“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
yureksiz : Birak gitsin dönerse senindir, dönmezse zaten hiç senin olmamiştir..#.fileo

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal
 Täzeje
 dabir [off]
 Şugün, 17:35

Dostum gürrüň berdi.
Ol ine eýýäm ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri paýtagtyň merkezinde iş ýerinden berlen köpgatly jaýyň altynjy gatynda ýaşaýanam bolsa, özi obada önüp-ösen adamlaryň biri. Ol ýaş wagtlaram obada her hojalykda bäş-on sany goýun-geçi, birki sany sygyr-göle, eslije towuk saklanardy. Onsoň kakasy pahyram günlerde bir olaryň täze ýetişen toklularyny biçdirmek üçin mal ussasyny çagyrypdyr. Özüdir uly ogullary işli bolansoňam ýaşuly ussa aga uşak-düşek äkit-getir kömek üçin meniň dostumy onuň ýanynda goýup gidipdir. Şol gün ýedi-sekiz sany ers-mers toklyny ýatakdan tutup, güýlüp biçenlerinde-de, elbetde dostumyň dogumlyjadygyna, çalasyndan pert hereketlerine ussa aganyň göwni ýetendir-dä, ol dostumyň kakasyna:
-Seniň şunyň mal ussaçylygyny öwrense, şunyňdan bir zat çykar, eden işi ýerine düşüp, ötüki öz-özünden eli eline gelşip barýar,-diýip öwüpdir.
Çagasy öwülse kime ýaramaýar? Ussa aganyň aýdan gepem dostumyň kakasynyň ýüregine jüňk bolupdyr-da, ol onuň bilen eden işiniň hakyny hasaplaşandan soň, türkmençilige eýerip, hödür-kerem saçagynyň başyna otyrkalar, dostumy özüne şägirtlige almagy haýyş edipdir. Ussa aga-da ozal-a özi göwnaçyk kişi, üstesine-de dostumyň edenlijeligine-de mähri giden, galyberse-de nahar-çaýdanam keýpi kök, bu teklibi inkär etmäge bahana agtaryp, tyýkyrabam durman, ýüzüniň ugruna razy bolup oturyberipdir. Şeýdibem dostum 11-12 ýaşynyň içinde mal ussasynyň şägirdine öwrülipdir. Ussa agany ugradansoňam dostumdan asla mal ussasyna şägirt bolmak isleýänini-islemeýänini soramalydyram öýtmeýän kakasy, gaýta öz gaýran işinden şoh bolup, diňe keýpi ýyldyza toýnak salanda edişi ýaly onuň kellejigine çalaja pitikläpdir-de, diýipdir:
-Oglum, ine gördüňmi, seniň nesibäňden “Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna” diýleni boldy. Indi Alla ýol berse, birki ýylda hünär öwrenersiň. Bi ussa aga ýaly mal ussaçylygyna ezber kişi, bi biziň aýakýeter jelegaýda kän ýokdur. Mal ussaçylygyny etdirjegem adam tohumy tükenmese günde-günaşa tapdyrar durar. Şonuň üçinem bu öwrenjek kesbi-käriň saňa mydamalyk çörek berjek, nanlyja hünär bolar. Gowy zadam saňa mallaryny biçip bereniň üçin hem-ä diýen nyrhyňy töleýärler, hemem ýaglyja, huruşlyja nahardan, gapdalynyň çal-çapyry, dogralyp-duzlanan pamadur-hyýary, sogan-sarymsagy, süýji-kökesi bilen garnyňy doýrup goýberýärler. Inşallasy, indi bu hünäriňi ýagşyja ele alsaň, saňa ömralla horluk ýokdur, oglum...
...Şol günden başlabam ussa aga günde ir bilen köneje gozakly “Ural” motosikledini tarryldadyp, olaryň öýüne gelýärmiş-de, dostumam alyp, ha öz obalarynda, ha goňşy obalarda, kim sargyt eden bolsa tokly, çebiş, göle, köşek biçmäge gidýärmişler. Keýpi kökkä dostum şu çagalyk wakasyny ýatlasa, ajymtyk ýylgyrýar-da diýýär:
-Kakam pahyryň: “mydama çörek berjek, nanlyja hünär” diýýän şol kesbini doly özleşdirip, ussa aganyň: “Boldy han ogul, indi mende saňa öwredere emel galmady” diýýänini eşidýänçäm geçen bir ýarym ýyla ýakyn wagtda, ýaşajyk-ýaşajyk mal janawerlerden goparylyp aýrylan inekleri bir ýere üýşürseň, “baýyr” diýsemä-hä öte bijaý lap urup aýtdygym bolar, ýöne Artygyň harmanyna barabar, kiçeňräk depe bolsa-ha bolsa gerek...
...Şondan kän wagt geçmänkä dostumyň kakasy pahyr bolupdyr. Soň ol okuwyna has ýiti üns berip, orta mekdebi kümüş medal bilen tamamlapdyr. Şol döwrüň düzgünine görä-de synagdan geçmesiz ýokary okuw mekdebine okuwa alnypdyr. Ondan soň harby gullukda bolupdyr, soň okan ugry boýunça işe giribem, şähere göçüp gaýdypdyr. Mal ussasyna şägirtligi tamamlanýança mal biçen bolaýmasa, onuň özüniň aýtmagyna görä, on dört ýaşdan häzirki güne çen 35 ýyl ömründe, soň ýeke saparam mal biçip görmändir. Hatda şägirtligi tamamlanmanka kakasy agyr syrkawlansoň ol mal ussaçylygy üçin zerur gural-esbabynam edinmändir. Özem dogrusy, onuň oglanlykda öwrenen bu hünäri bilen asla meşgullanyp görmezligi, “hünäri öwren-de ýigren” diýleni bilenem ýa-da onuň çagalykda mal janawerlere dözümsizligi zerarlam bolmandyr-da, birhili öz-özünden, durmuşyň gerdişine görä bolaýypdyr.
Dostum öz durmuşynyň şu öwrümini gürrüň berende her gezek diýen ýaly bir hytaý tymsalyny ýatlaýar.
-Hytaýda “Aždarhalary öldürmegiň sungaty” atly tymsal bar,-diýip ol adatça özüne gereksiz bolan “hemişe çörek berjek hünäri” hakyndaky gepini jemlemäge girişýär:-Ir zamanlar kindiwanja dag obasynda bir oglanjyk ýaşaýar eken. Ol çalasynja, üşüklije, özem iňňän bilesigeliji çaga eken. Ol gören zadyny şeýlebir çalt özleşdiripdir welin, soňabaka şol obajykda ýaşaýan ulularda oňa öwredere zat galmandyr. Külalçylykmy, awçylykmy, daýhançylykmy, çopançylykmy, şahsuwarlykmy... garaz ol öz obajyklarynda haýsy hünärden peýdalanýan bolsalar şolaryň barysyny öwrenipdir-de, oňa öz çensiz-çaksyz bilesigelijigiligini gandyrara hiç zat tapylman, onuň içi gysyp ugrapdyr.
Onsoň günlerde bir gün olaryň obalaryna alysda hellewläp görünýän başy garly belent dagdan aşak inip, dana goja gelipdir-de, diýipdir:
-Sen köşek, özüňe öz ýakynlaryň öwredip biljek ähli kesp-kärlerini öwrendiň. Indi sen meniň yzyma düş, men saňa aždarhany öldürmek sungatynyň iň pynhan syrlaryny açaýyn! Ýöne berk belle, bu sungat iňňän gadymy bolup, onuň ähli tilsimlerini öwrenmäge ummasyz wagt bilen ägirt uly sabyr-kanagat, ymtylyş, höwes, hyjuw zerurdyr. Şonuň üçinem bu sungatyň inçe tärlerini özleşdirmek hemme kişä başartmaýar. Emma-ki men seniň örän tutanýerli, ýapyşan ýerini goparman yza tesmeýän, juda, juda, juda-da düşbi çagadygyň waspyny eşidip, ala daglardan aşaklygyna ýörite seni idäp düşdüm.
Akyldar garrynyň sözleri gulagyna noş bolan oglanjyk, näçe hubaptly bolsa-da aždarhalary öldürmegiň sungatyny özleşdirmegiň kül-külüne düşüp, danyşmende okuwçy bolmaga razylygyny beripdir. Onsoň halypasy şägirdini yzyna tirkäp, ala daglaryň jümmüşine tarap alyp gidipdir. Şol ýerde-de adam-garasyz buljum deräniň gursagynda goja mugallymy oňa aždarhalary öldürmegiň gizlin sungatyny öwretmäge girişipdir. Bu sungatyň tärleri şeýlebir köp, şeýlebir çylşyrymly, şeýlebir kyn bolandygy sebäpli oglanjyk hernäçe hakdan içen zehinli bolsa-da, oňa ähli tilsimleri özleşdirmek üçin nijema ýyllar zerur bolupdyr. Hatda onlarça ýyllardan soň garry halypasy amanadyny tabşyrandan soňam ol köňül beren ussadynyň galdyryp giden wesýetlerine eýerip, bu ýaşyryn sungatyň usullaryny sünnäläp öwrenmegini, olary günde sansyz gezek gaýtalap özüni birsyhly kämilleşdirmegini dowam etdiripdir.
Ine-de günlerde bir gün ol özüniň aždarhaly öldürmek sungatynda birkemsiz bolandygyna aýdyň göz ýetiripdir. Ýöne onlarça ýyllap ýaşan mekanynda akýan çeşmäniň dury suwuna baryp özüni synlanynda, ol özüniň birmahalky oglanjyk keşbiniň yzsyz-tozsuz sumat bolandygyny, onuň ýerine-de ençeme ýyl mundan ozal dünýesini täzelän goja halypasyna çalymdaş saç-sakgaly çuw-ak ýaşulynyň bakýandygyny görüpdir.
“Bäh, bütin ömrüm okuwdyr türgenleşikde geçipdir-ow... Indi beri ömrümiň paýaw müddeti gelip ýetmänkä, ilkä-hä gideýin-de, il arasyna dolanyp, şunça ýyl özleşdiren sungatymy ulanyp, ile-güne zulum edýän aždarhalary birýan ujundan pürreläp çykaýyn. Ömrümi sarp edip öwrenen hünärimi halkyň peýdasyna ulanyp, il içinde çirksiz at-abraýa, ynsan tohumy dowam etse undulmajak şan-şöhrada mynasyp bolaýyn... Onsoňam bu sungat meniň özüm bilen bilelikde ýitip gitmez ýaly, alnyndan perişdeler ogşan, akly dury, zehini aýdyň çagany tapyp, ony özüme şägirt edineýin-de, bu hünärimi birme-bir oňa geçireýin...” diýen pikir bilenem ýaňky goja ussa, başy garly ala daglardan aşyp, halkyň arasyna dolanypdyr.
Emma-ki ol dag-düzleri söküp, deňiz-derýalardan aşyp, tokaý-sähralary külterläp, ilden-ile, obada-oba näçe gezse-de hiç mesgeni-mekanda ola-ha aždarhalaryň özleri eken, hatda olaryň Adam ata döwründen bäri galyp, gatap daşa dönen pohudyr aýak yzlaryna-da sataşmandyr. Ine şonda-da ol Zeminde ýekeje-de diri aždarhanyň ýokdugyna göz ýetiripdir.
Şondan soňra ol ýene birki günläp oýurganyp gezipdir-de, alysda hellewläp görünýän başy garly belent dagdan aşak inip, kindiwanja dag obajygyna barypdyr. Şol obadanam çalasynja, üşüklije, özem iňňän bilesigeliji, gören zadyny şeýlebir çalt özleşdirýän, şonuň üçinem tutuş obajykda özüne öwrenere zat goýmadyk oglanjygy tapypdyr. Birmahallar özüne garry halypasynyň aýdan sözlerini gaýtalabam ojagaz oglanjygyň göwnüni awlapdyr-da, ony yzyna düşürip, buljum jülgäniň goşamen ýalňyzlygynda aždarhalary öldürmegiň pynhan sungatyny öwretmäge alyp gaýdypdyr...

S.Ataýew. Bilenjelerim... Durmuşy esseler ýygyndysy. A.,2026. Golýazma hukugynda.


4

2

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Uzak yaşa saýtdaş🎂🎉...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Eren jak uzak yaşa, moşşym!...dowamy...

Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi)


nirede bolan zat bu...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Uzak ýaşa saýtdaş...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


şulam şu saýtda ulaldy)Uzak yaşa...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Gözüm kakyşýar hatlary okajak bolsam...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


türkmençe bilýäs diňe...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


00:00 гутлажакдым уклап галыпдырна братишка извини😊...dowamy...

JAŇ EDIŇ!


Hawwa wagty ganymat bilmeli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
Daniel (29.06.2026 / 21:11)

Ýatkeşligi ösdürüň!


Mena name etsemem bolonok men unutyan zadym birinin aydan sözleri yada öz aydan sözlerim garaz kelleden nasagrak men😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýatkeşligi ösdürüň!
Minigim (29.06.2026 / 17:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->