiň netijeleri şu gün belli boldy.
Türkmen toparynyň garşydaşynyň düzüminde diňe bir Kriştianu Ronaldu däl-de, eýsem Sado Mane, Žoau Feliks, Kingsli Koman, Inýigo Martines we Marselo Brozowiç ýaly dünýä futbolynyň ýyldyzlary-da çykyş edýär.
Günbatar zolak:
«Al-Zawraa» (Yrak) — «Al-Wasl» (BAE)
«Arkadag» (Türkmenistan) — «Al-Nasr» (Saud Arabystany)
«Sepahan» (Eýran) — «Al-Ahli» (Saud Arabystany)
«Esteglýal» (Eýran) — «Al-Huseýn» (Iordaniýa)
Gündogar zolak:
«Phohan Stilers» (Günorta Koreýa) — «Gamba Osaka» (Ýaponiýa)
«Ratçaburi» (Tailand) — «Persib Bandung» (Indoneziýa)
«Bangkok Ýunaýted» (Tailand) — «Makartur» (Awstraliýa)
«Kong An Hanoý» (Wýetnam) — «Tampins Rowers» (Singapur)
tmcars.info
127 |
18 |
1 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Good [off]
01.01.2026 / 22:10
+0
Netije gyzyklandyrýar.
MmB (01.01.2026 / 22:22)
Good, 5-0…7-0
Soňky teswirler
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.
Şasenemiň ejesi näme üçin söýgi ýok diýip Garyp çagaň ýüzüne mälçilledip urýaka? Bu ýazylan aýdylanlardan hawary ýokdumyka o bendäň çagasy...dowamy...