Mishel [off]
Düýn, 23:12
Türkmen mentalitetinde ata-ogul ýa-da eneli-gyz biri-birlerine keseki adam ýaly bolup ýörseler gaty uly aýyp saýylýar.
Men
Başga bir ýerlerde türkmen milletiniň mentaliteti gowy bolmagy mümkin emma şu saýtyň pikirler bölüminde ýazyşýan türkmen milletiniň mentaliteti ýere degerlik. Özüň hem pikirlere girip bu ýerde paýyş we utançsyz ýazyşmalry ýazýanlara goşylýanyňy men biýän. Ýene-de mentalitetiňi magtajak bolup azara galýaň. Ýalan sözlemek hem mentalitetшň pesligi.
1-2 ýyllykda habarlarda eştdim. Biritaniýada kämillik ýaşyna ýeten bir ýetginjek ene atasyny suda berýär. "Näme üçin bular menden soraşman dünýä getirýäler. Men inndi kösenip ýörün. Ýaşaýyş agyr" diýip dawa edýär... Ol suduň näme bilen gutaranlygy maňa garaňky, gyzygy hem ýok. Ýöne näme üçin bu zatlar şol jemgyýetde geň däl, aýyp däl?!
Men
Türkmen maşgalasy özara suda gatnamaýar. Olar dawa etmeýär diýmekçi bolýan bolsaň onda sud, prokuratura, polisiýa edaralaryna girip gör. Ýer üçin, mellek üçin, jaý üçin, emläk we öý goşlary üçin özara ýakalaşyp masgara bolup ýören türkmenleri barda gör.
Sizi bilemok welin, meni-hä biparh goýanok şeýle wakalar.
Men
Biparh bolman näme etdiň. Olar üçin. Goý uruşmaň diýdiňmi?. Ýa bolmasa jübüňden çykaryp kömek puly berdiňmi. Ýada mellek we jaý üçin dawalaşýanlara mellek alyp berdiňmi. Seniň bu ýerde ýazanyň bu bir gury söz.
Bu saýt agzalary biriniň halyna nebsi agyryp olara kömek edip biljek adamlardan durmaýar. Bu ýerde özara tanyşlyk bilen jan saklap otyran nalajedeýin, sowatsyz agzalardan doly.
Ýöne birhili näme üçinligine düşünýän ýalak bolup duryn. Muny ýene bir waka bilen esaslajak...
Geçen tomus bir ors ýaşulysy bilen söhbetdeş boldum. Takmynan 65-66 ýaş töweregi pensioner ýaşuly. Ýeke ýaşaýar. Haçan ölse ölübermeli. Hossary ýok. Maşgala ýok...
Men
Şonda öz hossarlygyňy hödürleseň bolmaýarmy. Ölenden soň yzyna we zatlaryna eýe bolardyň. Şeýdip ýören türkmenler az däl. Hossar bolan bolup aslynda tizräk ölmegini diläp ýörenler ýokmy seniň ýaşaýan ýeriňde. Sen ahmal galypsyň. Ýeke ýaşap ölen againileriniň mellegi we jaýy üçin ýakalaşyp ýören türkmenleri göreňokmy.
Ol türkmençäni büdür-südür bilyä, menem orsçany büdür-südür bilýän. Garaz düşünişdik...
Men
Bu ors diýýäniň nähili edip rusçany büdür-südür bilýär. Ol näme Türkmenistanda ýaşaýarmy?. Ýaşaýan bolsa näme üçin ol türkmen dilini bilenak. Sen näme üçin rus dilini büdür-südür bilýäň. Näme üçin gowy bileňak. Dil bilmän ýenede mentalitet barada söz açanyňyza haýran. Körler ýumruklaşan ýaly bolansyňyz. Diňe sowatly adamlar özara sözleşenlerinde sowat, bilim we ylym galyberse tehnologiýa arkaly dogry mana, dogry teoriýa, dogry netijä gelip bilýär. Bu ýerde ikiňiz hem sowatsyz.
Diýjek bolýanym, şonda şol ýaşulydan içimdäki "düşnüksizlikleri" soramana pursat boldy.
Men
Sowatly bolanyňda bu orsdan sorap otyrmazdyň içiňde bar bolan " düşnüksizleri". Bu soraglary internetden okamak arkaly, analitika etmek arkaly düşünerdiň we bu ýerdäki agzalara peýdaly we düşnükli makalany hödürlärdiň.
Orslar adatça gezip-gezip giç durmuş gurup, ikitaraplaýyn doly ylalaşyp taýýar ýagdaýa gelýänçäler çagada edinmeýäler. Etselerem 1, aňry gitse 2 çaga... Olaram ulalyp belli bir ýaşa ýetensoň, onsaň olaram özbaşdak. Iki är-aýal orsam garrap tapdan gaçanson, ikisem ýalňyz, söýenjegi, guwanjagy ýok. Çagalary bireýýäm özbaşdak bolup taşlap gidyäler...
Ine şular adaty rus maşgalasynyň durmuşy...
Men.
Nädogry. Ruslar esasan irte öýlenýärler. Olar okuw okaýan bolsada öýlenýäler, gyzlary hem tiz durmuşa çykýalar. Rus medeniýeti, däp-dessurlary biz türkmenlere örän ýakyn. Türkmen gelinleriniň toýda fata geýinmegi, ýüzük dakmagy we bir topar däp-dessurlary ruslardan alynan. Ruslar öz dilini, medeniýetini, däp-dessuryny dünýä ýaýratmak üçin örän köp iş edýäler.
Ilki bilen mazalyja oka, taýynlan. Onsoň ýaz. Bu seniň üçin däl, seni okanlar üçin gowy bolardy.
Indi men şunyň näme üçin şeýle bolýanlygyny şol ors babaýdan soradym. Ol uzak pikirlendi-de şeý diydi:
"Muň jogaby ýönekeý. Siz türkmenler çagalaryňyza kiçilikden mähir berýäňiz. Gije ýatanlarynda-da çagalar är aýalyň ortasynda ýatýar. Hatda uly ýaşa ýetselerem ýanyňyzda ýatjak bolup doganlar biri-bilen uruşýalar. Çagalaryň ene-atasyna we ene atalaryňam çagasyna eýýämden söýgüsi, mähiri uly. Şol mähir bilen ulalýalar. Kiçilikden ýüregine guýulan, ene atalary ynjytmaly däldigini. A bizde beýle zatlar ýok. Belli ýaşa ýetensoň aýry ýatyrýas, aýry saklaýas. Çaga şony bilýär eken. Çaga diýilýän mähir bn ulalýan eken. Biz şeýdip özümizden daşlaşdyrýas." diýipdi...
Men
Onda näme üçin ruslar öz köne däbine gaýdyp gelmeýär. Bu kyn iş däl. Çagany orta alyp ýatmak üçin ullakan serişde gerek däl bolsa gerek. Gaýta "detski komnat" üçin köp çykdaýjy etmeli.
Bu jogap meni çyndanam oýlanmana mejbur etdi.
Hakykatdanam biziň jemgyýetimizde-de soňky 10 ýyllykda rusçalap aýtsak "detskiy komnat" diyen düşünje girip geldi. Orslar hakykatdanam belli ýaşa ýetensoň, meselem aýdaly çaga süýtden aýrylansoň (belki ondanam kiçiräkgä) eýýäm özbaşdak komnata geçiryäler. Suw ýaljak çaga başga komnatda ýeke ýatýar. (Diňe ruslarda däl, başga köp ýurtlaň medeniýetinde-de şeýle , kinolarda goryänsiňiz).
Bizdäki detskiy komnat diýip çagalary kiçilikden bölek saklamak maşgala agzalarynyň arasyndaky sowuklyga alyp gelýäni çyn.
Men
Bu diiýäniň esassyz. Adamlary biri-birinden daşlaşdyrýan zatlar köpelip gitdi. Şolardan telewizor, telefon, maşyn, okuw we iş. Häzirki döwürde bu ullakan meselä migrasiýa hem goşulyp gitdi. Är-aýallar bölünip her haýsy bir ýurda gidip otyrlar. Elbetde olaryň özara gatnaşygy sowuklaşmasy köpelip gitjegi.
Adamlar häzirki zaman tehnolgiýasyna we oňaýlyklara üns berip biri-birine mähir paýlaşyp otyrmana wagt tapmaýarlar. Mysal üçin şu wagt men ine şu teswirleri komputere ýazyp otyryn we bar ünsüm şu teswirleri ýazmakda. Egerde internet we telefon bolmadyk bolanda men şu wagt öz ýakynlarym bilen ýüzbe-ýüz bolup otyrmana mejbur bolardym içimiň gysmazlygy üçin.
Şeýle seretseň ýüzleý ýalakdyr. Ýöne ruslaram bir günde şeýle bolmadylar. Ýyllar dowamynda oýlanşykly, ara bölmek üçin ornaşdyrylan medeniýetmikä diýip oýa batyrýar. Sebäbi maşgala bitew bolmasa - jemgyýet bitew bolmaýa.
Ýa bolmasa spalny medeniýetini alyp göreliň. Özüni oňarýanam, oňarmaýanam başgalardan kem galmajak bolup, göti-başy 2 komnatly 50 kwadrat metrli öýüne spalny getirip goýýar..
Spalny näçe adamlyk? 2 adamlyk. Bu diýdigi 3-nji, 4-nji artykmaç diýdigi...
Ata-babaň spalnyda ýatypdyrmy diyyän-dä?!
Türkmene ýerden gowsy barmy. Biz kiçikägem bir setire düzülip ulydan-kiçä uzanlygyna ýatylardy. Hatda myhman gelsede, şol uzynlygyň dowamçysy bolardy, bir jaýyn içinde... Hiç hili sen otaýda ýat, sen butaýda ýat ýaly gürrüňler bolmazdy... Bizem , biziň eje-kakalarymyzam şeýdip ulaldy.
Umuman, näme diýjek bolýanymy onça-munça düşündirip bilendirin öýdýän. Ýogsa temadan daşlaşyp barýan.
Men
Dogry aýydýaň. Temany bulaşdyrýaň. Ondan many çykaryp bileňäk. Emma şu ýaramaz ýazan zadyňa ençeme plus alanyňa seretseň bu ýerde tanyşlaryňy mazalyja öz peýdaňa ulanýandygyňy görkezýär. Men bolsa plus ornuna minus goýýan.
Adamlary oýynjak hasaplanyň üçin
28 |
13 |
3 |
1 |
0 |
0 |
0 |
TäzejeThe_Dikea [off]
Şugün, 00:20
+0
Jogaba jogap bilen sorag berjek bolupsyň, bu tema giň we senem hakyky yagdayy orta goymak uçin dälde awtory tankytlamak uçin yazanyn gornup dur, bu temada islendik jogap dogry, sebäbi 7 milyard adam bar bolsa 7 milyardam pikir bar. Men seniň edip ýören herrkediňi sada we manyly dilde, meselemde gorkezeyin.
6 7 adam bolup gurlesip otyrs. Men orta gep atdym. " Hökümet tutuş halkyň bähbidine dälde diňe halkyň elite bölegine hyzmat edýär" jogaplar:
Narsist: men muny köpden bäri aýdyp gelýän, sebäbi men bu sistemaň nähili işleýşini beýlekilerden gowy bilýän (özüni ýokary dereje edip görkezýär)
Egoist: maňa täsir etmese bolly, maňa gyzykly däl, (aladasy jemgyýet däl, özüni bilýär)
Idealist: ýok, dogry döwlet ýolbaşçylar bolsa döwlet halk üçinem işläp biler. (Bolsa, biler dusunjesi bilen yoreyär)
Realist: käbir yerlerde halka, käbir yerlerde elita, ol diňe ak ýada diňe gara bolup bilmeýär. (Sowuk jogap ýöne dogry analiz)
Kommunist: bu kapitalistik gurluşyň netijesi (sistemany gunäkärleýär)
Kapitalist: halkyn elite bolegi osusi doredyär, osus bolsa ahyry halka peyda beryar (ýokardan asak dammak logikasy)
Filosof: döwlet güýçdir, guýç bolsa mydama özüni goramaga meýilli.
Passiw: bolup biler...
TäzejeVandenes [off]
Şugün, 01:13
+0
Begenip girdim gyzykly diskussiýa başlajagow diýip (saýtda beýleki mowzuklara garanyñda), garaşýan tankydym çykmady. Tankytlamak üçin tankytlanan. Fakt ýok. Birnäçe pikir bolup biler ýöne iñ bolmanda meñ pikirimçe diýip bir gitmeli ekeniñ.
Belki [off]Alladan dilänim -- bu gün ol meñki!
Şugün, 01:58
+0
Tankytlanýan mowzuk näderejede subýektiw we anyk materiallara esaslanmadyk bolsa, tankytlaýan mowzugam şo derejede subýektiw we anyk materiallara esaslanmadyk.
Iki mowzugyň eýesem hiç bolmanda mowzugy okajaklaryň hatyrasyna bir-ki sanyjak statistikajyk getiren bolsady...
Чем Dark_Wolf мутить чистую воду чтобы получить грязную
Tankytlanýan mowzuk näderejede subýektiw we anyk materiallara esaslanmadyk bolsa, tankytlaýan mowzugam şo derejede subýektiw we anyk materiallara...dowamy...
Чем Dark_Wolf мутить чистую воду чтобы получить грязную
Begenip girdim gyzykly diskussiýa başlajagow diýip (saýtda beýleki mowzuklara garanyñda), garaşýan tankydym çykmady. Tankytlamak üçin tankytlanan...dowamy...
Чем Dark_Wolf мутить чистую воду чтобы получить грязную
Jogaba jogap bilen sorag berjek bolupsyň, bu tema giň we senem hakyky yagdayy orta goymak uçin dälde awtory tankytlamak uçin yazanyn gornup dur,...dowamy...
Syrly älem
Kagyz pul: Pullar hakyky kagyzyň aksine, agaçdan däl-de pagta we zygyr matasyndan ýasalýar. Aksine sözüni intäk türkmen diline goşanoklar...dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №8
Şo dünýä garaýyş adama gaty täsir etýär. ana, telefon internet çykany bäri ýaşlarymyz näme öwrenýärler. соцапат bolup barýarlar gitdigiçe. Diýjek...dowamy...
...