“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : .Bagytly bolsan sesiz bol, cunki durmus goriplerden doly

Forum | UMUMY BÖLÜM | Kitaphana

EDIL ŞUWAGT SEN HAÝSY REÑKDE?
 Özümiziňki
 Mawy [off]
 09.02.2026 / 15:08
 Dymmak iñ güýçli sesdir.

Reňkler hakynda bir ýazgyny okanymdan soň, birhili olar aklymdan gitmedi. Ýöne mende reňk adaty reňk däl-de abstrakt many aldy. Mysal üçin:
Ýalanyň reňki – ak gara ýaly, gara ak ýaly, ýaşyl sarymyka diýdirýär, sary ýene başga bir reňke çalymdaş. Bu duýgy ýalany eşdeňde, belki ýalan sözläňde-de bolýandyr.
Söýgüň reňki – hiç gandyrmaýar. Akdanam doýup bileňok, mawudanam, gyrmyzydanam, sarydanam, ýaşyldanam… ýene müň dürli reňk bar bolsa hemmesini özüňe siňdiresiň gelýär. Garyň reňki akdanam aňyrdaky bir ak, gülüň reňki hasam üýtgeşik. Olary içiňe sorasyň gelýär. Olar saňa siňýarem, ýöne doýup, ganyp bolanok.
Gorkyň reňki – ýok. Ähli zat reňkini ýitirýär. Agaranagam, garalanagam. Asla reňk görnenok.
Ýaranjaňlygyň, günäň reňki – tüýküligiň reňkine meňzeýär, ýüregiňi bulaýar. Başga-da ýürek bulaýjy reňkler göz öňüňe gelýär.
Gynanjyň, gussaň reňki – reňkler ümüre bürenýär, sen olaryň halyna gynanýaň, olar seň halyňa.
Aýralygyň reňki – ajy burçuň, gaty ajy burçuň tagamy ýaly, ýakyp barýar.
Wepaň, dostlugyň reňki – goýy. Ýaşyl ýaşyldanam goýy, gyzyl gyzyldanam agyr, berk, ygtybarly. Hatda Ýeriň reňkem berk, ädimleriň reňkem…
Ölümiň reňki – ähli reňkleri özünde jemleýän ýaly, başdan aýaga – ählisi. Oňa gara-da diýip bolanok, agam. Onda ähli reňk bar. Özüne tabyn edýär. Erkiňi oňa tabşyranyňy duýman galýaň. Hökmirowan, hökümdar reňk. Allaň reňki (şeýle diýmek dogry bolsa), dogrusy imanyň reňki – Ýokaryk, asmana göterýär. Mesjitdiň gümmezine çenli, ondan asman gümmezine çenli ýokaryk, ondan Arşa… ol reňkler senem özleri bilen alyp ýokaryk göterlip barýarlar. Belki, bulary entegem dowam etdirip bolar. Bu bir hili reňkleri görmek däl-de, duýmakmy, syzmakmy… Alla ynsana şeýle täsin duýgulary beripdir. Şolardan mahrum däldigimize şükür edeliň. Mahrum ýaly duýýan bolsak, pikir edeliň.

Hydyr.Amangeldi. "Öten agşamky düýşüm"


81

16

2

3

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 09.02.2026 / 20:35

+0

Gaty gowy

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 20.02.2026 / 22:51

+0

Dogry.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Şugün, 16:09)

Toba.(Hekaya)


gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
SerdarG (Şugün, 14:42)

Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi)


yzy yokmy...dowamy...

“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal


Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Uzak yaşa saýtdaş🎂🎉...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Eren jak uzak yaşa, moşşym!...dowamy...

Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi)


nirede bolan zat bu...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Uzak ýaşa saýtdaş...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


şulam şu saýtda ulaldy)Uzak yaşa...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Gözüm kakyşýar hatlary okajak bolsam...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->