“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Aixcam_nx : Akyllam bolup gordm hicx mana gelisenok#Aixcam_nx

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Öwez ogul / hekaýa
 Täzeje
 dabir [off]
 29.01.2026 / 12:33

Pyragy dünýä düýşdür,
Düýş görseň, düýbi hiçdir,
Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

Magtymguly “Diş gitmek”

Ejem pahyr aram-aram, gaýtalap gürrüň bererdi.
Menden öňki oglanjyk iki ýaşap-ýaşaman, bir ýarym ýyla çeken ýarawsyzlykdan soň ýogalypdyr. Kakam pahyr özi ýetim ulalansoň, meniň şu wagtky bolşumdan müň esse beter çagaň ölemeni. Ejem görgüli bolsa, öňä-hä heniz bir ýaşamadyk ekiz gyzyny, soňam ýaňybir tutak-tutak bolmaga ýaran ogluny ýitirip, kakamdan milýon esse beter perişan halda, hiç özlerini alyp bilmeýärmişler.
Ýogsa, ikisem takdyra ten berip, Hudaýa şükür etmeli, şol wagt tüweleme, üç ogul, üç gyzlary bar.
Emma onda-da ýöne, biri-biriniň ýüzüne seretdikleri, ýaňky maňa ady dakylanjanyň keşbi göz öňünde janlanyp, «...gözümize görnüp, ýüregimiz tüýdülip barýa-da, ikimiziňem» diýerdi, pahyr.
Onsoň kakam-a, şoň ýaly bolanda, tapyr-tupur turup, öýden çykyp, gidiberer ekeni.
Ejemem zir-zöwran.
Iň erbet ýerem ikisiniňem şo zaman garamatlary boýunlaryndaky bir gujak çülpe bilen hiç seri ýokmuş.
Hamana, ojagaz gidende, özi bilen galan çagalara bolan mähir-muhabbetem, ata aladasy bilen ene hamraklygynam ýanyna göterip alyp giden ýaly, ýöne, ikisem dünýäň hemme zadyna buzdan beter sop-sowukmyşlar.
Ol wagt o çagalaryňam iň ulus-a 12-13 ýaşynda, körpesem ýaňy 5-ini dolduran etene.
Bu çagalaram, öň hemişe daşlarynda jöwlan urýan eje-kakasyna näme bolýanyna teý düşünip bilmän, hamana, şol bolup geçýän zatlara özleri günäkär deý, otdan pes, suwdan sus, ýüzlerini sallaşyp, müýnli gezişip ýörmüşler.
Ejem görgüli şo günlerini ýatlanda, gaty gyýylardy.
«Men petigara, bularyň näme iýip-içýäni bilenem düzüwli gyzyklanmandyryn. Özüme zor salyp, kä gün nahar-şorlaryny etmäge mejbur etsem, kä günler-ä şoňa-da höwesim bolmandyr. Şo-o-o gatan gurbakga ýaly dulda syryljap, içimi tutup, hatda aglamaga gözýaşymam tükenip, doňňara-daş bolup ýatypdyryn. Onsoň ýöne, şu uly uýaňyz bilen agaňyz ikisi, itenek-çomanak bolşup, aşak ýanlaryndakylaryň naharyna-da seredipdirler, poh-püsürinem ýuwup-ardypdyrlar» diýerdi.
Elbetde, häzir düşünýän, beýle öte hasrat çekmegem Allaň edeninden dilgir bolup, ondan daş düşmek. Ýöne, onda-da ikisem perzendine şeýle mähriban edilip ýaradylansoňlar nätsinler?
Onsoň, bu ýagdaý gaty uzaga çekse, kim bilýä, nämboljak?
Ýöne, elbetde, şo alty sany garagöz çülpäň maňlaýyna, “şu bir gujak bigünä diri ýetim galmasynlar” diýip Allatagala garaşyk edendir-dä.
Hudaý diýen ýerleri, şo çagasyny jaýlaly bäri birki hepdeläp ibaly uklap, beýnisine dynjam berip bilmeýän ejem pahyr, bir gün daňdanlar usurgapdyr weli, düýş görüpdir.
Özem, ejem görgüli: «o düýşüm düýşem däl-de, hakyýt çyn ýaly, özümem ukuda däl-de, oýa gezip ýören ýaly» diýerdi.
Ine onsoň, ejemiň şol düýşünde biziň şo köneje ýaşyl derwezämizden bir, depesinden dabanyndaky mesisine çenli ap-ak, uzyn donly, tämizden päkize selleli, jowur agam sakgally, ýüzüniň nury nazaryň düşen badyna gözüňi dokundyrýan bir ýaşuly girýärmişin.
Ejem: «ony görenimde, edil kakam pahyry (babamyň ýogalanyna şomat 5 ýylrak bolan ekeni), gören ýaly bolup, birhili ýaman kyn günümde hossar tapynan mysaly, dessine öz-özümden köşeşäýdim» diýerdi.
Özem, ejem pahyr, nämüçindir, o goja özüni tanatmasa-da, heniz kelam agyz geplemese-de, ony öz ýanyndan, ýüzüniň ugruna: «Azady!» diýip, Pyragy atamyzyň kakasy Garrymolla hökmünde buýtar-suýtarsyz, çürt-kesik kesgitläpdir.
Ejemiň şol: “Azady” diýip hasaplan ýaşulusynyň elinde-de, bir tokarja oglanjyk barmyş. Özem kakam-ejemiň yzynda ölüp bilmän ýören zürýadyna, edil bir almany iki bölen ýaly meňzeýärmiş.
Ine onsoň, ýaňky peşeneli goja, ejeme ýakynlapdyr-da:
-Al, gyzym, köşeş, rahatlan! Ine saňa, öňküjäň öwezine gelen Öwez ogly! Al, yhlasyňyzy myrat etsin!-diýip, gujagyndakyjany ejeme bermänkä, ony depesine galdyrypdyr. Soňam üç gezek: «Tüf, tüf, tüf! Ejesiniň-kakasynyň derdine derman çaga bolasyň, ylaýym!» diýip, oglanjygyň ýüzüne çüfläpdir-de, ejeme uzadypdyr.
O çaga-da ýadyrgap, ýaşula gysmyljyramagyň deregine, gaýta ejem pahyra ganat-goljagazyny uzadyp, onuň gujagyna ýetjek bolup, dyzap, çygnyp, dert-azarmyş. Özem öz dilinde nämedir bir zatlar wüjürdäp, ejeme göwünlik berýän mysaly, gürläp bilmese-de gürlejek bolup, ala-başagaýmyş…
Şo taýda-da, näçe gün bäri aglabam bilmän, gök daş bolup ýatan ejem: «ýarym-ýaş bolup aglap oýandym» diýýär.
Özem oýananda, şeýlebir süňňi ýeňilmiş, şeýlebir süňňi ýeňilmiş.
Onsoň özi turupdyr-da, ýuwnup-ardynyp gelipdir. Heniz doly daň atmadygam bolsa, keýpi kök, şähdi açyk, ýeke özi çagalary, kakamy oýarmajak bolup, daşky aşhanamyzda hamyr ýugrupdyr.
Soň hamyryny basyryp, gidip, nijema gün bäri gögele uly gyzy tarapyndan çalak-çulak sagylýan sygryny höre-köşeläp, mazaly iýmläp, gowy sagypdyr. Süýt atarypdyr.
Soň süýt bişýänçä, hamyr ýaýyp çörek ýasapdyr. Süýdüni aýrybam, tamdyr otlamaga gidipdir.
Özem şomat, edil, näçe wagtlap aç-suwsuz, gymyldysyz, lapykeç ýatman, «ýaňyjajyk oglan doganymyň şüweleňli gelnalyjysyndan gelen ýaly, ýeňillikden ýaňa guş bolup uçaýjak bolýan-da, şomat men» diýerdi, pahyr.
Garaz, kakam, dogan-uýalarym oýananda, öňleri doly saçag-a mele-myssyk nan. Heýgenek diýjekmi, blinçik diýjekmi, mesgeli gyzdyrma diýjekmi, gowurdakly batyrma diýjekmi, çaýçorba diýjekmi...öýde bolanja zatlardan kimiň göwni näme islese, taýýarjak edilip goýulgy diýýä.
Onsoň ejeleriniň bolşuna, näçe günläp görmedik aladalaryna çagalaram, kakamam gül-gül açylyp, ençe hepde bäri ýas läbiginde gark bolup oturan öýüň howasy täzelenene dönäýipdir. Çagalar dagy jagyl-jugul bolşup, öwran-öwran kakam ýa ejem onsundan-munsundan çekip durmasalar, asmana garşy uçubam gitjekler diýýä.
Onsoň ejem, ýüzi salyk kakamyňam keýpini götermek üçin düýşüni gürrüň berse, o pahyram Leningradda okan, owalam barypýatan ateist-materialist kommunistleriň terbiýesini alan, Lenindir-Staliniňem janköýeri duran-duran ýerinde “güpbe ynanaýdy” diýýä.
(Elbetde pahyr, göwni üznüksiz matam gazamadyndan çykmagyň alajyny tapyp bilmän, urnup ýörendir-de, gark bolup barýanyň sypala ýapyşyşy ýaly, ejemiň düýşüniň uzadýan ysgynsyzja: «çybygyndanam» bolsa haraý isläp, şoňa-da ýapyşmaga howlugýandyr-da).
Garaz, şondan soň dokuz-on aý geçip-geçmänkä-de men doglupdyryn. Adyma-da şojagaz neressejigiň adyny dakypdyrlar.
Äý garaz, durmuşda.
Her hili ýagdaýlar bolup geçýär.
Adamy hasratyň tüm-garaňky girdabyndan halas etmek üçin jinnek ýalyjak zatjagazam sebäp bolýar duruberýär-dä.
Şol düýşi sebäplidir-dä, ejem pahyr, çagakam mekdepden gowy baha alyp gelsem ýa-da ýolda-yzda mugallymlarym sataşyp, ýanyndakam meni öwseler ýa-da soň birnäçe gezek hormat haty alanymda-da, ýokary okuwa girenimde-de, iş ýerlerimde sylaglanlarynda-da hemişe maňa: «Agzyna Azady tüýküren, balam!» diýip söýünerdi.
Heh.
Oglankam ejem pahyryň bu söýünjine düýbünden düşünmezdim.
Öler ýalam ýokuş görerdim.
«Diýme-dä-hou, şonyň-ou, je-e! Näm-aý, indi men, kim islese gelip, (estagpurulla!) arkaýyn agzyna tüýküribermeli çumo-maý, hä?!» diýip, ejemiň al-petinden alardym.
O bende-de: «Wah, köküň kesilmesin, ýaşy uzamyş! Agzyna agam gelse, gara-da gelse samrap goýberýän, sammyg-a sen!» diýip, käýinerdi.
Çyn ejeler, hakyky (ýaşlar: «arginal» diýýämi? :-)) ejeler, hut şeýle-de bolýan bolmaly. Şol birwagtda saňa hem-ä sögünýärler, hemem söýünýärler…
Jaýy jennet bolsun, o pahyrymyňam, kakam pahyrymyňam!
Görmedigi görde galandyr-la, o görgülilerimiň ikisiniňem...
Belki, Ahyret gününde jenneti ruhlary, al-elwan gözellikdir ýakyma beslenen Barzahda, Sakar dowzahyň demindenä-hä hiç zat ýetmez alysda, Firdöws jennetiň demine-de gylgeçmez ýakynjakda, aga-ýana rahatlykda seýil edip, biz hakda aýatdan barýan habarlara irikgä bolup ýörüşlerine, kakam pahyr bilen bileje, henizem maňa-da, beýlekilerimize-de söýünmeklerinem, käýinmeklerinem bes edýän däldirler-dä, ylaýym!
Indi-indi yzyma seredip düşünýän – görlüp otursa, şo neressejige nesip etmedik, şoňa sarp edilmän, ahmyrly bertigip galan, ejem-kakamyň mähir-muhabbetem, doganlarymyň ezizligem tutuşlygyna maňa nesip eden ekeni.
At dakylanlaryň bolsa, “bolan bolşy şeýle” diýýärler.
Sebäbi olar, iki adamyň deregine ýaşaýarmyşlar.
Ilk-ä öz deregine.
Soňam, kimiň ady dakylan bolsa, şonuňam öwezine.
Hemme kişä-de Alla gaýrat bersin-dä, garaz.
Sebäbi, meniň pikirimçe, şu meselede at dakylmagyň diňe eşreti däl-de, jogapkärçiligi, borjy-bergisem, şonuň ýaly iki essemikä diýip çaklaýan.
Anygynam Alla bilýär.
Belki Allam, ejem-kakamyň menden gören hözirleri, ýagty hem ýagşy duýgulary, guwançlary, begençleri, olaryň öňündäki, şol ady dakylanja neresse doganjygymyň perzentlik borjunam, meniň öz borjumam doly ýapsyn-da...

«Dile geldi, bile geldi», onam aýdaýyn: ejem pahyryň eliniň gaty süýjüdigini bütin oba ykrar edýärdi. Ejem pahyr garransoňam, dostumyň kakasy — mekdep mugallymy aram-aram: «Pylany jan, oglum, şü seniň ejeň bişirýän ýagly çöregi, meger diňe behiştde bişýän bolmasa, başga aýak ýa elýeter ýerd-ä-hä onuň ýaly eşret tapylmasa gerek. Ýogsa bahasy näçeden diýseler-de, özem Daşogzuň Tagtasynda diýselerem, paý-pyýada gitmelem bolsa gidip, gowy edip garnymy ýazyp geljeg-aý!» diýip, ejemiň ýagly çöregini iýesi gelýänini oýunly ýaňzydardy.
Onsoň menem baryp, ejeme aýtsam, bende gülerdi-de: «ol kakaňam dosty, ýaşkalar ýörite bize ýagly çörek iýmäge gelerdiler, ýöne soň garradylar-da, utançlary oýandymy nämemi, biri-biriniň öýüne zygyr-zygyr gatnaşyp ýörmelerini bes edäýdiler» diýip henek ederdi. Soňam gelinlere-de ynanman, öz eli bilen ýugrup, ýaýyp, bişirip, ýaňky dostumlara gyzgynjak ýagly çörek ugradardy.

Her kimiňem-ä ejesi-kakasy, özi üçin deňsiz-taýsyz ajaýyplykdyr weli, meniň ejem bilen kakam-a hakykatdanam dünýe döräp gaýtalanmajak adamlardy...
Ejem bolsa, nä, şol wagtlar şonuň ýaly düýşi hökman göräýmelidir-dä.
Sebäbi pahyr, ol wagt, ýaňyja çagasyny ýitiren, güýçli emosional sarsgyndaky ene, üstesine-de näçe günüň aç-suwsuzlygy, öňem ol çaga ýogalmanka, ol keselläp, keseli ençeme aý üznüksiz dowam edip gören hupbatlary, umumy psihiki hem emosional argynlyk — garaz barysy baslygyp, iň soňunda güýçli ruhy basyşyň aşagyndan çykyp bilmän, mynjyrap barýan beýniň, şo düýş bilen öz-özüne ýeňillik bermesi bolubam biler.

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde (Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m.). V kitap. Golýazma hukugynda. - Aşgabat, 2023. – 176-180 s.


93

18

5

7

1

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 29.01.2026 / 17:46

+0

Uzyn ekenay bul

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 29.01.2026 / 18:03

+0

Enem pahyram ýogalanda, tä, düýşüme girýänçä dünýäň mazasyny duýup bilmändim. Mähirli, nurly keşpde hoşamaý görnüşde ýylgyryp, girensoň, ýüregim giňäpdi.

 Premium
 Orazjan [off]
  Obaly maýmynjyk
 29.01.2026 / 19:51

+0

Her kimde aýry, aýry bolýa eken, gowusy galanyny ýazmaýyn :sorry:

 Premium
 Prinsessa [off]
  Dostum yok duşmanm kop
 30.01.2026 / 10:52

+0

yalnis gitdi son beyleka basdym gaty uzynn

 Gytyndan
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 05.02.2026 / 10:24

+0

Barkalar gadryny bilmeli

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Halal zähmet (tymsal)


Gowy tymsal :dovolen:...dowamy...
Erkin mowzuklar | Halal zähmet (tymsal)
Orazjan (Şugün, 18:16)

Gara tam — Birinji bölüm


"Adam aýrylsa huşundan, Gorkar ýatanda düýşünden..."...dowamy...

Ogul...


"Uly görün ýaşyňdan, Hormat gazan işiňden, Galman deň-duşundan, Uzak ýaşa ös ogul..."...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ogul...
Orazjan (Şugün, 18:01)

Gara tam — Birinji bölüm


Edil Rahman Zülfikarowyň stilinde ýazylan žanra gep ýok, dowamyny hem ýazan bolsaňyz goýsaňyz awtor...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gara tam — Birinji bölüm
Perhatsabirovv (Şugün, 17:34)

Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]


Şu ýerde käbir adamlaryň bir häsiýetine haýran galýan.Mysal üçin, bir adam jaý gurluşygy bilmeýän bolsa, ussa ýüz tutýar. Özüniň şu ugurda hiç bi...dowamy...

Oraza baýramy


Metjidimizin ymamy Remezan,hachanda Remezan gutaranson bashlayar,namazda hachan iki egnine salam bereninden son bashlayar diyip wagyz edipdi shu...dowamy...

Oraza baýramy


Sagbolun sizinem tutan orazalarynyz eden dileg dogalarynyz kabul bolsun...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Oraza baýramy
Minigim (Şugün, 00:44)

Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]


Göwnejaý gürrüň. Başarsaň, öwren we öwret. Başarmadyňmy, gep etme, şyltak atma....dowamy...

Halal zähmet (tymsal)


Örän gowy temany saýlap alypsyň. Halal zähmet çekip ýaşamalydygyny aýdypsyň. Emma özüňi mysal getirip aýytmansyň. Özüň halal zähmet çekip nämeler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Halal zähmet (tymsal)
Mishel (Düýn, 22:48)

Heserdeş (oýlanma)


Tuweleme. Ay bul-a Nesilde cap bolandyr...Yaslygymyn baharyna gatnasmansynyz-la, agam. Yeke gitmeli boldum )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Heserdeş (oýlanma)
Belki (15.03.2026 / 13:52)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->