“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Menden son birini soy, onun adyny bile dakaly. #Xuliganka

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Dogry düşün!
 Özümiziňki
 Mawy [off]
 06.02.2026 / 21:16
 Dymmak iñ güýçli sesdir.

Dogry düşün, meñ üçin däl, uýañ, geljekde boljak gyzyñ üçin!

Jemgyýetde ahlakly, terbiýeli gyzlaryň abraýyna söz ýetirmek iň ýaramaz hereketleriň biridir. Şeýle oglanlar köplenç özleriniň terbiýesizligini, namyssyzlygyñ nämedigini durmuşynda ýaşap gören we ruhy ejizligini gizlemek üçin başgalaryň ar-namysyny nyşana alyp gürlemegi dereje bilýär. Olar beýle etmek bilen öz, bir köpükçe ýok abraýlaryny gizlemek isleýärler. Gyz namysy – diňe bir şol gyzyň däl, eýsem onuň maşgalasynyň abyraýy we tutuş jemgyýetiň gymmatlygydyr. Ony masgara etmek erkeklik däl, tersine, pes ahlagyň, gütek düşünjäñ alamatydyr.
Hakyky ahlakly oglan hiç wagt bir gyzyň abraýy bilen oýun etmez. Sebäbi ol hormatyň, jogapkärçiligiň we adamkärçiligiň nämedigine düşünýär. Jemgyýetde sagdyn gatnaşyklaryň bolmagy üçin her bir ýaş ynsan aýratyn-da oglanlar, öz sözleriniň we hereketleriniň netijesine jogapkär bolmalydyr.
Hakyky terbiýeli oglan gyza hormat goýýar, ony goramaga çalyşýar. Sebäbi hormat – güýçdir, namysa eýe çykmak – mertebedir. Jemgyýetiň sagdyn bolmagy her bir ýaş oglan-ýigitden jogapkärçilik, ahlak we adamkärçilik talap edýär.


✓Mawy


131

25

5

6

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 07.02.2026 / 05:41

+1

Inda gyzam oz abraýyna özi seredenok gaýta 2-3 oglan bilen birbada gepleşip ýörler


Özümiziňki
Mawy  (07.02.2026 / 09:42) 

Minigim, şeýleleri bar diýip garşyña çykan hemme gyza şo gözde bakmak dogrymy? Onda oglanlaryñ haramzadalary bar diýip öñümden çykan hemme oglan şolar ýaly diýip seretmek dogrymy?


Özümiziňki
Minigim  (07.02.2026 / 10:46) 

Mawy, dogry dal yone şol gözde seretyaler 90 goterim sol yagday gyz oglan tapawudy yok.


Özümiziňki
Mawy  (07.02.2026 / 13:12) 

Minigim, Mende öñ ýañsylamak düşünje hiç ýok, tanamayan kişilerime asyl gowy,erbetdir diýen pikir hiç ýok. Özem gel-gel bular ýaly kimdigimizin gizlin tutulýan yerlerinde. Sebabi olar menk men olary bilemok belki ol oglanlañ biri men doganymdyr ýada men olañ gyz jigsidirin. Birini sylamak, biraz sylaşykly bolup gürleşmek uçin hökman bir garyndan çykmak gerekmikä..?!

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 07.02.2026 / 11:31

+0

Hazirki dowurde duygy, pikir, dusunje yaly zatlaryn ahlisi ayak asty boljak derejede ownady. Hazir dine materiya gyzykly. Ahlak,namys, mertebe bular rezin yaly adamlaryn elinde nira suynduresleri gelse suynyan predmete owruldi.
Oglanlaryn gunasem bardyr, kopdur yone ilki bilen gyzlara namys, ahlak diylen zatlary owretmelimika diyyan...


Özümiziňki
Minigim  (07.02.2026 / 14:37) 

Belki, ine dogry zat

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 07.02.2026 / 11:35

+0

Gyz ozuni yeterlik derejede goramagy, erkliligi basarsa haysy niyeti bozuk oglan golayyna gelip biler? Ya-da oglan niyetini duzuw tutsa haysy namyssyz gelse-de sol durkuny saklamazmy? Diyjek bolyanym, iki tarapy den derejede gyzyklandyryan mesele bu.
Hazir namys diylen zat kabir gyzlar ucin lukmana gidip "dikeldilyan" zada owruldi... sonam adamlar pikre cumdi: Kim namysly, kim namyssyz?...
Edil Atajan Taganyn "Kim akylly, kim samsyk" hekayasyny goz onune getiraymeli...


Özümiziňki
Mawy  (07.02.2026 / 13:23) 

Belki, Bir ýerde okapdym, we şol tema barada uzyn bir makala hem ýazypdym. "Bir gyzyñ abyraýyna dil ýetirmäkäñ pikir et, belki ol seniñ ene başga jigiñdir" diýip. Bu sözler başgañky, men diñe temany gozgap ýazypdym.

 Premium
 Ahmal [off]
  Old school
 07.02.2026 / 13:06

+0

Gowy zat diýmek isläpsiň


Özümiziňki
Mawy  (07.02.2026 / 13:29) 

Ahmal, Düşünjeli kabul edeniñiz üçin sag boluñ!

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 20.02.2026 / 23:28

+0

Dogry

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)

Toba.(Hekaya)


Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Perhatsabirovv (Şugün, 01:24)

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Düýn, 16:09)

Toba.(Hekaya)


gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
SerdarG (Düýn, 14:42)

Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi)


yzy yokmy...dowamy...

“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal


Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Uzak yaşa saýtdaş🎂🎉...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Eren jak uzak yaşa, moşşym!...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->