“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Ene atan soygisine dusunman olary ynjydyan dereksiz cagada soygiden yandym diyip ulaya#yurekded

Forum | UMUMY BÖLÜM | Kitaphana

JANSEREK
 Özümiziňki
 Mawy [off]
 14.02.2026 / 16:07
 Dymmak iñ güýçli sesdir.

Ojagyň ody sönäýdimikä?..Asman el ýaly ketenini dyzyna sanjyp, ýene keşdesine gümraboldy. Çytylan gaşlary kem-kemden ýazylyp, solak ýüzüne täsinrahatlyk dolandy. Ol keşde çekýärkä hemişe rahat, sebäp,töweregi unutmagy başarýar. Has dogrusy, ol öýke-kinäni basmaküçin keşde çekýär. Ynha, biraz garaşsaň, ol ýakymly bir zarynowaz bilen assaja hiňlenip başlar. Rahman üçin ol owazýalňyzlygyň aýdymy bolup eşidiler. Şol aýdym onuň erkinielinden alar. Asmana ýakynlaşyp, ýalňyzlykdan gutulmagyňalajyny gözlär.Asman dymsa-da, öňden gulakda galan tanyş owaz täzedenýaňlanan dek, Rahmany herekete getirdi. Ol süýşüp aýalynagolaý bardy. Ajy tüssäniň aňyrsyndan Asmany synlady. “Seniňreňkiň solsa-da, ýüzüňdäki mähir azalmandyr” diýesi geldi.Ýöne ýaňky galmagaldan soň, aýaly bu sözlere ynanmaz öýtdi.Sesini çykarman, aýalyny goltugyna gysdy. Asman işden ünsünibölmedi. Rahman keşde iňňesiniň işleýşine tomaşa etdi.─ Şo keşdäň adyny aýdaýynmy? ─ diýdi. ─ “Sekiz keşde”. Olýokarkam “içýanagyz”. Ynha, bujagaz ýerigem gaýma urarsyň,soňam “sygyr siýdik” bolar.─ Aýyr eliňi, iňňe çümäýmesin.─ Bujagaz tahýany kime tikýäniňem bilýän ─ Rahman gülüp, usulbilen aýalynyň garnyny sypady. ─ Şu ýatan pälwan üçindir.Asman ýygryldy:─ Aýyrsana eliňi, utanaňogam.─ Utanjak däl.Asmanyň solgun dodaklaryna reňk çaýyldy.─ Pälwandygyny näbilýäň, gyz bolsa bildiňmi? ─ diýdi.─ Seň özüň kimi küýseýäň?─ Men seni küýseýän, Rahman, meni ýeke goýma, sensiz gorkýan.Rahman has gysmyljyrady:─ Men barkam zatdan gorkmagyn. E-he!.. Dur, dur… ─ Ol ýatasuwda balyk tutýanyň tomaşasyna meňzeş hereket bilen eliniAsmanyň çep böwründe gezdirdi. Diň salyp oturyşyna pyşyrdady.─ Gymyldady, walla, gymyldady!.. Dur, dur… Ana, ýenegymyldady. Bildirenokmy? Hany, eliňi ber!..Rahman aňyna-maňyna garaman, Asmanyň elini öz eliniň ýanyndatutup garaşdy.─ Dur entek, ýene gymyldar…Asman utançly ýylgyrdy:─ Gaty bimaza boljak öýdýän, wagtal-wagtal bir gorsanýar weli…─ Onda oglandyr!.. Gorsanýan bolsa oglandyr!..Rahman dyzyna galyp, Asmany gujagyna gysdy, dulugyndan ogşady.Süýji bir äheňde:─ Asmanym!.. ─ diýdi. ─ Seni ýanymdan goýman. Ynha, iki gündençöle gideris. Sährada göwnüň açylar. Seň göwnüň açylsa, walla,o pälwanam azar berip durmaz. Häli birden, iki bolup ýatanbolmasynlar-how?! Ýeri dar görüp, depişýän bolsalar diýýän-ä…Rahman tomaşa bilen güldi, Asmanyň ýüzündäki agyr aladanygörende bolsa janygdy:─ Seni ýeke goýman, ant iç diýseň, hol-ha, çörek dur, duzdanant içeýin...

Tirkiş.Jumageldiýew. "JANSEREK" romanyndan bölek.


97

21

1

5

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 14.02.2026 / 16:36

+1

Gaty gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ruslar biz barada näme diýýärler


Terjimede goýberilen harp we söz ýalňyşlygy üçin merhemet soraýaryn. Oňuşyp okaň...dowamy...

Oratdy şahyr / hekaýa


Gynandym-lay, son cun menem kopluk yerde gosgymy hodurlap duramok. Gowy hekaya. Sag bolun, Serdar aga!...dowamy...

Oratdy şahyr / hekaýa


Nazaryýet — bu haýsydyr bir zat barada hemme zat mälim bolsa-da, şonuň hiç zadynyň düýbünden işlemeýänligi. Amalyýet (tejribe) — bu haýsydyr bi...dowamy...

Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.


Baydak yaly gelin elden gitdi Haysy manyda aydylan shu :"baydak"sozi...dowamy...

Durmuşum.


Eger ol seniň ýüregiňdäki şol paklygy görüp bilmeýän bolsa, onda ol seniň söýgimize mynasyp däl diýmekdir. Emeli añ dalmi sho? "Söygumize"...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
rexha (10.07.2026 / 11:09)

Durmuşum.


Gowy tema. ýöne şu emeli aňa ýazdyrylan ýaly welin bir hiýli gurok bolupdyr. Negatiw kawul etme. sen emeli aňa gowy tekst ýazdyrjak bolsaň onda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
Fantom (10.07.2026 / 04:32)

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 7


Karlik name diymek...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Ölümli jülgeden őlmänjik geç, öläýseňem aýt depip barlap görjek...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
zM (06.07.2026 / 19:33)

Ýagşylyk


Bu name repmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýagşylyk
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:53)

Gyrrygyz'ymyz


Pygamber yashy 63 daldimi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->