Basmacy [off]
12.03.2026 / 06:49
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
Är-aýal örän bagtyýardy.
Aýaly çyranyň ýagtysyna oglunyň jorabyny ýamap otyrdy. Äri bolsa diwanda ýanbaşlap hyýal sürüp ýatyrdy. Aýaly äriniň hyýalyny dargatmakçy bolup, bir zatlar oýlap tapmakçy bolýar welin, teý gep tapmady. Ahyry oýlanyp-oýlanyp tapan gepi şu boldy.
- Bu ne eýgilikmi, uzak hyýal sürdüňizle? Hany bir özüňize geliňde, erkege meňzäp gyzykly-gyzykly gürrüňler tapyp güldüriňsen-e.
Äri gözlerini giňden açyp pallady-da, gapy jygyllaýan ýaly gerindi.
- Näme özüňe ýaş gyzdyryn öýüdýäňmi...
Şeý diýdi-de ýene täzeden gözüni ýumdy.
- Hany duryň-duryň, gözüňizi açyň. Aýdaly, on sekiz ýaşly ýigit bolsaňyz näme ederdiňiz? Ýene maňa öýlenerdiňizmi?
Äriniň ýeňsesi gatan ýaly ýerinden gozgaldy. Ýaltalyk bilen diwandan aýagyny sallady-da, dodagynyň bir tarapy bilen "ýylş" etdi.
- Bu meseläni dürs oýlap görmek gerek. Wah indi şol on sekiz ýaşym gaýtaryp berilse, özüm bilýän-le. Anygyny aýtmaly bolsa saňa-ha öýlenmezdim. Woopshe, öýlenmezligimem mümkin.
Äriniň birden filosoflygy tutdy.
- Eger ynsan çagasyna iki gezek ýaşamak mümkinçiligi berilse, köp ýalňyş zatlar düzelip giderdi. Ine, öýkenimiň ugry ýok, nämeden, çilimden. Birinjiden şu ady ýitmişi çekmezdim. Ine, aşgazanymyňam ugry ýok. Nämeden, içgiden. Ikinjiden, şu arak diýilýän zady içmezdim. Görüp durşyň ýaly nerwi damarlaryňam ugry ýok, munyň nämedenligini bilýän dälsiň, bilmersiňem. Bu seniň jebriňden. On sekiz ýaşyma ýalňyşyp düşüp galsam, iň birinji etjek zadym saňa öýlenmezlik. Eger öýlenäýsemem, öňüňde goýjak şertlerimi bir umumy depdere ýaltanman ýazyp çykardym. Meselem, onda şeýle şertler bolardy:
"Bir diýenimi ikilenç gaýtalatmarsyňyz-a, gülüm? Sogan dogralan pyçakda gawun kesmersiňz-ä gülüm? Telefon eliňizden düşermi? Zamok, ilik ýaly tikinleri arkaýyn ynanyp bilerinmi size? Bir ýere myhmançylyga, toýa gitjek bolsak, garaşdyrman taýynlanyp oturmak eliňizden gelýärmi? Erkegiň ýüregine barýan ýol aşgazanyň üstünden geçýär diýen sözi eşidensiňz-ä, eşiden bolsaňyz, dürli-dümen taýýarlap bilýäňizmi, eliňiz süýjümi? Öýe myhman gelse, myhmandan öň töre geçip oturmarsyňyz-a, hemme işi maňa taşlap? Ýapan çöregiňizden gyl çykmaz-a? (Eger çörek ýapyp bilýän bolsaňyz) Işden, ýok, woopshe, gijiräk öýe gelen günlerim, tamožnyň güjügi ýaly üsti-başymy ysgap ýörmersiňiz-ä? Umuman, meni öz günüme goýýaňyzmy ýa-da ýok?.."
Ine şu şertlere razy bolsaň saňa öýlenmegim mümkin. Bolmasa kime öýlenjegimi özüme goý.!
Aýaly jaýy ýaňlandyryp güldi. Onuň bu gülküsinde içýakgyçlyk bilen ýaňsylama bardy. Äri ýene dile girip:
- Hawa, indi sen aýt. Aýdaly, pelegiň gerdişi aýlanyp, sen on sekiz ýaşly gyz bolup galsaň, ýene maňa äre çykarmadyň? Aýtmasaňam bilýän, ýene maňa çykardyň, men ýaly taýýar är, men ýaly alyjenap är kosmosda hem, ýerde hem tapylmasa gerek.
Indi aýaly dile girdi.
- Aýdaly, atom bombasyny bir egnime, wadarod bombasyny bir egnime asyp goýup, şu Atamyrada durmuşa çykmasaň partladarys diýseler, partladyberiň, janym rahat tapar gaýtam, diýerdim.
Äriniň gözleri tegelenip, "waý gara başym-eý" diýenini bilmän galdy.
- Eger adam şekilli şuňa durmuşa çykjakmy diýseler, 6 adamy şaýat tutyp, 3 tom kitaba sygjak şertlerimi patyladyp öňüňizde goýardym. Şertlerim ine şeýle bolardy:
"Ejeňize, aýaldoganlaryňyza meni ýamanlamarsyňyz-a? Keýpden gözüňiz gyzaryp, çagalar bagyndan öz çagaňyzy tanaman, başga biriniň çagasyny tirkäp getirmersiňiz-ä? Çilimiň külüni halyň üstüne kakmarsyňyz-a? Özüňiz bazarlap gelersiňiz-ä? Ýylda bir äwip-säwip joralam, obadaşlam geläýse, töre geçip aýagyňyzy sallap oturmarsyňyz-a? Pyýan bolup, kryşaňyz uçan mahaly öz aýalyňy tanaman, özüme özümi ýamanlamarsyňyz-a? 8-nji martyň nämeligini bilýänsiňiz-ä? "Işden" geleniňizde kastýumyň sag jübüsinden iki adamlyk teatr biledi çykmaz-a? Aýlyk alanyňyzda meslekdeşleň bilen keýpden geçirmersiňiz-ä? Mensiz myhmançylyga baranyňyzda, galstugyňyzy ters dakyp, daňa golaý öýe gelmersiňiz-ä?"
Äri "wayy başym" diýip, ýerinden turup gitdi. Aýaly ýene dowam etdirmekçidi, äri eli bilen gulagyny ýapyp, "toba etdim" diýen manyda ahmyrly gözüni süzdi. Aýaly şonda-da bes etmedi. Ahyry äri dyzyna çöküp, aýalynyň eteginden ýapyşdy.
- Senden aýlanaýyn, adyňa döneýin gülüm, bes edäý indi. Gelmän geçsin şol on sekiz ýaş maňa. Içiňde şunça derdiň barmydy? Goýaý indi, bu gün obetden soň ýygnaga gitmeli, nostrenýamy bozma.
Aýaly böküp ýerinden turdy-da, iki elini biline uryp:
- Näme diýdiň, bu gün dynç güni, nämäň işi, nämäniň ýygnagy?!
Äri gözlerini petredip durdy-da, dilinden sypdyranyna ökünip, gabaklaryny aşak göýberdi.
147 |
43 |
7 |
11 |
0 |
0 |
1 |
Kapiro [off]
Allah diýene Allah ýetişer
12.03.2026 / 08:20
+1
Öňler telewizorda türkleriň çykaran bir üýtgeşik kinosuny türkmençä geçirip görkezerdiler. Ady ýadyma düşenok welin biz Açar kino diýerdik. Şol kinoda gahrymanlar maşgala ýagdaýynda kynçylyga düşenlerinde bir adam gelip açar berýä şol açary alyp gapyny açsaň ýene has öňki maşgaladaky oňatçylyk ýagdaýyna dolanýarlardy. Bu ýagdaý kä bölüminde birnäçe gezek gaýtalanýardy. Käte durmuşda kynçylyk bolanda şol açary alyp biraz öňürägiňi düzetsedim diýýäň welin hakyky durmuşda beýle zatlar bolmaýarda.
Senyorita (12.03.2026 / 10:43)
Kapiro,
Hawa, meniňem ýadymda. Ýöne kinoda şol açary almagyň ýalňyşdygy düşündirilýädi. Bir ýalňyşyny düzzetdimmikäm öýdüp has beterrägine sataşýadylar. Sebäbi şol açarly adam "Käşgä, şeýtsemdim, şeýle bolardy..." diýen adamyň ýanynda peýda bolýardy.
Resulalla: "Şeýden bolsam-a şeýle-şeýle bolardy" diýmegin. Diňe "Allanyň takdyr edenidir. Allanyň halan işi bolar" diý. "Käşgä" sözi şeýtana gapy açýandyr" diýen eken.
Ýitirýänçäk elimizdäkiniňem, ýanymyzdakynyňam hat-da ýüregimizdäkiniň
Senyorita (12.03.2026 / 10:45)
Kapiro,
*ýüregimizdäkiniňem gadryny bilemizok. Kesel bolmasak saglygyň bagtdygyna düşünemizok. Kynçylyklar, päsgelçilikler bolmasa gowy durmuşda ýaşanymyza düşünip şükür edýänimiz az...
Senyorita [off]
12.03.2026 / 10:47
+0
(@Fantom aganyň "Uzyn teswir ýazyp bilmezlik" wirusy maňa-da ýokuşaýypdyr öýdýän :) )
Basmacy (12.03.2026 / 11:11)
Senyorita, käwagt şeýdip içiňi ýakýar saýt
Senyorita (12.03.2026 / 13:57)
Basmacy,
Käwagt bolsa hiç-le, hemişe beýdip durmasa bolýa.
Gulmahrem [off]
12.03.2026 / 13:23
+0
Şu zatlary 18-ýaşdakam okan bolsam bolmadymy. Iller özlerini aýap, oňarýan ekenler))
OrazM [off]
sallanchakdan gachan
12.03.2026 / 14:16
+0
Agşam 11 den gijä galaýsaňdagy bar onsaň hormatlylar.
Söýgi näme üçin gutarýar?(gyzykly okaň)
Aý onno adamlaryň beýnisi düýbünden ýok onno. Beýniň üstüne ataýalarda inni munom Edesim geleni edip ýashaýan diýmän beýni günäkär diýärler...dowamy...
"ILkinji we iň soňky söýgüm".Hökman doly okan durmusda hakyky bolup geçen waka.
dogry bolmogom mümkin ýöne edil shu dowürdä dälirlaý men pikirimçe "boliya bolya" shutaýlary azajyk buloshdurýa gowy ýazypsyň ýone welin bol...dowamy...
koshejik (Şugün, 18:43)
"ILkinji we iň soňky söýgüm".Hökman doly okan durmusda hakyky bolup geçen waka.
Sular hakyky bolan waka dal (dip cak edyan). Hakyky bolan waka bolayanda-da seyle at bilen paylasmak yaslaryn anyny zaherlap biler. Yetginjekler...dowamy...
WI- FI-yñ ýetirýän zyýanlary
HEMME ZAT ZYÝANLY, BARYBIR HEMMAMIZINEM OMRÜMIZ GYSGA... SUNUN ÜÇIN DURMUŞDA EDIP BOLJAK ZAT BOLSA HEMMESINI ETMELI...dowamy...
"ILkinji we iň soňky söýgüm".Hökman doly okan durmusda hakyky bolup geçen waka.
Biri öldi diýip yzynda ölmek ýalňyş zat. Durmuşy boldugyça dowam etmeli, gaýrat edip......dowamy...
Orazjan (Düýn, 12:40)