“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Yalnyshanmy bilsemem dowam edmek isleyan yolum sen!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Galstuk
Premium
 Prinsessa [off]
 22.01.2026 / 20:33
 Şol onkije Ayperilai🙂

Erkekler baryp-ha 2.000 ýyl mundan ozal hem galstuk dakynýar ekenler. 1974-nji ýylda biziñ eýýýamymyzdan öñki 2-nji asyrda ýaşan Hytaý imperatory Çin Şi Huang-tiniñ mazary açylyp görlende, şol mazardan galstugyň in gadymy nusgasy tapylypdy. Imperator bilen bile gömlen toýundan ýasalan 7.500 sany esger heýkeliniñ hersiniñ boýnunda tertiplije dañlan boýunbaglary bar ekeni. Dünýä medisinasynyň kerwenbaşysy hasaplanýan hytaýlylar bedeniñ iñ möhüm nokatlarynyň ýerleşýän ýeri bolan boýny dañy bilen gorap saklapdyrlar. Rimli esgerler hem ýörişe çykanlarynda boýunlaryna «Focale» atly mata oraýar ekeni. «Krowat» sözi bolsa (türk dilinde galstuga «krawat» diýilýär) ýewropa dillerine horwatiýaly esgerleriň bezelen boýunbaglarynyň Pariže ýaýramagy bilen giripdir. XVII asyrda 30 ýyl dowam eden urşa fransuz korolynyň goşunynyň hatarynda gatnaşan horwatiýaly esgerleriň boýunlaryna dañan matalary Parižde nysaga öwrülipdir. Lui 14-nji goldansoň, ol nysak has-da rowaçlanypdyr.
• Galstuk mertebäñi görkezýär

«Mithat Selection» şereketiniň taýýarlan «Galstuk» atly kitabynda galstugyň XVII asyryň ortalarynda bezeg üçin, mertebe üçin ulanylyp başlanandygy aýdylýar. Kitapda galstugy sowukdan goranmak üçin däl-de, bezeg üçin, mertebe üçin ulanýan erkeklere galstugy aýawly saklamagyň ýollary, renkleriň we nagyşlaryň aňladýan manylary, galstugy dakmagyň görnüşleri baradaky maglumatlar hem berlipdir.
Galstugyň reñklere we nagyşlara baý bolmagy erkekleriň çal, mawy renkli eşiklerine üýtgeşik gelşik berýär. 1980-nji ýyllara çenli geçen 150 ýylyň dowamynda erkeklerin arasynda anglasakson tipli geýinmek güýçlüdi. Şol döwürde ençeme meýli ýurtda galstugyň biçüwleri we dakylyşynyň görnüşleri meñzeşdi. Galstuk dünýä ýaýransoñ, onuñ biçüwi, reňki, nagsy we dakylyşy dürli görnüşe eýe boldy: galstuk uzaldy, gysgaldy, giñeldi, inçeldi käte bolsa insizje deri bölejiginden ybarat boldy. Galstuk ini, boýy, reñki, nagşy, matasy, dokalyşy, görnüşi boýunça birnäçe alamatlary özünde jemleýär. Ol alamatlar galstugy dakynýan adamyñ gözellik duýgusyny, bilim-terbiýe derejesini, edebini, häsiýetini, synpy derejesini, mertebesini Amerikada we Angliýada ýokary synpa degişliligi alamatlandyrýan ýörite galstuklar bar.

• Aýallar kän ähmiýet bermedi

Erkekleriñ 30 ýyldan bari ulanyp gelýän galstuklaryna aýallar kän ähmiyet bermedi.
Aýallar Ikinji jahan urşuna çenli galstuga köpräk ýykgyn edipdiler. Ençeme ýurtlarda entek saýlama we saýlanma hukugyndan mahrum bolan aýallar özleriniň erkekler bilen deňdiklerini görkezmek üçin galstuk dakynypdyrlar. Türkiýede-de Atatürk döwründe halk deputaty bolan ilkinji aýallaryň käbiri galstuk dakynypdy. Türkiýede ilkinji galstuk dakynan adam osmanly patyşasy Abdulmejitdi. Galstuk Osmanla 1860-njy ýyllarda ýaýrapdy.
Türkiýe Respublikasy döredilensoň, ýurduň içinde-de galstuk tikilip başlandy, ýöne şeýle-de bolsa, Ýewropadan getirilen galstuklar has geçginlidi.

Şemsinur BEKDAŞ. Edebi makalalar


84

7

1

1

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 24.01.2026 / 00:19

+0

Galstugyn danylsyny mena entegem bilemok owretselerem


Premium
USA_virus  (24.01.2026 / 19:23) 

Minigim, owrenersin


Özümiziňki
Minigim  (24.01.2026 / 20:01) 

Prinsessa, aha

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->