Mawy [off]
07.02.2026 / 20:41
Dymmak iñ güýçli sesdir.
Hiç zat seniň hereketleriňden güýçli däl!
Ýaşaýyşyňda mydama ölümi ýatlap gorkup ýörmek seniň dur-muşyňy has hem kynlaşdyrar unutma! Men saňa bir waka gür-rüň bermek isleýärin,” Bir wagtlar özüni şeýle bir söýýän baý bolupdyr. Özüni şeýle bir söýüpdir. Ölmekden baýlygyny başga birine goýup gitmekden gorkupdyr. Bu öz ölümini öwrenmek üçin barmadyk palçysy barmadyk adamlary gal-mandyr. Şolaryň arasynda bir da-na goja seniň ölümiň suwdan bo-lar sen gark bolup ölersiň diýipdir. Baý ölmejek bolup öz köşgünden başga ýere göçüp suwdan uzak ýerde ýaşapdyr. Bir gün irden täret alýan wagty aýagy suwa taýyp ýykylyp ölüpdir.” 25 ýaşyňda ölüp 75 ýaşyňda gömülmejek bol! Unut-ma sen her haçan bir zady has problema edip ýaşap başlasaň şol gün seniň ölen güniňdir! Durmuşda hiç zat hemişelik däl! Hatda sen hem hemişelik däl! Senden öň ýokdy indi hem bolmaz! Ömrüňi edil kebelekler ýaly ýaşa! Näçe az ýaşasaňda owadanlyklar bilen ýaşa! Adamyň durmuşunda esasy zat näçe ýaşany däl esasy nähili ýaşany möhüm! Beýlekileriň gepini diňläp olaryň islegi ýaly durmuşyňy üýtgetmäne derek öz islegiňdäki ýaly ajaýyp durmuşy ýaşa!
95 |
20 |
5 |
3 |
0 |
0 |
0 |
erkin1997 [off]
Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
07.02.2026 / 20:50
+0
Erbet dal
Minigim [off]
Lekum dinikum ve liye din
07.02.2026 / 21:08
+0
Şuny ýazan kim?
Mawy (07.02.2026 / 21:25)
Minigim, Döwran.Ahmedow. Bagyşlañ awtory goýmak ýatdan çykypdyr. 2 setir goşgy paýlaşsam awtorsyz paýlaşamokdyryn. Ynsanlyk.
Minigim (07.02.2026 / 21:35)
Mawy, yokla bagyslarlyk meseleden dal. Oziniz yazansynyz oytdum
Dark_Wolf [off]
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
07.02.2026 / 21:48
+0
Gazediň ýa žurnalyň bir çünkünde sahypany dolmak üçin ýazylan makalajyga meňzeýä byy
Mawy (07.02.2026 / 21:59)
Dark_Wolf, Bilmediñ. Kitapdan bir parça
Basmacy (07.02.2026 / 22:09)
Mawy, tapawudy näme, arasyna bir otur goýup kitabam goşaýaryn.
Mawy (07.02.2026 / 23:30)
Dark_Wolf, gazet bilen kitabyñ tapawudy bir otur goýup, goşar derejeden haass ulyrrrak
Enel2 (07.02.2026 / 23:47)
Mawy, iki ayakly adama yendirmez ol Dark Wolf diyilyani
Mawy (07.02.2026 / 23:58)
Enel2, Belli.
Basmacy (08.02.2026 / 06:32)
Mawy, tutuş kitap şulor ýaly setirden ybarat bolsa, gurbany bolaýyn ol kitabyň
Mawy (08.02.2026 / 11:49)
Dark_Wolf, Kitaba daşyna seredip baha berme diýen gep ýadyma düşdi. Gowsy sen o kitaba gurban etme özüñi, gazet, źurnallar bilen oññut etde geziber ))
Basmacy (08.02.2026 / 11:51)
Mawy, haýsy kitap ol? men ol kitabyň daşynam göremok, içinem.
Ýöne indi göresimem gelenok.
Mawy (08.02.2026 / 11:55)
Dark_Wolf, Kitaba seni göresi gelýă.
Bor; "oñky gelenok" diýip aýdaýaryn. Sag bol teswirleñ üçin.
Basmacy (08.02.2026 / 12:02)
Mawy, mbäh, kitap soralsa maslahat berjeginem şeýle kitaplar ekenidä onda)
Öz boýuň üstüne ýene şonça kitaby galdyr. Şol beýiklikdäki kitaby okap bolonsoň, onsaň gel. Onsaň seň bilen kitap hakynda gürleşeris.
Mawy (08.02.2026 / 12:08)
Dark_Wolf, Bu sözleri maña kitaby gazetden tapawutlandyryp bilmeýän kişi aýtýarmy?
Maslahatyña sagbol, kitap okamagy halamok.
Basmacy (08.02.2026 / 12:13)
Mawy, haha, menem şu mowzugyňy halamadym. Düşünip otyrsyňa)
Mawy (08.02.2026 / 12:17)
Dark_Wolf, haha. Oñ uçin lykyr lykyr edip gaýnap,gyzmak gerek däl. Halamadyma basyp geçip gidibermeli.
Menem hällen señ kinäñ kitaplaramy ýa gyzlaramyka diýip pikirlenýän. 2 nji wariant bolsa, onda ups sorry, men o gyz däl, meñzetýän bolaýmasañ.)
Basmacy (08.02.2026 / 12:27)
Mawy, eway, gyz nireden geldi bärik?
Mawy (08.02.2026 / 12:33)
Dark_Wolf, Bilmedim,bir norm ynsanyñ bir kitaba ýada bir bölejik mowzuga bu dereje gangyzmalyk etmegine başga sebap tapmadym. Gep kitapda bolmasa onda gep mendemi ýagny (gyzlardamy)?
Mawy (08.02.2026 / 12:48)
Dark_Wolf, Onsañam kitaplary okan, çyn okamyşlaryñ garşysyndakyny kemsidip, plança kitap okap gel soñ gürleşeris diýenine hiç yerde gabat gelmedim. Diýjek bolýanym özüniñ 3,5 kitap okany bn beylekilerden ne beyik, nede başga birzatdyryn öýtmeýänine ençeme kitapsöýer ynsalary tanap göz yetirdim. Señ bu sözleñ özüñi öwmekden başga hiçzat. Muña bolsada il içinde ajaýyp bir nakyl bar; "özüni öweniñ tanapy çüýrük" diyip.
Basmacy (08.02.2026 / 12:49)
Mawy, birinji teswirimi täzeden okap görüň. Şol ýerde gutarmalydy gürrüň
Basmacy (08.02.2026 / 12:52)
Mawy, goyhow ýegen:) özüň 5-3 kitap okap, meni kitabyň gatyny açmadyga meňzeden özüňä-how.
Gaýtalasym gelenok ýokardaky zatlary.
Mawy (08.02.2026 / 12:54)
Dark_Wolf, men kitap okamoga hiç. Şoñ uçinem "plança kitap okap gel" diýip öwünmäge hetdim ýok
Basmacy (08.02.2026 / 12:56)
Mawy, Bollumy? Gyzlara allergiýam ýok ekeni dälmi? Ýa barmy ýene dykyşdyrjak zadyň
Öwünjeň ekenimmi? Goy şeýle bolsun. Şol pikiriňde gal
Mawy (08.02.2026 / 13:03)
Dark_Wolf,pikire meñki, netije señki. Bilemok maña satyşyp durmasañ belki gyzlara allergiañ yoklugyna göz yetirerin. )
Basmacy (08.02.2026 / 13:06)
Mawy, şu mowzuklykça sagbol)
Şular ýaly zadyn üstünden ýene barsam, sataşmaly bolýan. Çao
Mawy (08.02.2026 / 13:17)
Dark_Wolf, Edil ýañjada şo ktapdan şuña meñzeşje mowzuk paýlaşdym. Gyz bn sataşyp, agyz deñeşdirip durýanlardansyñ-a öýdemok welin sataşmak bolsa, sataşarys. Hoş!
Garrybay [off]
1000 km hem 1 ädimden başlaýar.
08.02.2026 / 18:00
+0
(Ýaşaýyşyňda mydama ölümi ýatlap gorkup ýörmek seniň dur-muşyňy has hem kynlaşdyrar unutma!) mysal getirişini halamadym.Kerim Aş Şazili-ň "Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary" şoňa öýkinip ýazypdyr.
Öz pikirimdir ters düşünäýme.
Mawy (08.02.2026 / 18:03)
Garrybay, bu kitap o kitabyñ ýer bn gök aralygy ýaly tapawut bar.
Pikiriñiz ucin sagboluñ
Garrybay (08.02.2026 / 18:34)
Mawy, Elekron görnişi barmy?
Garrybay (08.02.2026 / 18:35)
Mawy, #Elektron
Mawy (08.02.2026 / 18:36)
Garrybay, haýsynyñ?
Garrybay (08.02.2026 / 18:49)
Mawy, Şu mowzukdaky eser.
Mawy (08.02.2026 / 18:52)
Garrybay, Bar
rexha [off]
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
20.02.2026 / 23:15
+0
Teswirlerden yaña okar yaly edmediñiz
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Siz birhili soraga yalnys dusunipsinizmi namemi ) yuregi owadan bolsun pisintli jogaplar beripsiniz. Yone sorag bu yerde owadanlyk mohummi ya dal...dowamy...
>>>>>
Gowy gylyk-häsiýet aýdylypdyr durmuşdaky hemme adama gerekli ýöne gynansakda her kimde ýok...dowamy...
Minigime ýüzlenme!
Agy mena gram dusunemok sen orca yazanlaryna men dasary yurt dilini bilemok turkmen dilini zordan bilyangy...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Oglana owadanlyk däl-de erkege mahsus hàsiýeti owadan bolsun ýeterlik. Gyzda şeýle. Özüne mahsus owadan häsiyeti bolsun ýeter. Owadanam...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Kä bir gyzlaň ýaşajak bolşy dertlaý ýöne. Kasmetika harytlaň arasyna girip dagy seretseň .. Pamada, ten, haýlaýtr, pudur,tanalny,gaş,kirpik,ma...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Allah owadanlygy geçmişde erkek adama ýagny Ýusup aleýhissalama beripdir. Kinosunda hem bardyr zenanlar onuň owadanlygyna aňkaryp öz ellerini kes...dowamy...