Ýürekdeş sözler!
Siz
Minigim [4m]
Düýn, 22:10
Lekum dinikum ve liye din
Näme üçin adama sylag bilen ýüzleneňde «Siz» diýip ýüzlenilýär? Göräýmäne seň öňüňde ýeke täk adam duran bolsada. Siz diýip diňe köpçülige aýdylýar ahyryn, ýöne adam hem daşyndan göräýmäne ýeke ýaly bolsada, hiç bir adam ýeke däl. Kerimi Kurana görä her bir adamyň ýanynda oň şahsy jyny bilen şahsy perişdesi bolýar. Olaryň ikisi hem biziň pikirleniş proseslaryňyza goşulýarlar. Kellämizde döreýän pikirleriň aglabasy biziňki dal. Mas-mediýada ýaýran düşünjä görä, biziň jynymyz bizi dogry ýoldan çykarjak bolýar, biziň perişdämiz bolsa bizi dogry ýola saljak bolýar. Eýsem öz kelläň içinde olary nädip saýgarmaly? Haýsy pikiriň eýesi kim, haýsy pikir jynyň kelläne oklaýan pikiri, haýsy pikir perişdäňki? Aşakda aýtjak zatlarymyň ählisi hiç bir kitapda ýok we diňe gözegçilikler asasynda çykarlan netijler. Kitapda ýok diýýänim plan ýerde ýazylypdyr diýip salgylanyp bilmeýänimi aňladýar.
Geçen Oraza aýynda, giçlik dükandan çykypdym we meň deňimden bir oglanjyk geçip barýardy. Oglanjygyň egninde halta bardy we ol oglanjyk zibilhanalardan plastik gutulary çöpleýärdi. Oglanjyk garyp maşgaladandy, bu görnüp durdy. Men Oraza aýy bolany sebäpli oglanjyga Hudaý ýoluna pul bereýin diýdim, jübime elimi soksam ol ýerde diňe 20 manat bar. Dogrymy aýtsam oglanjyga 20 manat bermegi bir bada gysgandym. Ýöne barybir bermeli diýen karara geldim. Meň dogry karara gelenim bilen, meň şahsy jynym başga bir karara geldi. Adamyň jyny elmydama taýyn argumentlar bilen gürleýär, mysal üçin şeýle:
–Belki oglanjyk çilim çekýändir, seň häzir beren puluňa özüne çilim alar? Onsoň seň beren puluňa Hudaý-ýoly diýip bolýamy? Ine seret, oglanjygyň yzy bilen ejesi ýöräp gelýär, häzir seň beren puluňy oglanjygyň elinden alar.
Şeýle argumentlary meň jynym meň kelläme oklap başlady. Jynlar elmydama şeýle sözler bilen gürleýärler, olar sizi yrmak üçin her tüýsli tilsimleri ulanýarlar. Perişde welin beýle işlänok, perişdäň hiç bir argumenty söz hökmünde kelläňde eşdilenok, perişdaň islegi hiç bir sözsiz seň kalbyňda isleg hökmünde döreýär. Eger ýalňyşmasam perişde seň ruhyňa ýüzlenýär, jyn bolsa seň aňyňa. Eger seni jynyn gowy işlerden saklap bilmese, onda ol melgun başga ýol bilen gidýär, seň gedemligiňi artdyrýar:
–Seret seret, sen nähili gowy adam, sen şu gün gowy iş etdiň.
Eger seň jynyň seni namaz okamakdan saklap bilmese, onda ýene şol köne tilsim güýje girýär. Sen namaz okaýan, diýmek manaz okamaýanlar senden pesde, sen Hudaýa has ýakyn, sen gowy we üýtgeşik adam.
Ýeri gelende bellemeli zat, adamyň kellesinde döreýän pikirleriň 70 göterimi adama degişli däldigini resmi psihologiýa subut etdi.
Alnan ýeri: üýtgeşik pikirler
10 |
5 |
0 |
1 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Masterdollar: Ýürekleriň Soltany (Oda-Gimn)
Hawa iň baý gyzlar masterdollary söýýär sebäbi masterdollarda dollar paçka-paçka...dowamy...