“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Hic kim senyaly bolmady dal ,ozim senin yerine hic kimi goymadym

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Tersine ýorulan düýş
 Täzeje
 Mishel [off]
 Düýn, 21:35

A gyz agşam düýüş gördüm
Düýşümde seni gördüm
Düýşümde maňa güldüň
Turyp düýşe begendim

Düýşümde öýe geldiň
Meniň gelinim bolduň
Oýanyp weýran boldum
Düýüşi tersine ýordym

Men bagta ynanmýan
Senden başga bagtym ýok
Seni hem aljak bolýar
Düýşüm muny duýdyrýar

Seni bermejek bolýar
Düýşüm meni aldaýar
Gynanja taýyn edýär
Niýeti ýaman bolýar

Başga birine bermekçi
Meni weýran etmekçi
Düýşümde gelnim edip
Huşymda nol etmekçi

Ýogsa huşda gelerdiň
Meniň gelnim bolardyň
Meniň öýümi bezäp
Meni bagtly ederdiň

Başga gitseň näm bolar
Durmuş maňa nol bolar
Özümi öldürsem gerek
Meni görmeseň gerek

Bu söýgi däl, bu ýalan
Bu düýüş, bu söýgi däl
Belki ölmän galaryn
Özge ýurda giderin

Özüme el uraryn
Arak içip ýataryn
Şeýdip günüm batyryn
Bir gün şeýdip ölerin

Bu düýüşi sen gördüňmi
Meniň gelnim bolduňmy
Senem bagtly bolduňmy
Meniň gülenim gördüňmi

Senem weýran bolduňmy
Düýüşi terse ýorduňmy
Düýüşi tersine ýoýyp
Meni bagtsyz goýdyňmy

Hemişe bagta ynan
Meniň yzymdan barma
Men bagtsyza çolaşma
Huşyňda gelnim bolma

Meniň bagtym bolmandy
Enem irte ölüpdi
Entek çagajyk wagtym
Meni ýeke goýypdy

Ýetim bagty bilenok
Bagty hiç kim aýdanok
Ene-ata bolmasa
Hiç kim bagtly bolanok

Enem nämä gidipdi
Meni bagtstyz goýypdy
Hem eneme hem maňa
Biri jeza beripdi

Näme üçin beýle boldy
Hem enem hem men çagajyk
Näme günämiz boldy
Ömrümiz zaýa boldy

Enem bolmadyk ýerde
Men näme üçin bolmaly
Ol gülmedik ýerde
Men näme üçin gülmeli

A gyz maňa deň bolma
Ýolda-yzda duş gelme
Birden söýýän diýäsýem
Tötän gelnim bolaýma

Ajal meniň yzymda
Öz wagtyny peýleýär
Amatly pursat tapyp
Meni aldamak isleýär

Eýýäm ol ençeme geldi
Düýşümde sen däl, ol geldi
Seniň keşbiňe girip
Öz ýanyna çagyrdy

Emma menem ahmal däl
Enemi soramakçy
Enem pahyry görüp
Ak patasyn almakçy

Enemden pata alyp
Seni gelin etmekçi
Ak maşynyda ikimiz
Gülüp öýe gelmekçi

Enem pahyr mes bolar
O dünýäden sereder
Oglyny bagtly görüp
Ykbalyma guwanar


13

8

1

1

0

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 erkin1997 [9s]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 Düýn, 22:22

+0

Gowy goşgy ýene ýetirip duryñ

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Tersine ýorulan düýş


Gowy goşgy ýene ýetirip duryñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tersine ýorulan düýş
erkin1997 (Düýn, 22:22)

С днем рождения дорогая


Yasyn uzyn bolsun uzak yasa...dowamy...

С днем рождения дорогая


Gutlaýan. Uzak ýaş, berk jan saglyk, owadan ömür dileýän....dowamy...

Yşk goşgysy


Gaty gowy goşgy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yşk goşgysy
erkin1997 (Düýn, 18:38)

SEN, SEN BOLMAGY BAŞAR!


(Ýaşaýyşyňda mydama ölümi ýatlap gorkup ýörmek seniň dur-muşyňy has hem kynlaşdyrar unutma!) mysal getirişini halamadym.Kerim Aş Şazili-ň...dowamy...
Erkin mowzuklar | SEN, SEN BOLMAGY BAŞAR!
Garrybay (Düýn, 18:00)

SENIÑ ÝEKETÄK DUŞMANYÑ SEN.


Derdime diňe çilim düşünýär,onam pul berip satyn alýan. 1C©...dowamy...

С днем рождения дорогая


Sagvolll yekam ❤️❤️❤️❤️❤️...dowamy...

Gözüň reňki siziň saglygyň barada näme aýdyp biler.


Çal reňk...dowamy...

С днем рождения дорогая


uzak yasasyn olam...dowamy...

SENIÑ ÝEKETÄK DUŞMANYÑ SEN.


Gaty gowy...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->