Iki sany adam Hywa barypdyr. Olaryň öňlerinde bişirilen mäşli tabagy goýupdyrlar. Ilki bilen olaryň biri mäşden çemçäni dolduryp içip, ýokaryk seredipdir welin, beýlekisi:—Näme gözüňi ýaşardyp, ýokaryk seredýärsiň? -diýip sorapdyr.—Aý, hiç, yzymda bir syrkawym bardy. Şol ýadyma düşdi -diýip, mäş içen jogap beren.Ondan soň beýleki hem mäşden içipdir welin, gyzgyn mäş onuň hem agzyny ýakypdyr. Onuň tabakdaşy:—Seniň gözüň nämä ýaşarýar? -diýip soranda, ol:—Seniň şol syrkawyň ölen bolsa gerek -diýipdir