“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
gul : mana bir soz diy o sozun meni ya yasatsyn ya oldursin yone yaralamasyn @gul

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Täleynama
 Özümiziňki
 Prinsessa [off]
 Şugün, 09:07
 Dostum yok emma duşmanm kop

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04

Hamallara dekabrda öz ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin pikirlenmek gerek. Munuň üçin siz özüňize ygtybarly meýilnama düzüp, ýa maslahat berip biljek ýakynlaryňyza ýüz tutup bilersiňiz. Kynçylygy her kim hem başyndan geçirýär, ýöne ony ýoluňy ýapýan böwet hasap etmek ýa-da ösüş üçin mümkinçilik hökmünde peýdalanmak özüňize bagly. Iş ornuňyzda kärdeşleriňize gulak asmak gerek. Olaryň edýän tekliplerini seljeriň, bile işleşmegi ýaňzytsalar, ikirjiňlenmän kabul ediň. Täze başlangyçlar girdejiňiziň mazaly artmagyna ýardam eder.

Sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý ediň. Arassa howa, kadaly iýmit, gerekli uky, şeýle-de ýoga saglygyňyzyň goragçysy bolar.

SOWUR (Öküzçe) 21.04 — 20.05

Bu aý dostlaryňyz bilen gatnaşyk size bolup geçýän ýagdaýlara başga tarapdan garamaga kömek eder. Gerek wagty kömek soramakdan çekinmäň. Işleri tertipli alyp barmak, ýanyňdaky adamlara bolan ynam siziň howsalaňyzy basyp, maksadyňyza ýetmekde aýdyň netije berer. Köpçülik çärelerine, maslahatlara, seminarlara köpräk gatnaşyň. Tejribe gazanyp, tejribeli adamlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga çalşyň. Alçaklyk we ugurtapyjylyk käriňde meşhurlyga hem üstünlige ýetmegiň ilkinji açarydyr.

Dekabrda bir ýerlerden gelen gujur güýjüňize güýç goşar we bu size öz islän işiňizi amala aşyrmaga şert döreder.

JÖWZA (Ekizekler) 21.05 — 21.06

Jöwzalar dekabrda maksatlaryna we meýilnamalaryna seljeriş bermekleri gerek. Öz güýçli we gowşak taraplaryňyzy öwreniň we olary üstünlik gazanmak üçin peýdalanyň. Ruhy sagdynlygyňyza-da ünsli boluň. Akyl we ruhy taýdan berk bolmak size bäsdeşleriňiz bilen gatnaşyklarda ygtybarly direg bolar.

Mümkinçilik dörände toparlaýyn işlere gatnaşyň. Bu, size tejribe toplamaga, öz başarnyklaryňyzy ýüze çykarmaga ýardam eder.

Saglygyňyza esewan ediň. Iýmitleriňize ünsli boluň. Eger haýsydyr bir sökellik alamatlaryny duýsaňyz, haýal etmän, lukmana ýüz tutuň.

SERETAN (Leňňeç) 22.06 — 22.07

Seretanlar bu aý ruhubelentligi hem özlerine bolan ynamy gowşatmasalar gowy bolar. Töwerek-daşyňyzdaky adamlar bilen ýakymly gatnaşyk durmuşyňyzda bolup geçjek özgertmelere öwrenişmäge ýardam eder. Ýüregiňize diň salmagy-da unutmaň, size dogry ýoly salgy berjek, ilkinji nobatda, şoldur. Işiňizden eliňiz sowasa, munuň sebäbini oýlanyň. Sizi haýsy işler, güýmenjeler ruhlandyrýan bolsa, şoňa tarap ymtylyň.

Sowuk howada kesellemezligiň aladasyny öňünden ediň. Iýmitiňiziň düzüminde immun ulgamyny güýçlendirjek miwedir gök önümler köp bolsun.

ESET (Ýolbars) 23.07 — 23.08

Bu aý üstüňize artyk jogapkärçilik almakdan ýaýdanmaň. Siziň tagallalaryňyz hökman göze iler we munuň üçin mynasyp baha eýe bolarsyňyz. Täze mümkinçiliklere ýol açsaňyz, durmuşyňyz düýpli gowulanyp, arzuwlaryňyza ýetersiňiz. Maksadyňyza barýan ýoly biraz üýtgetmeli bolsa-da, ikirjiňlenmäň. Bu, dogry çözgütdir. Iş bilen dynç alşy sazlaň. Zerur bolsa, arakesme alyň. Kärdeşleriňiziň goldawyna daýanmak bilen, täze-täze maksatlara ruhlanarsyňyz.

Dekabr aýynda beden saglygyňyza ünsli boluň. Her bir zady ýürege ýakyn almaň. Degna ulgamyňyza aýawly çemeleşiň.

SÜNBÜLE (Gyz) 24.08 — 23.09

Dekabr sünbüleleriň kämilleşmekleri üçin oňaýly aýdyr. Öz ulgamyňyzda bolup geçýän özgertmelerden yza galmazlyk üçin, täzeliklerden habarly boluň. Işeňňirlik, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler köpçülikde öňe saýlanmaga ýardam eder. Esasy maksadyňyz täze tejribe gazanmak bolsun. Siz onuň miwesini ýakyn wagtda duýarsyňyz. Täze gazanç çeşmelerini agtaryň. Maýa goýum bilen gyzyklanyň.

Ruhy sagdynlygyňyza üns ediň. Duýgularyňyzy hem pikirleriňizi tertiplemek gerek. Köpräk dynç alyp, fiziki saglygyňyzy berkidiň we durmuşyňyzdan sazlaşyk tapmaga ýykgyn boluň.

MIZAN (Terezi) 24.09 — 23.10

Durmuşda ýaýdandyrýan zat näme?! Mizanlar öz ýüreklerine ýakyn we özlerini juda oňat tanaýan adamlara ýüz tutup, şu soragyň jogabyny tapyp bilseler, onda üstünlige ýetmekdäki ýoluň esasy bölegini geçdikleri bolar. Ýagdaýlaryň aýdyňlaşandan soňra, tutulan maksatlaryň hem düzülen meýilnamalaryň netijesi durmuşyň gowy tarapa üýtgemegine sebäpdir. Täzeçil çemeleşmelerdir usullardan peýdalansaňyz, ýolbaşçy bolmak mümkinçiligini-de gazanyp bilersiňiz.

Baýramçylygyň öň ýanyndaky aý siz üçin tolgundyryjy pursatlara baý bolar. Arassa howada gezelenç etmek, ýoga, fiziki işjeňlik rahatlyk gazanmaga kömek eder.

AKRAP (Içýan) 24.10 — 22.11

Dekabrda akraplara ozal üns bermedik mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin amatly şert dörär. Özgertmelere taýyn boluň, bar bolan kynçylyklardan ruhubelentlik bilen geçmegi başarsaňyz, durmuşyňyzda has kämil menzile gadam basarsyňyz. Bu aý siz üçin täze başlangyçlaryň, täze üstünlikleriň aýy. Eger iş ornuňyzy üýtgetmek ýa-da täze jaýa göçmek pikiriňiz bar bolsa ýaýdanmaň. Dekabr sizi batyrgaý hereketler arkaly üstünlige ýetmäge çagyrýar.

Adam üçin beden sagdynlygynyň zerur bolşy ýaly, ruhy sagdynlyk hem juda möhümdir. Ony gazanmak üçin bolsa, iş bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmak gerek.

KOWUS (Keman) 23.11 — 21.12

Kowuslara özleri üçin nämäniň has möhümdigini anyklamak hökmany. Sussupes duýgulary kalbyňyza salmaň. Munuň üçin iň peýdaly usul, ýakynlaryňyz bilen ýürekdeş gatnaşyklardyr. Çözgüt tapmak üçin, ýüregiňiziň sesine diň salyň. Sabyrly guluň dura-bara şat bolýandygy hergiz ýadyňyzda bolsun.

Tejribeli adamlar bilen has köp söhbetdeş boluň. Bu size hem-ä, goldaw hem-de tejribe toplamaga ýardam eder. Ilkinji ädimleri ätmekden çekinmäň. Başlamak, işiň iň esasy bölegidir.

Gün tertibiňize fiziki işjeňligini-de goşmaga çalşyň. Iýmitleriňiziň hem ukyňyzyň kadaly bolmagyny-da ünsden düşürmäň.

JEDI (Owlak) 22.12 — 20.01

Dekabr — jediler üçin adaty ýagdaýdan çykyp, töwekgelçiligiň üsti bilen öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegiň tüýs wagty. Bu babatda size dost-ýarlaryňyzyň, ýakynlaryňyzyň goldawy tükeniksiz güýç berer. Aýgytly häsiýetiňiz hem işeňňirligiňiz arkaly maksadyňyza barýan ýoly abraý bilen geçersiňiz. Siziň seljerme ukybyňyz girdejiňizi köpeltmekde ygtybarly ýardamçy bolar. Mazaly oýlanylyp goýlan ygtybarly maýa goýum, diňe bir maddy ýagdaýyňyzy gowulaman, eýsem, öz başarjaňlygyňyza bolan ynamyňyzy-da artdyrar.

Saglygyňyz tut ýaly! Immun ulgamyňyz sizi bolup biläýjek ownuk-uşak sökelliklerden gorar. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi dowam ediň.

DALUW (Gowa) 21.01 — 20.02

Daluwlar kynçylyklary ýeňip, üstünlige ýetmekde ruhy güýçlerine bil baglarlar. Bolup geçýän üýtgeşmeleri ruhubelent kabul ediň-de, geçmişi öz gününe goýup, geljege ynamly nazar bilen bakyň. Görersiňiz, ähli zat isleýşiňizden hem gowy bolar. Özüňize bolan ynamy ýitirmezlik, maksada okgunlylyk — bu aý ýyldyzlaryň sizde görmek isleýän esasy häsiýetleridir. Her bir ýagdaýa umumy nazar bilen garamagy, şol bir wagtda kimiň-kimdigini tanamaga çalyşmagy unutmaň.

Saglygyňyzda birahat edere esas ýok. Kadaly iýmitlenseňiz, ýeterlik uky alsaňyz hem işjeň hereketde bolsaňyz, bolany.

HUT (Balyk) 21.02 — 20.03

Ýyldyzlar hutlara zerur ýerinde kömek sorap ýüz tutmakdan çekinmezligi maslahat berýärler. Elbetde, olar öz başlaryny özleri çaramaga doly ukyply. Şeýle-de bolsa daş-töwerek bilen gatnaşygy berkitmek arzuwlaryň has tiz hasyl bolmagyna kömek edýändigini unutmazlyk gerek. Şol sebäpli bu aý hutlaryň ähli arzuw-isleglerini amala aşyrmagy üçin düşümli aý bolar. Iş ornuňyzda düşünişmezligi döredýän ýagdaýlardan uzakda boluň. Islendik meseleden hem akyl-paýhasly baş alyp çykmagy başaryň.

Ruhy saglygyňyza eserdeň boluň. Peşeçe meseläni pilçe kabul etmek, degnaňyzyň bozulmagyna täsir eder. Iş bilen şahsy durmuşyň arasyndaky sazlaşygy tapsaňyz, saglygyňyz üçin uly peýda etdigiňiz bolar.


9

2

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Näme üçin ýer titreýär?


Awtory - Rahman Zulfikarow...dowamy...
Erkin mowzuklar | Näme üçin ýer titreýär?
Perhatsabirovv (Şugün, 09:32)

tapmaçalar


jogabyny tapan bamy men tapmadm...dowamy...
Erkin mowzuklar | tapmaçalar
Prinsessa (Şugün, 09:05)

Uatnç gider, namys gider ar gider


Bir wagt akylly pikirleri bilen saydy hem bezäp durýardy Azat aga... Ehh şol günlerden saýtdan öwrenen zatlam az bolmandy......dowamy...

Şulary okaberiň häzirlikçe...


Öz sözleriňmi...dowamy...

gulin we satlanin


Dislike ýalňyşlyk bilen basylandyr soňundan like basandyryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | gulin we satlanin
Outlier (Şugün, 04:20)

gulin we satlanin


Gülmekden kelläm titreýa gaty gülkinç ²...dowamy...
Erkin mowzuklar | gulin we satlanin
Outlier (Şugün, 04:18)

yalanyn omri gysga degismejik


Men muny degişmemikä diýip okapdyryna...dowamy...

Aslynda asylly gözel gyz


Bete bet diýmeli...dowamy...

Aslynda asylly gözel gyz


Gowy ýazylypdyr goşgy...dowamy...

Aslynda asylly gözel gyz


Awtory kim?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->