“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Saňa sereden 100 oglana güýjüm ýetsede ýöne seniň saýlan 1 oglanyňa güýjüm ýetmez...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

tapmaçalar
Premium
 Prinsessa [off]
 22.01.2026 / 09:04
 Şol onkije Ayperilai🙂

Janly sagat ol,
Daňdan gygyrýar.
Onuň sesine,
Hemmeler turýar.

Ulaglaň bary,
Olar hem örýär.
Kim işden gelýär,
Kim işe barýar.

Aýak üstünde,
Her adam, garaz.
— Ir bilen turuň!
Diýip dur…

* * *

Parahatlyk guşy ol,
Köňülleriň hoşy ol.
Al-asmanyň bezegi,
Uçup edýär gezimi.
Aýlanýar ol köp ýeri.
Ady onuň…

* * *

Güýz aýlarynda,
Kemsiz ýetişýän.
Iýen adama,
Lezzetim joşýan.

Tagamym derman,
Müň derde emdir.
Şerbedim içen,
Keýpi çag — güldür.

Göwräm ýumak dek,
Içim köz ýaly.
Gözel Sumbaryň,
Men gyzyl…

* * *

Obadan uzak,
Meýdanda gezýär.
Çölüň içinde,
Çar ýanda gezýär.

Guýrugy uzyn,
Dikgi gulagy.
Ol haýwanjygyň,
Mekir ýüregi.

Mekirjäň adyn,
Bilýänsiň, belki.
Ýa aýdaýynmy,
Aýtsam, ol…

* * *

Desterhanlaryň
Bezegidirin.
Her bir adamyň
Geregidirin.

Käseläp iýseň,
Iýseň dilimläp.
Dürli dertlere,
Diýseň emim köp.

Gaýnadyp bilseň,
Sökem bolýan men.
Sereňsoň gurap,
Kakam bolýan men.

Hyzmat etseň sen,
Bilip tabymy.
Men bol hasylly,
Türkmen…

* * *

Dagyň daşyny,
Ýaryp çykýar ol.
Onsoň hol aşak,
Tarap akýar ol.

Tomus bolsa-da,
Ol sowuk örän.
Derman hem bolup,
Içene ýaran.

Hezil edýärsiň,
Bolaýsaň teşne.
Ol dag gudraty,
Ady-da…

* * *

Ýazda ekilýän,
Tomusda bişýän.
Ulalyp ala
Keşbe ulaşýan.

Ýaraňda, içim
Köz ýaly gyzyl.
Iýen adama
Berýärin hezil.

Tagamym süýji,
Şekere deňdir.
Toşabym hem meň
Melhemdir, emdir.

Çigdim gaýnadyp,
Daşarda sergin.
Guransoň alyp,
Çigitläbergin.

Dostlar, adymy,
Bilýäňizmi siz?
Ýa aýdaýynmy,
Aýtsam, men …


115

10

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Prinsessa [off]
  Şol onkije Ayperilai🙂
 22.01.2026 / 09:05

+1

jogabyny tapan bamy men tapmadm:)


Özümiziňki
Crazy-boy  (22.01.2026 / 12:36) 

Prinsessa, ansat eken yone

 Täzeje
 Agza [off]
 22.01.2026 / 12:15

+0

1 horaz
2 kepderi
3 nar
4 tilki
5 gawun
6 cesme
7 garpyz

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 25.01.2026 / 19:06

+0

:neznayu:

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->