“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Perman : Gyz maşgalany tanamakçy bolsañyz ony jorasynyñ ýanynda şol tanamakçy bolýan ynsanyñ barada öwgüli söz aýt, soñ yzyny tomaşa et. Bu gyzykly we reklamasyz kino:D

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Mishel sensiz aý-gün dogmasyn
 Täzeje
 Mishel [34s]
 Şugün, 19:32

Şu wagta çenli internete çykyp bir zatlar ýazmadym, ýöne alaçsyz dostym Misheliň abraýy meniň üçin gaty ýokary bolany üçin onyň buýrygyny ýerine ýetirip ýazyp otyryn. Ilki bilen bu saýta girip kelläme şu pikir gelip gitdi. Bu saýtyň agzalary meniň üçin nähili derejede ähmiýetli?. Hiç hili eger çyksa diýen jogaap bolsa yzyandan geldi. Çünki men özüme ýagşylyk eden adamlary meniň üçin ähmiýetli hasap edýärin. Başga bir halatda her kim öz ugryna ýaşap ýören adamlar. Edil Amerikada ýada Afrikada ýaşaýan adamlaryň biri-birine parhsyzlygy ýaly. Şonuň üçin menden hiç zady tama etmäň. Men tamakinçiligi kanagatlandyrýan edara däl. Ýa men ýalňyşýanmy?. Kim siziň içiňizden aýdyp biler. Pylan agza meniň üçin ahmiýetli diýip. Eger aýytsaňyz hem barybir şol adamdan haýsy bolsada bir peýda bar bolany üçin şu adam meniň üçin ähmiýetli diýip aýdarsyňyz. Sonuň üçin şunyň ýaly häzirki zaman nakyly hem ýüze çykdy. Diňe akmak öz peýdasyny ylgamany bilmeýär diýilýän nakyl.
Onsoň ýene Leýli we Mejnun dessanyny okap gören bolsaňyz Leýliniň ata-enesi Leýlini Mejnuna bermeýänliginiň sebäbini soranlarynda olar şeýle diýýär.
-Mejnun öz peýdasyny bilmeýän adam. Ol leýlini bakyp-bejerip biljek adamdan däl. Ol diňe söýgini bilýär emma söýgi garnyňy dok edip egniňi bitin etmeýär diýýär.
Meniň bu setirlerimi okap saýtyň durmuşa çykyp bilmän ýören gyzlary we öýlenip bilmän ýören kelewleri böküp orta çykyp öz hak-hukuklaryny soran kişi bolarlar emma gyzlar näme üçin maňa sawçy gelenok diýip özlerine sorag bermäni bilmezler. Kelew diýýänlerim bolsa agzyna çybyn gondyryp pul jemlemäniň usulyny bilemak diýip özüne ol hem sorag berip bilmez. Ýöne olarda tamakinlik ösendir. Şeýdip hem tamakin bolup garrap sönüp galarlar. Bu ugyrdan mende tejribe bar. Sebäbi men durmuşa materializm tarapdan seredýärin. Idealizmi bolsa gerek ýerinde ulanýan.
Indi bolsa dostym Mishel barada käbir zatlary ýazaýyn. Özi bilen duşanymda men oňa agam diýýän çünki ol menden üç-dört ýaş uly. Biz ikimiz dürli ýerlerden. Ol Maryly men bolsa Lebaply. Ikimiz tötänleýin dogry gelip ilki bilen tanyşyp ýöredik soňra bolsa gepimiz alyşyp dost bolduk. Kem-kemden. Mishel diýilýän adam bir gudrat. Onuň ýaly ýene bir adam bu ýalançyda ýok. Men onuň elinde işlemeýän. Her kim öz işinde. Men ondan hiç zat soramaýan. Men diňe ony baryp görmäni halaýan. Aýratynam keýpim ýok bolsa Misheliň ýanyna gidýän. Ony gözläp tapýan. Ýarym sagat gepleşip otyrnymyzdan soň meniň keýpim gowylaşýada men Misheliň aýdyp berýän zatlaryna gülüp başlaýan. Özümi basmarlaýan pikirlerden arassalanmana Mishel maňa köp kömek edýär. Onsoň ýene bir synlan zadym Mishel bilen duşuşykdan soň meniň işlerim şowuna bolup başlaýar.
Ýene bir zady aýydaýyn. Şu wagta çenli men Misheliň anyk ýüzüni görmedim. Her gezek men ony görenimde men başga bir adam bilen salamlaşyp otyrýan ýaly özümi duýýäryn.
Häzir onuň ullakan meselesi bar. Bu toý bilen baglanyşykly. Hawa men şu ýerde size sekretni zady hem aýydaýyn. Bu oglanlara degişli. Gyzlara däl. Gyzlar okasa öýkelär diýýän.
Üns beren dälsiňiz häzirki döwürde Hytaýyň aňry tarapynda ýerleşýän ýurtlaryň gyzlaryna öýlenmek bütün dünýäde moda bolup dur. Tanymal ruslar, amerikanlar, iňlisler pully ýaş ýigitleriň hemmesi diýen ýaly özüne söýgili edip tailand, wetnam, koreýa, filippin, birma gyzlaryny alýalar we soňra şu milletleriň gyzlaryna öýlenmäne çytalaşýalar.
Näme üçin bu halklaryň gyzlaryna öýlenmek moda boldy diýlen soraga şeýle jogap berýäler.
Ilki bilen bu halklaryň gyzlarynyň owadanlygy özboluşly. Ikinji bir tarapy bu gyzlar işeňňir we ugyrtapyjy. Üçünji tarapy bu gyzlar ärine ikilik etmeýär diýýäler. Iň esasy tarapy bolsa bu halkyň aýallary meniň ärim meni garyp saklaýar diýip ärini taşlap gitmeýär diýilip şonuň üçin bu halklaryň gyzlaryna öýlenmek moda boup dur.
Elbetde bu saýtyň özüne erkek diýýäniň bu ýurtlardan öýlenmäne mümkinçili ýok. Çünki ol ýurtlarda gyz üçin ullakan galyň tölemeli. Olar üçin aýratyn jaý bolmaly. Onsoň ýene ol gyzlar erkekçe geýinmäni halaýalar. Işlemek we ýaşamak üçin daşary ýurtlara aňsatja gidip bilýäler.
Şulary nazarda tutyp iň gowysy öz obaňyzyň iň perişan gyzyny iň owadan gyz diýiňde mal-garaňyzy, ýeriňizi, maşynyňyzy satyp pul jemläp şu gyzdan gowysy meniň üçin dogylmadyk diýiňde eliňizden geleni bilen ylalaşyp ýaşaberiň.


9

4

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ylmy gözleg: Tilkiler adamyň iň gowy dosty bolup çykdy


Bizä adamyň iň ýakyn dosty adam yzyndan bolsa it diýip bilýädik...dowamy...

Kuran üýtgänok, adamlar üýtgeýär


Beyle mowzuk achmak bolanok!!!...dowamy...

Gitdiň... Özgäni Söýdüň


mlds...dowamy...

Kuran üýtgänok, adamlar üýtgeýär


Goýýan zadyňy gowja okap goýsana! Ýada öňki degişmeleriň bilen boluber. Bolmasada Pikirlerde Spoýler edip goýaý. Wahh, diýjek zadyma känle we...dowamy...

Özüň pikirlen...


Iýjek çöregiň başdan bölünip berlen bir çak, Haçana çen çöregiň gamy bilen gün görjek? Seniň aladaň diňe Hudaýa gulluk etmek, Galan zatlaryň b...dowamy...

Ependiñki nagt


Ilki ozleri gitsin halamayan adamyn ozi gitmeli dogry aytya ependi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ependiñki nagt
Minigim (Şugün, 00:25)

Ependiñki nagt


6njysyny haladym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ependiñki nagt
Minigim (Şugün, 00:24)

Galstuk


Galstugyn danylsyny mena entegem bilemok owretselerem...dowamy...
Erkin mowzuklar | Galstuk
Minigim (Şugün, 00:19)

Çyn dost, ýalan dost we sh,m-lar hakda soraglara jogaplar


Edilen ýagshylygyñ gadyryny bilmeýänler kim? - Edilen ýagshylygñ gadyryny bilmeýänler, samsyklar hem ýaramaz gylykly adamlar. Gaty dogry...dowamy...

Ol meni aldady (oýlanma)


Awtor - Rahman Zülfikarow Makalany awtoryň rugsady bolmazdan paýlaşmaň!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ol meni aldady (oýlanma)
Perhatsabirovv (Düýn, 19:30)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->