“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
paradox : Hemmeler: "Söýýâniň gowy gyz" diýýâr. "Seni söýýârmi?" diýen bolmady.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gelinleriň synagy (Koreý halk ertekisi)
Premium
 Prinsessa [off]
 10.01.2026 / 15:52
 Dostum yok duşmanm kop

Gadym zamanlarda Hwan atly bir adam bolupdyr. Ol örän gurply bolup, şol bir wagtda-da paýhasly we adalatly adam eken. Günlerde bir gün Hwan ogluna gelinlik gözleýändigi baradaky habary oba ýaýradypdyr. Bu habary eşiden oba adamlary gyzlaryny şeýle gowy maşgala bermek üçin janserek bolupdyr. Ýöne Hwan gelni hut özüniň saýlap aljakdygyny aýdyp, dalaşgär gözelleri synagdan geçirmekçi bolupdyr. Onuň goýan şertine görä, gelin bolmak isleýän gyz bir aýyň dowamynda biraz tüwi we noýba bilen oňňut edip ýaşamaly eken.

Muny eşiden oba adamlary: «Beh, biraz tüwi we noýba bilen bir aý nädip ýaşap bolarka? Bu gaty kyn ahyry» diýip gürrüň edipdirler.

Käbirleri bolsa: «Synagdan geçmäge gelen gyzlaň başyna ýetjek bolýaňyzmy?» diýip, baýy ýazgarypdyr.

Günlerde bir gün Hwanyň öýüne bir ýaş gyz gelipdir. Baýyň öý işleri bilen meşgullanýan kempir ylgap gyzyň öňünden çykypdyr-da: «Şu ýerde garaşyň, men size oňňut etmeli tüwüdir noýbaňyzy getireýin» diýip, ammara ugrapdyr. Şol günüň özi gyz tüwi bilen noýbany togsan sany haltajyga bölüşdiripdir. Ol aýda togsan nahar we her nahary üçin bir haltajyk tüwi bişirip iýmeli eken. «Men-ä ony edip bilerin öýdemok» diýip, gyz pikirlenipdir. Baýyň öýünde ýaşap başlanyna 10 gün bolanda, açlykdan horlanan gyzyň ýöremäge haly galmandyr. «Şu durşuma gitsem açlykdan heläk bolaryn. Ýok, men Hwanyň gelni bolup bilmerin» diýip, gyz baýyň öýünden gaçyp gidipdir. Şondan soň hem birnäçe gyz gelipdir, emma olar hem bir hepdeden artyk çydap bilmändir. Hwan lapykeç bolup, ruhdan düşüpdir.

«Şu zatlar bilen bir aý oňmak şeýle kynmyka? Olaryň ählisi kynçylyk görmedik gyzlar bolsa gerek» diýip, baý içini gepledipdir.

Şondan soň synagdan geçmek üçin hiç kim gelmändir. Günlerde bir gün köneje eşikli bir gyz baýyň öýüne gelipdir…

— Men goňşy obada ýaşaýan, adym Suni. Gelinlik saýlamak üçin baýyň synagdan geçirýänini eşidip geldim.

Hojalygyň işlerine seredýän kempir gyzyň üst-başyny mazaly synlanyndan soň, şeýle diýipdir:

— Sen bu ýerde näçe gün bolmakçy?

Onda gyz:

— O nähili näçe gün, elbetde, bir aý, synagyň şerti şeýle ahyryn — diýip jogap beripdir.

Kempir:

— Ilkibaşda beýlekilerem şeýle diýýärdi, ýöne gynansak-da, üç-dört gün geçip-geçmänkä, açlyga çydaman gaçyp gitmek bilen boldular — diýip jogap beripdir.

Gyz:

— Ene jan, beýle zat hiç wagt bolmaz, hany, maňa çaltrak tüwi bilen noýbamy getir — diýip, kempirden haýyş edipdir.

Kempir tüwi bilen noýbany getiren badyna, Suni ony gabyndan çykaryp:

— Ene jan, men ertirlik edinip ýetişmedim, şonuň üçinem örän aç, nahar edinjek — diýipdir welin, kempiriň gözleri hanasyndan çykara gelipdir.

Suni naharyny iýip otyrka kempir oňa seredip şeýle diýipdir:

— Beýdip gereginden artyk iýseň, tüwi dört güne galman gutarar.

— Adamyň garny doýansoň hiç bir iş hem köp görünmez — diýip, gyz jogap beripdir.

Dördülenji gün kempiriň aýdyşy ýaly iýmit gutarypdyr. Şonda gyz kempire:

— Ene jan, ýene nahar taýýarlap iýip bilerim ýaly, maňa iş ber — diýipdir.

Kempir bolsa:

— Seň eliňden nähili iş gelýär? — diýip sorapdyr.

Suni ýylgyryp:

— Tikin-çatyn, dokmaçylyk, nahar bişirmek, çaga seretmek… Her nähili bolsa-da bolýar.

Garry kempir oba aýlanyp, köýnek tikinmek isleýän adamlaryň matalaryny ýygnap alypdyr. Suni hem gijesi ýatman köýnekleriň ählisini tikip, taýýar edip goýupdyr. Oba adamlary köýneklerini geýip, haýran galmakdan ýaňa agyzlaryny açypdyr.

«Bu köýnekler adam eli bilen tikildimi? Edil arşdan çykan ýaly-la. Biziň obamyzda-da şeýle çeper elli gyz barmy?».

Şol günden soň Suni adamlaryň köýneklerini wagtynda ýetişdirmek üçin ber-başagaý bolup işläpdir, sebäbi adamlar diňe Suniniň tiken köýneklerini geýmek isläpdir.

Bu habar haýal etmän baýyň gulagyna ýetipdir. «Hä, indi göwnüme ýaran gelni tapdym öýdýän» diýip, ol begenipdir.

Suni entek bir aý hem dolmanka, tikin-çatyn işlerini edip, bir ýyllyk tüwi alar ýaly pul gazanypdy.

Bahym bir aý hem dolupdyr. Hwan baý uly buýsanç bilen Sunini gelin edinipdir. Şondan soň Hwan baý dünýäde iň akylly we paýhasly gelniniň bardygyny aýdyp magtanypdyr.

Koreý dilinden terjime eden Çynar NURGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.


114

17

2

5

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 12.01.2026 / 12:27

+0

Bah akylly gyz eken

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 12.01.2026 / 18:57

+0

Akylly bolarmaý, onça pul ýygnansoň äri näme etjek, ýaşa öz keýpiňe )


Premium
USA_virus  (12.01.2026 / 19:36) 

Fantom, ai menden dine paylasma

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

JESET OGRUSY. 5-nji bölüm


ещё.....dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 5-nji bölüm
Ейжежик (Düýn, 23:42)

JESET OGRUSY. 4-nji bölüm


ызны хачан гойян...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 4-nji bölüm
Ейжежик (Düýn, 23:11)

Ýagşy Magtymguly Pyragy


Magtymguly bolup biljek yokdurla...dowamy...

Naýynsap


Allayar Curiyewde beyle pes goshgy barmyka beri? Ya yalnyshyamykam?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Naýynsap
MG8 (14.06.2026 / 08:54)

Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap


Sada we yurekden berlen jogaplar, Gaty gowy mowzuk!...dowamy...

HÖWÜRSİZ GÖWÜN


Gowy goshgy...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Bir zat yazjak bolsan, kop okamany, kop pikir etmani, kop dushunmani, kop duymany, yzgiderli yazmany, tankytlardan sowamak dalde olardan guyc alm...dowamy...

Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap


Kabir jogaplary okayan welin bu adam bilen tanyshasyn, owrenesin, yazgylaryny eserlerini urc edip owrenesin gelyar, Kabir jogaplar bolsa hatda mo...dowamy...

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


"Söýginiň bar ýerinde utanç ýok. Berk belle." Shula bir hiliraklay beylede bir zat bormay, Soygi pynhanlygy, utanjy, ejaby, edebi, gaty halayand...dowamy...

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe 3


Shutemada gozgalmaly mesele aydylmaly zat gaty kan, on un teswr dalde 1-2 sany mowzuk acaymasan, Has gysgasy, "Eger yagshylyk edip pushman boru...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->