Ýürekdeş sözler!
Haýyşa jogap
Mishel [off]
Şugün, 19:11
Forum (22.02.2026 / 16:24)
Salam, men Bagana! Siziň FORUM bölümindäki:
teswiriňize, şeýle jogap ýazdym:
Mishel, kapitalizm bilen kommunizmiň näme zatdyklaryny düşündirip bersene. Özüňä bilýän ýaly teswiriň başyny şonuň bilen başlapsyň welin.
Kommunizm sözi özara ylalalaşyp ýaşamak, deň işlemek, deň gazanmak, deň paýlaşmak manyny berýär.
Garyplar bolmaýar, öýsüzler bolmaýar. Keselleseň ýada inwalid bolsaň köpçülik seni ýeke goýmaýar. Ýurtda bar bolan gowy zatlardan edinmäne hakyň bar, işlemäne hakyň bar. Hakyky kommunizmde zatlar mugt bolýar. Transport mugt, medisina mugt. Okuw mugt. Ogry-jümrülik ýok. Adamlaryň medeniýeti, aň derejesi ösen bolýar. Ykdysadyýet ösen bolýar.
Ýöne bu jemgyýetde düşnüksiz zat köp.
Sebäbi kommunizm häli hiç ýerde gurylmadyk jemgyýet. Ilkinji bolup kommunisik döwleti gurmana fransuzlar çytalaşdy. Olaryň kommunizme meňzeş döwleti 70 gün çemesi ýaşap, soňra ýykyldy. lkinji bolup kommunizm jemgýetini ruslar gurmakçy boldular. Olaryň guran kommunizm jemgyýeti 1917-nji ýyldan 1993-nji aralygynda ýaşap ol hem ýykyldy. Ruslaryň guran bu kommunizm jemgyýetinde türkmenler hem ýaşady. Bu döwletiň Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy diýen ady bardy.
Nädip adamlaryň aňyny kommunizmde ýaşar ýaly derejä eltmeli?.
Sebäbi adamlar medeniýetsiz, ýalta, aldawçy, ogry!.
Olary nedip terbiýelemeli?.
SSSR ine şuny edip bilmedi. Ykdysadyýet ösdi emma adamlaryň açgözlügini ýok edip bilmedi. Adamlar altyn-kümüş ýygnasy geldi, gymmatbaha şaý-sepler dakynasy geli. Gymmat geýimleri geýinesi geldi. Baý ýaşamak isleýän adamyň sany SSSR döwründe birbada köpelip gitdi.
SSSR halkynyň islegi daşary ýurtlarda bardy. Mysal üçin Amerikada millirderler, millionerler ýaşaýardy. Daşary ýurda baryp gelenler ol ýurtlardan gymmat djinsy jalbarlar, gymmat magnitafon, wideomagnitafon getirýärdiler.
Gymmat zatlary edinmek isleigi ösüp gitdi. Bu isleg özara deň ýaşamak isleginden üstün çykdy. Halk iki bölündi. Häzirki döwürde bu iki bölünmäniň birine elita diýlýär.
Elitanyň ady tutylýar emma elita dälleriň indi ady tutylmaýar. Syýsaty, medeniýeti, ylmy-bilimi ýurdyň elitalary alyp baraýr.
Eger gadymy sözden ugyr alsaň elita baý adamlary aňladýar, elita däller bolsa hukugy ýok adamlary aňladýar.
Häzirki döwürde kommunizm jemgyýetini gurmakçy bolýan iň uly döwlet bu Hytaý. Başgada birneçe kiçi döwletler bar emma olaryň ady kän tutylmaýar.
Haçanda SSSR kommunizm gumakçy bolanda oňa daşary ýurtlar päsgel berýan ýaly göründi. Eger kapitaistik sistemany ýok etmesek kommunizmi guryp bilmeris diýen düşünje rus kommunistik sistemasyny ýalňyş ýola iteledi. Ruslar kapitalistik sistemany uruş arkaly ýok etmek pikirine gelip ýaraglanyp başlady. SSSR gymmat ýadro ýaraglary ýasady. Ykdysadyýetiň halkyň hal-ýagdaýyny gowylandyrmak üçin niýetlenen pullary we serişdeleri ýaraglara sarplandy. Halk bolsa ýatdan gykdy. Ýurtda açlyk boldy. Ýurt ykdysady taýdan çökdi. Halkyň nägileligi artdy. Halk indi kommunizm gurmakdan ýüz dönderdi.
Halkyň ikä bölünmesi ondanda beter ýurda zyýan ýetirdi. Ýurdyň baý gatlagy öňküdende beter şikarny ýaşasy geldi. Işläsi gelmedi. Okasay gelmedi. Okap, işläp baýamanyň ornuna parahorluk bilen baýasy geldi.
Ykdysadyýetde ýygnan pullary özleri özara ogyrlap galp hasabat berip başladylar.
Şeýdip SSSR kem-kemden ýykylyp başlady.
Käpitalizm bolsa diňe öz aladaňy etmeli diýen syýasaty alyp barýar. Puly we baýlygy hemme zatdan ýagny adamlaryň özara ysnyşygyndan, deň ýaşamak isleginden, dost-dogan bolmak arsuwyndan ýokarda goýýar. Ýöne kapitalizm sistemasy kommunizm sistemesyndan iň gerekli zady aldylar.
Ýöne bu hem aslynda aldaw. Mysal üçin Amerikada işsizler üçin posobiýe bar. Posobiýe köp pul däl. Ölmez-ödi gün görmek üçin ýetýär.
Edil şu wagt Ilon Maskda 700 milliard dollar bar diýilýär.Ol ýylda haýyr-sogap üçin birnäçe ýüz million dollary halka paýlaýar.
Gören-eşiden adam aýdar gaty gowy adam eken diýip. Emma garypda göwün bolmaýar. Olar sähelçe pula aldanýar, sähelçe rehimdarlyga gözüne ýaş aýlaýar.
Elbetde, kommunizm gowy guryp bilseň. Emma bir adamyň ömründe kommunizmi guryp bolmaýar. 400-500 aralygynda guryp bolmagy mümkin.
Kommunizm ideýasy köp adamyň ýüreginde dogabitdi ýaşaýar. Kapitalizm dogabitdi zat däl. Kapitalizm adamlaryň açgözliginden, ulymsylygyndan, atyňy ýeke çapmakdan, dogan-garyndaşdan we dostdan ýüz öwürmeklikden gelip çykýar. Käpitalizm diňe tebigy baýlyk bolanda pajarlap ösüp bilýär emma tebigy baýlyk ýok ýerinde kapitalizm gurmak mümkin däl.
Iň ýaman zat adamlaryň sowatsyzlygy esasynda dörän sadalyk. Sada adamlar derrew aldanýar. Açgöz adam ýanyndaka şeýle diiýär. Gel ikimiz şu zady paýlaşaly. Bir adam beýleki adam bilen elbetde ylalaşmaly. Eger ylalaşmasaň adamlar arasynda agzybirlik ýogalýar. Agzybir bolaýyn diýen adam ikinji bir adam nädogry hereketleri edýän bolsada ylalaşýar. Ine, şu hili ylalaşyk bolsa nebsine kowalaşmakçy bolýan adamy öz ýoluna göýberýär.
Mysal üçin, siz sadakalarda we toýlarda bolup gören adam. Özüňiz bilip otyrsyňyz orta goýylan araklar, her hili gymmat içimlikler, gowy naharlar bu adam öz gazanan halal pulyna orta goýanok . Ol bu hyzmaty siziň halallygyňyz we dogryçyllygyňyz üçin berip otyranok. Ol bu hyzmat bilen sizi satyn alyp otyr sebäbi bu orta goýylan zatlar onyň halal gazanyp tapan pulyna satyn alynan däl.
Ýer şarynda Allatagalanyň döreden tebigy baýlygy pytrap ýatyr. Bu baýlygy Allatagala size pula satmaýar. Her ýyl miweli agaçlar miwe getirip dur, jandarlar köpelip dur. Siz olary iýip-içip satyp otyrsyňyz.
Kapitaist bu baýlygy Allatagaladan ogyrlap alýar. Siz bolsa käpitaisti goldaýaňyz. Kapitalist siziň hasabyňyza baýap gidip özüne ýaran jemleýär. Bu ýaranlar bolsa kapitalistiň buýrygy boýunça sizi ezýär, uraýr, talaýar, kemsidýär.
Tebigy baýlyga galp ýol bilen eýe bolmak, adamlaryň sadalygy we sowatsyzlygy kapitalizm üçin mugt olja. Kapitaist tebigy baýlyga eýe bolup bu eýe bolan baýlygyny halkyň sadalgyndan peýdalanyp oňa satýar. Eger halkyň puly bolmasa onda halk baý resursa eýe bolan kapitaistiň gapysynda ýarpy pula işläp başlaýar. Bu halda kapitaist adamyň zähmetiniň hasabyna ýene baýaýar.
Mysal üçin, häziki döwürde baklaşkalarda içimlik suw satylýar. Kimdir biri suw gaplaýan enjamy daşary ýurtdan satyn alýarda tebigatyň döreden suwyny pula satýar. Hemme öwrenişip gidipdir bu hili edilýänine. Adam diňe öz zähmetini satmaly tebigy baýlygy däl. Kommunizmde bu mümkin däl.
Elbetde, kommunizm gowy. Adamlar özara ylalaşan wagtynda olar gysga wagtlaýyn bolsada kommunizmde ýaşaýar.
7 |
6 |
2 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Mugut saytlary doredip bolyamy
Agzalar hayys etyan su mowzygy doly okan google bn yandex brauzerlerde diyan bular name yazyara ayratyn saytlardakylardakylary yazmadym men...dowamy...
PowerPoint programmasy barada gysgaça maglumat
Power poitn programmasynda multifilimleri redaktirlap bolyanynam yaz.aly ekeninda belki icinizde howesliler bardyr gowy maglumat goyan tuwleem...dowamy...