“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New chat ,,ertir chat" - Biz bärde🙂 (täzeden agza bolmaly, täze açdyk)
Ýürekdeş sözler!
Mawy : Güli gülene ber, ýüregiñi...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Toba.(Hekaya)
Premium
 rexha [off]
 04.07.2026 / 07:15
 Всё, что хочешь от жизни бери и беги

Togsan dokuz adamyñ başyna ýeten rehimsiz bir adam bar eken.Bir gün ol eden işlerini ýatlap, gaýga çümüpdir we ylymly bir adamyñ ýanyna baryp,
geçmişini gürrüň beripdir. Toba
edip, dogry ýola gelmek isleýändigini, dürs ýaşamak
isleýänini aýdypdyr. “Ýöne, munça adamyñ ganyna galamdan soñ, Tañry meniñ günämi geçermikä?” diýip, ganhor ylym okan kişiden özelenip sorapdyr. Alym adam her näçe kän okanam bolsa, okan ylymyny doly
özleşdirereden ejiz ekeni. “Ýok,
munça adam öldüren bolsañ, Tañry seniñ günäñi geçmez” diýip, ol toba etmäge, ters ýoldan dönmäge gelen ganhoryñ soragyna kesgin jogap beripdir. Ganhor bu söze dergazap bolupdyr: “Oñ ýaly bolsa, men senem aýap goýmaýyn” diýip, ol alym adamyñ hem kellesini kesipdir. Soñra ol başga bir alymy gözläp tapypdyr we ýüz adamy öldürerini gürrüñ beripdir. “Eger toba etsem, Hudaý meniñ günämi geçmezmikä?” diýip, ganhor alymdan sorapdyr. Alym akylly adam ekeni. Ol ganhoruñ gözleriniň içine garap
şeýle diýen: “Elbetde, eger ak
ýürekden toba etseñ, Hudaý seni
hökman bagyşlar. Ýöne meniñ bir
nesihatym bar, toba edeñsoñ, bozuk adamlardan gaça dur, gowulara goşul, bozuk adamlar seni ýene öňki ters ýoluña dolap elter.”
Ýüz adam öldüren ganhor bu sözlere pagyş-para eräp, ýarym- ýaş halda eden ters işlerine toba edipdir we Hudaýdan özüni bagyşlamagyny sorapdyr. Şondan soñ ol özüniñ bet pygylly ýoldaşlaryndan ýüz öwrüp, päli-niýeti düzüw adamlaryñ ýaşaýan ýerine ýönelipdir. Ýöne ýolda toba eden ganhoryñ sanalgysy
dolupdyr we ol dünýäden ötüpdir. Şol mütdetde hem dowzah we jennet perişdelerimerhumyñ janyna eýe çykmaga gelipdirler. Dowzah perişdleri merhumyñ dirilikde köp adamyň ganyna galandygyny aýdyp, onuñ janynyñ özlerine degişlidigini subut etmäge çalşypdyrlar. Ýöne jennet perişdeleri hem kem oturmandyr.
- Merhum ölmezden öñ toba etdi
we dürs ýaşamak kararyna geldi.
Şu niýet bilenem ol gowy adamlaryñ ýaşaýan ýerine ugrady, ýöne ýolda kazasy doldy - diýip, jennet perişdeleri aýdypdyr. Turupdyr bir dawa-galmagal.Onsoñ bu dawany çözmek üçin Jebraýyl perişde iberilipdir. Ol iki tarapy hem diñläp, şeýle karara gelipdir: “Ýeri, aralygy ölçäñ. Eger
merhumuñ ölen ýeri gowy adamlaryñ ýaşaýan ýerine golaý bolsa, ol jennet perişdlerine degişli bolar. Ýöne birden onuñ ölen ýeri bozuk adamlaryñ ýaşaýan ýerine golaý bolsa, onda ony dowzah perişdelerine bermeli bolar.”
Bu karardan soñ ýeri ölçediler.
Toba eden dürs adamlara tarap ýañy ýönelende jan berensoñ, ol heniz bozuk adamlara has golaý ekeni. Ýöne ol ak ýürekden toba edip, ýaman pälinden gaýdypdyr we Hudaý onuň ýatan ýerini süýşirip, gowy adamlaryñ ýaşaýan şäheriniñ alkymyna getiripdir. Şeýlelikde eden ýalñyş işlerine çyndan ökünen we ak ýürekden toba eden bende
jennet perişdelerine berlipdir.


Muzaffer şyhyñ hekaýasy.


64

18

3

3

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 SerdarG [off]
 04.07.2026 / 14:42

+0

gowy ekeni

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 04.07.2026 / 16:09

+0

Toba günäni kemelder - diýýärä

 Özümiziňki
 Perhatsabirovv [off]
  Ýoldaşy Allah bolan - Ýolda galmaz...!
 05.07.2026 / 01:24

+1

Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr


Täzeje
Miss_minnosh  (05.07.2026 / 08:58) 

Perhatsabirovv, ölmän ýitmän galypdyr bulam


Özümiziňki
Perhatsabirovv  (05.07.2026 / 20:30) 

Miss_minnosh, Kim

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Oratdy şahyr / hekaýa


Gynandym-lay, son cun menem kopluk yerde gosgymy hodurlap duramok. Gowy hekaya. Sag bolun, Serdar aga!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oratdy şahyr / hekaýa
Belki (11.07.2026 / 12:26)

Oratdy şahyr / hekaýa


Nazaryýet — bu haýsydyr bir zat barada hemme zat mälim bolsa-da, şonuň hiç zadynyň düýbünden işlemeýänligi. Amalyýet (tejribe) — bu haýsydyr bi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oratdy şahyr / hekaýa
dabir (11.07.2026 / 09:32)

Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.


Baydak yaly gelin elden gitdi Haysy manyda aydylan shu :"baydak"sozi...dowamy...

Durmuşum.


Eger ol seniň ýüregiňdäki şol paklygy görüp bilmeýän bolsa, onda ol seniň söýgimize mynasyp däl diýmekdir. Emeli añ dalmi sho? "Söygumize"...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
rexha (10.07.2026 / 11:09)

Durmuşum.


Gowy tema. ýöne şu emeli aňa ýazdyrylan ýaly welin bir hiýli gurok bolupdyr. Negatiw kawul etme. sen emeli aňa gowy tekst ýazdyrjak bolsaň onda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
Fantom (10.07.2026 / 04:32)

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 7


Karlik name diymek...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Ölümli jülgeden őlmänjik geç, öläýseňem aýt depip barlap görjek...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
zM (06.07.2026 / 19:33)

Ýagşylyk


Bu name repmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýagşylyk
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:53)

Gyrrygyz'ymyz


Pygamber yashy 63 daldimi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:45)

Kän garaşdyñmy?


Kän garaşdym kän.....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kän garaşdyñmy?
Ayjahan (06.07.2026 / 00:41)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->