“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Orazjan : Söýginiň gadyryny bilmeýänler, söýgi-muhabbetden ders berer...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Saýt açmalymy ýada ýok
 Öwreniji
 Mishel [off]
 Şugün, 19:49

Gyzykly bir pursady başdan geçirip otyryn şu günler. Size hem aýydaýyn diýdim sebäbi meniň bu başdan geçirýän pursadymyň bir tarapy size hem baryp degýär.
Türkmen dilinde saýt açmak barada ep-esli wagtdan bäri pikir edip gelýän. Her gezek bu saýty açmak barada hüjüme geçýände ýene yza gaýdyp gidýän. Yza gaýdyp gidýänligimiň sebäbi her gezek anyk bir zada direnýär.
Birinji gezek saýt açmana hüjüm eden pursadymda şeýle ýagdaý ýüze çykdy. Saýty pul berip açsam yz ýanyndan saýty ýöretmek üçin özümiň progrmmirlemeden baş çykarmagym gerek boldy. Her gezek saýt bozulanda men ony pul töläp bejerdip otyryp bilmen ahyry dýip saýt açmakdan ýüz dönderdim we ilki bilen programmirlemäni öwreneýin onsoň saýt açaýyn diýdimde programmirlemäni öwrenip başladym.
Birnäçe wagt geçenden soň täzeden saýt açmana ymtyldym. Bu gezek bir saýty satyn almakçy boldum. Pulyny hem gepleşdim emma kelläme bir pikir geldi ýagny türkmen saýtlarynyň ýapylyp gidip barýanyny gördümde meniň saýtym hem şu saýtlar ýaly işlemän galar diýidimde saýt açmak pikirinden sowap galdym/
Bu diýýänlerime garamazdan daşary ýurt dilinde Blogger. сomda rus dilinde saýt açdym. Soňra Medium.comda saýt iňlis dilinde açdym. Ýenede birnäçe kiçijik saýtlary açdym emma hiç haýsyny uzak wagt işledip bilmedim. Iň esasy zat saýtlaryma ýeterlik adam getirip bilmedim.
Saýt açyşymyň iň gyzykly bolan ýerini size aýdyp bereýin. Meniň bu başdan geçiren wakama gülüp ýykylarsyňyz.
Çala ýadyma düşýär bu bolan wakalar. Google saýt Com. saýtynda mugt saýt açdym. Gurluşyk materiallarynyň söwdasy bilen baglanyşykly saýtdy. Şablony aldymda saýt üçin gerekli zatlary ýazdym. Saýtym işläp başlady. Sagady, güni, ýyly ýazyldy. Meniň adym familýam hem bellendi Google tarapyndan.
Indi dukanymyň içini gurluşyk materilallardan doldyrmaly boldum. Google maňa materiallary haýsy dukanlardan alyp öz dükanymy doldyryp biljegimi görkezip bir topar interenet dükanlary mashat berdi. Menem näme soňunyň näme boljagy bilen gyzyklanman dukanymy materialdan dolduryp boljak söwda garaşyp başladym. Her gün internete girip dukanyma seredip otyryn. Üçünji sutkada alyjy geldi. Meniň dukanymdan söwda edýän boldy. Menem satýan boldum.
Dokumentleri doldurdyk. Indi dukanymdan materiallary berip göýbermeli wagtym boldy. Alyjy menden soraýar. Dukanyň nirede diýip. Men hem Hudaýberdiýewa köçesiniň pylan nomerli jaýy diýýärin.
Alyjy menden dukanymyň nirede ýerleşýändigini sorady. Onda alyjy meniň komputerimiň ekranyna Aşgaýadyň kartasyny getirdi.Haýsy köçe diýip sorady. Hudaýberdiewa köçesi diýdim. Onda Google Hudaýberdiýwa köçesiniň kartasyny öňümde goýyp hany haýsy jaý diýip sorady. Men indi şu wagt özümiň saýty çyndan açanyma düşündim emma muňa çenli saýt açmanyň jogapkärli zatygy bilen gyzyklandyrmaryn. Indi men özümiň aldaýanyma düşündim. Emma şondada kartada salgym bolup duran jaýlaryň birini ine şu meniň dukanym diýip ýene ýalan sözledim.
Google karta edil ýere düşen ýaly bolup meniň görkezen jaýymy tä adamlar görünýänçä ýakynlatdy. Indi meniň görkezýän bu jaýymdan adamlar girip çykýan ýaly boldy. Soňra men bilip galdym. Internetde dukan açsaň bu dukany kosmos arkaly tapyp bolýanyny men oýlanmadyryn.
Meniň düşen ýagdaýym bolsa örän gülkünç eken. Men saýty açypdyryn emma kellemä gelmändir dukan diňe internet sahypasynda bolman eýsem dukanymyň jaýy hem gerek boljagyny pikir etändirin. Meniň kelläme gelmändir söwda üçin meniň dukanymyň hasabynda pullar bolmaly eken.
Ýene meniň kelläme gelmändir. Men dukany dolduranymda bu materiallary şol dukanlrdan alyp gaýytmandyryn maşyn ýada otla ýükläp.
Häläm bu zatlaryň hemmesi internet sahypasynda bolup geçeni ýogsa durmuşda bolup geçen bolsa men köp bergä düşjek ekenim.
Şu zatlaryň hemmesi meni täze saýt açmakdan yza çekýär. Ýöne men indi öňki adam däl.
Edil şu wagt iskusstwenny intellekt bilen gepleikleri geçirip otyryn. Ol maňa köp zatlary öwredäýär. Men eýýäm birnäçe saýty işläp dzdüm emma açmany togtadyp duryn.
Men size aýdypdym saýt açdym emma poiskowikde ady çykanok diýip. Onuň sebäbi Meniň ýaşaýan ýerimde internet tizigi pes ekeni. Internet kesilip işleýän eken. Ýene-de tok gelmesi ýygy-ýygydan öçýär.
Şularyň hemmesini düzetmän men saýtymyň işleýşini ýola goýyp bilmejegim belli boldy.
Başgada ýene ullakan mesele bar. Olar barada indiki çykyşymda aýdaryn. Okap duryň. Yzarlap duryň meni aýdanlarymy. Indi häzirkidende gyzykly zatlary aýdyp bermekçi size.


8

6

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Deň etmän duş etmez Pis pisi tapar, suwam pesi...dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Agşam 11 den gijä galaýsaňdagy bar onsaň hormatlylar....dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Şu zatlary 18-ýaşdakam okan bolsam bolmadymy. Iller özlerini aýap, oňarýan ekenler))...dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


(@Fantom aganyň "Uzyn teswir ýazyp bilmezlik" wirusy maňa-da ýokuşaýypdyr öýdýän :) )...dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Maşgalaň gyzykly ýeri şozatlar...dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Öňler telewizorda türkleriň çykaran bir üýtgeşik kinosuny türkmençä geçirip görkezerdiler. Ady ýadyma düşenok welin biz Açar kino diýerdik. Şol k...dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Haýýý men bola...dowamy...

Bir arapdan_Bir şarapdan №9


Gahar usdi bilen diylen sozler edilen hereketler kawagt garshyñdakyñ yuzunem achayya oña näme diyjek hojam. Birem indiki temamyz yok diyip bilmey...dowamy...

Täze güýç bilen


Ap berekella...dowamy...
Erkin mowzuklar | Täze güýç bilen
Orazjan (Düýn, 21:49)

Bir arapdan_Bir şarapdan №9


Şu döwürde adam bolmagam kynlaşýa...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->