Ýürekdeş sözler!
Özüň pikirlen...
Minigim [off]
24.01.2026 / 16:03
Lekum dinikum ve liye din
Ömür gutarmajak ýaly ýaşaýas,
Mazardakylaram öňler diridi.
Namazyny okajakdy olaram,
Arman maňlaýyňdan ajal diredi.
Imansyz gitmekden Hudaý saklasyn,
Çokunjak bolmagyn bäş manat görseň,
Ynan utanjyňdan ýere girersiň,
Allah huzuryna günäli barsaň.
Gaýgysyz ýaşardy hemme adamzat,
Dünýe bolsa ýaşamaly ýerimiz.
Ýalbaryp aglarsyň, ýanmajak bolup,
Aglar biziň üçin Pygamberimiz.
Synag seňki, hiç zatda-da zorluk ýok,
Bilmeýän zadymy maslahat bermen.
Meniň borjum dogry ýoly görkezmek,
Öz eliň, öz ýakaň özüň pikirlen.
Kuwwat Ýazmuhammedow
104 |
13 |
2 |
6 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Kapiro [off]
Allah diýene Allah ýetişer
24.01.2026 / 16:16
+0
Iýjek çöregiň başdan bölünip berlen bir çak,
Haçana çen çöregiň gamy bilen gün görjek?
Seniň aladaň diňe Hudaýa gulluk etmek,
Galan zatlaryň bary biderek gürrüň etmek!
Hz.Jamy
Minigim (24.01.2026 / 20:01)
Kapiro, gaty gowy
Gulmahrem [off]
25.01.2026 / 01:41
+1
Iniň tikenekläp gidýä, goşgyny okasaň. Alla her musulmana iki dünýe abatlygyny miýesser eýlesin. O dünýede iman, munda abraý baýlygyny. Amin!
Minigim (25.01.2026 / 05:53)
Gulmahrem, Ämin inşallah
TäzejeAtanyyaz (25.01.2026 / 12:59)
Gulmahrem, Amin
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...