Dark_Wolf [off]
25.01.2026 / 18:16
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
Mähir
Türkmen mentalitetinde ata-ogul ýa-da eneli-gyz biri-birlerine keseki adam ýaly bolup ýörseler gaty uly aýyp saýylýar.
1-2 ýyllykda habarlarda eştdim. Biritaniýada kämillik ýaşyna ýeten bir ýetginjek ene atasyny suda berýär. "Näme üçin bular menden soraşman dünýä getirýäler. Men indi kösenip ýörün. Ýaşaýyş agyr" diýip dawa edýär... Ol suduň näme bilen gutaranlygy maňa garaňky, gyzygy hem ýok. Ýöne näme üçin bu zatlar şol jemgyýetde geň däl, aýyp däl?!
Sizi bilemok welin, meni-hä biparh goýanok şeýle wakalar.
Ýöne birhili näme üçinligine düşünýän ýalak bolup duryn. Muny ýene bir waka bilen esaslajak...
Geçen tomus bir ors ýaşulysy bilen söhbetdeş boldum. Takmynan 65-66 ýaş töweregi pensioner ýaşuly. Ýeke ýaşaýar. Haçan ölse ölübermeli. Hossary ýok. Maşgala ýok...
Ol türkmençäni büdür-südür bilyä, menem orsçany büdür-südür bilýän. Garaz düşünişdik...
Diýjek bolýanym, şonda şol ýaşulydan içimdäki "düşnüksizlikleri" soramana pursat boldy.
Orslar adatça gezip-gezip giç durmuş gurup, ikitaraplaýyn doly ylalaşyp taýýar ýagdaýa gelýänçäler çagada edinmeýäler. Etselerem 1, aňry gitse 2 çaga... Olaram ulalyp belli bir ýaşa ýetensoň, onsaň olaram özbaşdak. Iki är-aýal orsam garrap tapdan gaçanson, ikisem ýalňyz, söýenjegi, guwanjagy ýok. Çagalary bireýýäm özbaşdak bolup taşlap gidyäler...
Ine şular adaty rus maşgalasynyň durmuşy...
Indi men şunyň näme üçin şeýle bolýanlygyny şol ors babaýdan soradym. Ol uzak pikirlendi-de şeý diydi:
"Muň jogaby ýönekeý. Siz türkmenler çagalaryňyza kiçilikden mähir berýäňiz. Gije ýatanlarynda-da çagalar är aýalyň ortasynda ýatýar. Hatda uly ýaşa ýetselerem ýanyňyzda ýatjak bolup doganlar biri-bilen uruşýalar. Çagalaryň ene-atasyna we ene atalaryňam çagasyna eýýämden söýgüsi, mähiri uly. Şol mähir bilen ulalýalar. Kiçilikden ýüregine guýulan, ene atalary ynjytmaly däldigini. A bizde beýle zatlar ýok. Belli ýaşa ýetensoň aýry ýatyrýas, aýry saklaýas. Çaga şony bilýär eken. Çaga diýilýän mähir bn ulalýan eken. Biz şeýdip özümizden daşlaşdyrýas." diýipdi...
Bu jogap meni çyndanam oýlanmana mejbur etdi.
Hakykatdanam biziň jemgyýetimizde-de soňky 10 ýyllykda rusçalap aýtsak "detskiy komnat" diyen düşünje girip geldi. Orslar hakykatdanam belli ýaşa ýetensoň, meselem aýdaly çaga süýtden aýrylansoň (belki ondanam kiçiräkgä) eýýäm özbaşdak komnata geçiryäler. Suw ýaljak çaga başga komnatda ýeke ýatýar. (Diňe ruslarda däl, başga köp ýurtlaň medeniýetinde-de şeýle , kinolarda goryänsiňiz).
Bizdäki detskiy komnat diýip çagalary kiçilikden bölek saklamak maşgala agzalarynyň arasyndaky sowuklyga alyp gelýäni çyn.
Şeýle seretseň ýüzleý ýalakdyr. Ýöne ruslaram bir günde şeýle bolmadylar. Ýyllar dowamynda oýlanşykly, ara bölmek üçin ornaşdyrylan medeniýetmikä diýip oýa batyrýar. Sebäbi maşgala bitew bolmasa - jemgyýet bitew bolmaýa.
Ýa bolmasa spalny medeniýetini alyp göreliň. Özüni oňarýanam, oňarmaýanam başgalardan kem galmajak bolup, göti-başy 2 komnatly 50 kwadrat metrli öýüne spalny getirip goýýar..
Spalny näçe adamlyk? 2 adamlyk. Bu diýdigi 3-nji, 4-nji artykmaç diýdigi...
Ata-babaň spalnyda ýatypdyrmy diyyän-dä?!
Türkmene ýerden gowsy barmy. Biz kiçikägem bir setire düzülip ulydan-kiçä uzanlygyna ýatylardy. Hatda myhman gelsede, şol uzynlygyň dowamçysy bolardy, bir jaýyn içinde... Hiç hili sen otaýda ýat, sen butaýda ýat ýaly gürrüňler bolmazdy... Bizem , biziň eje-kakalarymyzam şeýdip ulaldy.
Umuman, näme diýjek bolýanymy onça-munça düşündirip bilendirin öýdýän. Ýogsa temadan daşlaşyp barýan.
211 |
44 |
14 |
19 |
1 |
0 |
1 |
OrazM [off]
sallanchakdan gachan
25.01.2026 / 18:37
+2
dogry aýtýaňyz.., hawa gaty dogry.
Bu babatda köp teswir ýazdym, pozdum dogrusy. Gaty çuňa girip barýan. Pikiriň çuňlugy şu ýerde kime gyzykly. Vse ravno hemişeki çynlakaý okyjy bile çynlakaý tesvirleýji agza ýok.
Basmacy (25.01.2026 / 18:47)
OrazM, menem şeý diýýän. Ýöne ýazýana ine arasynda druk:)
OrazM (25.01.2026 / 18:52)
Dark_Wolf, ýòrüte okamak üçin geldim dost şoň üçin
Basmacy (25.01.2026 / 18:53)
OrazM, ýazda onda, ýazyp-pozan zatlaryňy
OrazM [off]
sallanchakdan gachan
25.01.2026 / 18:47
+1
Hemişe şeýle temalarda tesvirler sanyna seredip şula gaty gyzykly tema bolmaly, ýada birini gowy tankytlamana durdylar diýen pikir bile tema girilýädi. Bay bow giden halanan pluslar tesvirleň plusam ýeterlikli pluslanardy. Birhili awtoryň çeken azabyna degýädi.
Belki [off]"Bilirim ki... Bilirim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
25.01.2026 / 19:00
+1
Mahir diylen zat gije bile yatmak bilen boljak zat dalmika diyyan. Otag ayyrmagy dogry hasap edyan. Caga islan wagty oz icki dunyasi bilen bolmagy saylap bilmeli, islan wagtam masgala agzalaryna gosulmaly.
Ol öý aýyrmagyň sebäbem mähir däl-de 18 yasandan son perzent oz yoluna gitmegi dap bolupdyr sebabi sondan son eklenjini ene-atana atmak utanc sayylya. Turkmen bolsa eklenje gosandy bolmasada cagasyny oyerjek, okatjak bolup hayyr-helak. Onson seyle kosencliklerden sonam perzent ene-ata garran cagy yoldas bolmalydygyna dusunya...
TäzejeThe_Dikea [off]
25.01.2026 / 19:46
+1
Mähirdenmikä!?)
Aý ýoklaý, özümizi aldap otyrs, türkmen maşgalalaryň sisitemasynyň işleýşi şeýlä, çagany ýaşlykdan dili gysga edýäler.
- diňe seniň üçin edýäs
- esasy zat sizi gowy ýasadybilsem bolýar.
- ulalamdada şul oglym maňa gowy seredermilä diýýän.
Umuman haýsy hojalykda aýdylanok şu sözler. Hemme maşgalada bolmasada köp maşgalada körpe ogulyň lälilräk saklanmagynyňam sebäbi şol. Onsaňam menä detiski komnata yatyp ulalan yone ulalandada ene atasy bilen bir oyde yasayan kop yurt bilyän, meselem turki yurtlar.
Onsanam, ata babalarymyz nä şeýdipdirmi?! diýen düşünjede ýa garybyňkydyr ýada könepikirli, döwùrden yza galan kelläň düsünjesidir. Garyp bolmaklygy yazgaramok, sol dusunjäni halamok.
Basmacy (25.01.2026 / 21:30)
The_Dikea, ..
Men esasy ors babaýyň aýdanyna urgy berjek boldum. Galan instrumentler bilen işim ýok. Kim mähiri nädip alsa şeýdip alsyn, nädip berse şeýdip bersin.
Ýöne menä beýdip ulalan oglan däl. Beýle ajaýyp teklip bolmady maňa-ha. Deň derejede ene atalygyny etdiler.
Ýone adama esasy söýeg garranda gerek. Kakam hemişede diýýär "bilimde gurbat barka hiç kime azar bolmaryn, saňada çörek getir diýmerin, özümi özüm bakaryn" diýýär. Hemme ene atada garranda ýalňyz galmakdan gorkýar.
Basmacy (25.01.2026 / 21:32)
The_Dikea,
Onsaňam menä detiski komnata yatyp ulalan yone ulalandada ene atasy bilen bir oyde yasayan kop yurt bilyän, meselem turki yurtlar.
Detskiy komnaty men özüm mysal getirdimlaý.
Orslaram bizçe gowy göryändir çagalaryny. Ýöne olarda azajyk egoistlik bolmagy mümkin. "Bar kellämi agyrtma öz komnatyňda" otyr diýýän ýaly...
Türki bilen türki däl ýurdyň tapawudyny bilmeris uzagy 5-10 ýyldan. Bilmedimdä
[color=#f82e00]Onsanam, ata babalarymyz nä şeýd
Basmacy (25.01.2026 / 21:32)
The_Dikea,
Onsanam, ata babalarymyz nä şeýdipdirmi?! diýen düşünjede ýa garybyňkydyr ýada könepikirli, döwùrden yza galan kelläň düsünjesidir. Garyp bolmaklygy yazgaramok, sol dusunjäni halamok.
Men garypmy, baýmy bilemok, ýöne köne pikirlidigim çyn. Boyun alýan)
Ata-babalary şo durşyna kopýalaň diyemok men. Ýa oydäki goşlary çykaryp taşlaň diymedim. Könelerimiziňem hemme eden işleri dogry däl.
Ýöne ahlak kadalaryny gaty gowy ýöredipdirler. Galanam ýokar
Basmacy (25.01.2026 / 21:33)
The_Dikea,
Ýöne ahlak kadalaryny gaty gowy ýöredipdirler. Galanam ýokarda aýdanym kim nähili usul bilen bagtly bolýan bolsa özi bilýär. Kim seň aýdyşyň ýaly "hemme zady siziň üçin edýäs"diýip minnet etsin, kim söýüp ezizlesin, esasy maşgla bitew bolsa bolýa maňa.
Basmacy (25.01.2026 / 21:34)
The_Dikea,
Bäh, gaty biderekligini etdaý saýt şu gezek. Jemläp ýazyp bilmedim
Gulmahrem [off]
25.01.2026 / 21:23
+0
Aýratyn komnatda ýatyrylsa-da, çagalary mähir bilen ulaldyp ösdürip bolar öýdýän men-ä. Ata-enede mähir çogup duranda her hal çaga ýeterlik paý berip bolar. Ýöne çagany boluşyndan artyk söýüp, ony beter läliksiretmekden saklanmaly. Ýerinde käýäp, ýerinde söýüp, tertip-terbiýäniň jylawyny deň saklamany başarmaly dp, düşünýän. Özümiz şeýle ösdük, çagalaram şoňa ugrukdyrmaga synanyşmaly bolarys.
Aslynda, başarsaň, guýmagursaklygy ündemeli.
Basmacy (25.01.2026 / 21:39)
Gulmahrem, doganjan çykaryň-how kellänizden şol detski komnaty. Ol diňe şol ors babaýyň şahsy pikiri.
Ol umuman uzak ýyllar bärde ýaşap, türkmen maşgalasyndaky özara ysnyşyklary başga taraplaýynam görüp ýörendir.
Emma özlerinde şol baglanyşdyrýan linýany nireden gaýdýanyny bilenok ýada paýhasy ýetenok. Sebäbi şol dialogyň dowamynda ors babaýdan men ýene soradym " näme üçin mahriban bolaňyzok, eger hemme sebäp şol bolsa" diýenimde, "dogrusy özümem bilemok, bu eýýäm giç, biz şeýle ýa
Basmacy (25.01.2026 / 21:41)
Gulmahrem,
"dogrusy özümem bilemok, bu eýýäm giç, biz şeýle ýaşamany öwrenipdiris" diydi.
Gulmahrem (25.01.2026 / 21:47)
Dark_Wolf, Alaýt, Dark, hemişe wawwaly mesele gozgaýaň-da, başagaý edýäň bizi :)
Seniň her mowzugyň gyzykly. Köpüräk ýazyp dur şular ýaly zatlary. Köpüň pikirinden sapak almak her kim üçin peýda getirer.
TäzejeVandenes [off]
25.01.2026 / 21:32
+0
Mähir diýleni-hä çyn.
Ýöne bile ýatyrmagam pereborşit etmeli dälmikä diýýän. Ýekede köp goýmaly däl bu dogry, çagada gorkup bilýä basyrganyp bilýä. Ýöne käbir soñky maşgalalañ çagalary ýaly sadikda ýa mekdepde "eje-kaka" oýnamalysy we şony bilmegi hiç bir medeniýetdede, mentalitetdede ýol bererlik ýagdaý däl. Çagañ psihikasyna erbet täsir edýä gören eşden zady. Bu subut edilen zat.
Ýene bir zat ata-babalarymyz çarwa bolan belki şondan gaýdýandyr opşy komnat. Indi o döwür ýok. Biläýmedikdä. Bir bilýän zadym hemme zadyñ ortalygyny, balansyny saklamalymyka diýýän. Orslañ, ýewropañ terbiýesi terbiýe boldugy dälä.
TäzejeVandenes [off]
25.01.2026 / 21:37
+0
Ol "azar berme" diýip çagañ ýüzüni alynýan temany gozgamaýyn belki ýeri däldir, belki uzak temadyr. Özleri telefon oýnamak, serial görmek üçin biziñ türkmenlerimiziñem köpüsi bizar çagalaryndan. Şoñ üçin "tiktok nesil" we ş.m. döredi yzy gürlener bu gidişde pikirlenmägede gorkýan.
Basmacy (25.01.2026 / 22:00)
Vandenes, gürläber bratok. Owadanlabam sögüber)
Düşünýän saňada.
Häzir mysal getirmeli bolýaň. Sebäplerini aýtmaly bolýaň we şol sebäplere sebäpçi bolýanlary tankytlamaly bolýaň... Şeýdip gyzmalyk edýäň.
Garaz özümizdede bolýan ýagdaý)
TäzejeVandenes (25.01.2026 / 22:13)
Dark_Wolf, hakyky gyzmalyga edilýä.
Olam dogrusy şol garagöz çagajyklara şeýdilişi üçin. Gündelik temalar bolansoñ indi gepläp ýadadym (realda). Bärdede nesip bolsa irdenki çaý çöregini edinen kelle bilen ýazaryn)
Orhideya [off]
25.01.2026 / 23:25
+1
Türkmençilik agzybir bolmany öwredýär, emma özbaşdak bolmagy öwredmäni ýadyndan çykarýar. Mähir näçe bereňde-de çaga her dürli bolýar , seniň doganyň ýa-da jigiň bar bolsa ikiňizede şol bir mähiri beräýenlerinde-de ikiňiziň pikir edişiliz gylyk-häsiýetiňiz deň gelmän bilýar. Mähir bermekde däl gep ene-atanyň berýän terbiýesindemikä diýýän men-ä
Pearl_ (26.01.2026 / 08:54)
Orhideya, Máhir bermegem degişli şoña. Edep terbiýe-de, sylag-hormat we ynam gapjagazlaryny doldurmaly.
Sagdyn düşünjeli bolmaklygy üçin. Ol gaplaryň birini dolduryp, birini doldurman goýsañam däl. Ol gaplaryň hemmesini öte, çendenaşa doldurmalam dál, üns etmeli muňa-da.
(Diňe terbiýe berseñ bu birhili düzülip goýulýan funksiýaly robat ýasalşy ýaly bolmazmy?!)
Pearl_ (26.01.2026 / 08:58)
Orhideya, sagdyn ruha eýe bolmasy üçin diňe terbiýe bermek ýeterlik dál diýjek bolýan.
Mishel [off]
26.01.2026 / 09:42
+0
Özüňi akylly edip görkezme. Sen hem bu ýerde şeýle diýip ýazanyň bilen ata-enäňi kese ýykan adam bolaýma birden. Bir özüň nähili bolaýdyň beýle rehimdar adam
Mishel [off]
26.01.2026 / 11:15
+0
Ýaman perzendi Britaniýadan ýada Rossiýadan gözläp ýöreme. Şu saýtyň pikirler bölüminden gözle. Gijesi bilen gyz bilen oglan utanç we paýyş sözleri güwledip otyrlar. Özüň hem olara goşulyp utanç sözleri ýazýaň. Onsoň ata-eneňi kwartira üçin suda berenden gowymy.
Gije on ikide hemme uklaýar. On ikiden soň oglan bilen ýazyşýan gyz uklaman ýorganyň teýinden ýazýarmyka bu hili zatlary. Şolary ýazyp utandyrsaň bolmaýarmy. Britaniýalary utandyrjak bolup azara galyp ýöreniňden.
Kapiro [off]
Allah diýene Allah ýetişer
26.01.2026 / 16:01
+0
Ýaşaýyş durmuşumyz örän çylşyrymly. Kä adam çagasyny söýüp mähir siňdirip ýetişdirýär ýone soňunda olardan diňe ýamanlyk görýär.Kä adam çagasyndan bizar diňe öz keýip sapasy bilen döwran sürýär,gaýta onuň çagasy oňa gowy seredýär. Meniň gelen netijäm bu zatlar biziň özümize degişli bolman bizi dolandyrýan, synagdan geçirýän Allah bilen baglanşykly bolmaly.Diýjek bolýanym adamlaryň her biri aýratyn ýaradylan zat,robot ýaly näme program ýüklense şoňo görä işlänok,ol öz dünýägaraýyş ýoluny köp ýerden alýar.
Fantom [off]
Düşünjäň düşünjäm bilen deňleşende düşünersiň... 👋
26.01.2026 / 18:57
+1
Şo dünýä garaýyş adama gaty täsir etýär. ana, telefon internet çykany bäri ýaşlarymyz näme öwrenýärler. соцапат bolup barýarlar gitdigiçe. Diýjek bolýanym, her dögür bir dögür. öňler türkmenler ene atany garrylar öýne bermegi namys ederdiler, indi gör... Şu zatlaryň hemmesi tehnalogiki terbiýeler. ene ata näçe gowy terbiýelesinler, şo tehnalogiýany aňy goýalyk zada akyly ýetýänçä şondan daşlaşdyrmasa, Paýynç söwmänem öwrener, eýleki beýleki zatlaram aňyna birugsat girer gider.
IDEALLIDER2 [off]
29.01.2026 / 09:36
+1
Çaga aýratyn komnatda bolsa özbaşdak bolmany we planlary gurmagy çalt öwrenýär we ugur tapyjy bolýar. Oňa derek sylagy, hormaty, ahlagy pes. Çaga eje-kakanyň arasynda bolsa sylagly hormatly aladaçyl ahlakly bolýar. Oňa derek özbaşdak ýeke hereket etmek kynrak düşýär we planlary, pikirlei kellesinde jemläp ýetişenok. Emma şu ikisini 1 çaga sygdyrmak, eje kakadan uly psihiki güýji talap edýär. Eje kakada göterenok we haýsy hem bolsa birini saýlaýar.
Bedr söweşi
Şol sòweşde 2 gezek şeýle bir tupan turdy diýilip aýdylýar. Her gezek tupan turanda asmandan 500 perişde inipdir. Olar şeýle tizlik bilen her...dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №10
Şeýle temalar üçin minnetdar awtor. Okanyňa degýän tema dogrusy. Dowamly bolsun ...dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №10
Herki wagtda içine şeýtan ornan milletler bolan häzirde şeýle. Ýöne musulman döwletinde şeýle zatlar biz ýaly gumuň Oglanlary üçin gaty geň....dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №10
Antitürksüpük diýip ertir.comdakylara diýemde dyşyma ary wyzzyllan ýaly çozýadylaraý antitürksüpükler...dowamy...
Bedr söweşi
"Kimler güler, kimler aglar, Hany ol howaly baglar, Bediriň uruşynda daglar, Alty aýlap duman boldy."...dowamy...
Bedr söweşi
Bu Bedr söweşinde musulmanlar özlerinden 3 esse köp bolan goşun bilen uruşdylar, uruş wagty gorag üçin gökden 500 sany perişdäniñ ýere ineni agza...dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Deň etmän duş etmez Pis pisi tapar, suwam pesi...dowamy...