Ýürekdeş sözler!
Utanç gider, namys gider ar gider
Minigim [off]
22.01.2026 / 07:27
Lekum dinikum ve liye din
Ýagşy bilen ýamana goýmany başar parhy,
Ömür gysga pursatdyr duýmarsyň, geçer gider.
Bir şaýada deňelmez neşekeşligiň nyrhy,
Baýlygyň tüssä döner, gözüňden uçar gider.
Ilki seni şa eder, el çek ondan wagtynda,
Kim oturdy ömürlik, patyşanyň tagtynda.
Soňra ol gedaý eder, derek goýmaz ebtiňde,
Çagalaň aç hor bolar, göz ýaşyn saçar gider.
Aldananlar bir sen däl, aldananlar kän boldy,
Iki sorup bendeler, öz ýanyndan han boldy,
El çek haram neşeden, besdir indi çen boldy,
Saýlap söýen ýaryňy, özgeler guçar gider.
Keýpiňi sazlan günüň, çykdyň atyň üstüne,
Neşe tapmadyk günüň, gaçdyň aýak astyna,
Çägeden bina gurma, soň ýykylar üstüňe,
Sopbaş ýeke galarsyň, dostlaryň gaçar gider.
Tapan günüň şa bolduň, tapmadyk günüň azar.
Bar pikiriň neşede, öýüňden bolduň bizar.
Turgul, oýan ukudan, töweregňe sal nazar,
Dünýe kerwene meňzär, gonar-da göçer gider.
Dünýäň ykjam gämisin, salgyma çalyşmagyn,
Biakyl balyk deýin, çeňňege ilişmegin,
Dünýäň gözelligin söý, hiç keýpe dalaşmagyn,
Ýagşy işe baş goşsaň, göwnüňi açar gider.
Azat Nurgeldiýew
113 |
12 |
2 |
4 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Rabiya [off]
Her Nebis ölümi datjakdyr!!!
22.01.2026 / 07:54
+0
Bir wagt akylly pikirleri bilen saydy hem bezäp durýardy Azat aga...
Ehh şol günlerden saýtdan öwrenen zatlam az bolmandy...
Senyorita (22.01.2026 / 11:26)
Rabiya,
Salam. Haýsy agzadyka ol?
Minigim (22.01.2026 / 13:16)
Rabiya, howwa
Rabiya (22.01.2026 / 17:01)
Senyorita, Azat 33 ashyk
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️
