“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Alladdin : Birine palçyk zynjak wagtyň pikirlen,ilki bilen öz eliň hapalanar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bir arapdan_Bir şarapdan №9
 Özümiziňki
 Basmacy [off]
 11.03.2026 / 05:59
 Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...

6-7-nji klaskam Edebiýat kitabynda Keý Kowusyň  "Kowusnama" eserinde şeýleräk sözler bolmaly:

- ALYM BOLMA, ADAM BOL

Muny iň bärkisi meň okanyma ençeme ýyl boldy, eseriň özüniň näçe ýyllyk taryhy ýatyrka?!
ALYM-a düşnükli, ADAM bolmak şunçalyk kynmykanaý diýip şol wagtam, häzirem pikir ekip ýörün. Diýýänsiňiz, ADAMdyr-da, el, aýak, göz, gulagy bar bolsa... Adam bolmak üçin diňe biologiki gurluşyň düzüw bolmagy ýeterlikmikä?! Ýeterlik däldir meň üçin-ä.. Çünki eli ýok golagada adam diýýäs, gözi gapygada diýýäs, dişi ýoga-da adam diýýäs-ä,, dogrumy?
Hiç kimiňem "Adam" diýilende göz öňüne ROBOT gelenok, özümiz ýaly adamy göz öňüne getirýäs.. Şonuň üçin diňe anatomiki taýdan adam hasap edilýänlere men-ä "SAN" diýýän...
Indi hakyky Adam bolmagymyz üçin üstüni doldurmaly ummansyz goşundylar bar. Ulanýan bir sözümiz bardyr "Adamçylyga sygýan zady etsene" diýip... Nämekä ol adamçylyga sygmaly we sygman daşynda galýan zatlar?? Muny her kim özüne sorag bersin...


*****


- GAHAR GELSE, AKYL GIDER

Haýsy zat adamda üstün bolsa, ana şol zat adamy dolandyryp durýar. Meselem, gahar-gazap sizde güýçli bolsa, hemişe gahar üstünde iş çözersiňiz we munyň zyýanyny özüňiz görersiňiz. (Gahar - akylyňy iýer diýilmeýärmi). Aslynda akyl bilen gahary basyş gerekdi we gahar akyla boýun synmalydy. Şonuň üçin akylyňyzy köpüräk işletseňiz, sizdäki iň üstün zat akyl bolar. Hemme zady akylyňyz bilen berjaý ediň.
Ýa-da nebis. Nebisjeňlik sizde üstün bolsa, nebis sizi dolandyrar...

Ybraýym Edhemiň r.a bir sözi bar (ýaňy-ýakynda eştdim) - gahar gelse akyl gider diýilýär. Indi göz öňüne getiriň, asly jahyl adamyň gahary gelse nämeler bolar? ..
Bu söz - gaty çuňňur oýa batyrýan söz. Çyndanam, adaty adamyň gahary gelse akylyna boýun synman, nämeleriň üstünden barmaýar?! Uruşýar, jenjenleşýär, şikest ýetirýär, göwün ýykýar... Indi bisowat, jahyl adamyň gazaby gozgasa, yzyny özüňiz bilýäňiz.. Oturyp pikir edýäň, dünýädäki uly jenaýatlar, ölümler, zorluklar nireden, nähili gelip çykýanyny bilse bolýar.


*****


«Потому что» BOLUBERIŇ ŞU KÄRIŇIZ BILEN

Kämahal işdeşler ýadowsyrap "jogapkärli zatdanam ýadadygaý, çöle gidip çopan bolup, mal bakanym gowy görýän, hem giňişlik, hem rahatlyk"-myş. Muny sizem eşidip görensiňiz. Munyň aýdyşyça 'çopançylyk' sadarak, kimiň eline egri taýak bereňde-de başarjak zady ýaly görünýär. Siziň üçinem şeýle gerek? Men çopançylygy iň bir çylşyrymly inženeriň işindenem jogapkärli we talapkärli görýän. Her bir adama çopançylygy, ýagny öri sürüni ynanyp bolmaýar. Çopançylygam ylym. Artykmaç ýa-da kem suwa ýakmak, iýmit ölçegi, ýa-da pasyllara görä meýdan böleklerini saýlamak haçandan bäri aňsat saýylýar.?!
Haýsy biriňiz çopançylyga höwes edýäňiz? Gidip görüň. 3 günem çydaman däliräp gaçyp gaýdarsyňyz...


144

29

3

7

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 Kapiro [off]
  Allah diýene Allah ýetişer
 11.03.2026 / 08:47

+1

Çopançylykda iň kyn zat sürüni kabul edip alanyňda ýa bakyp ýörkäň bir goýun ýok bolsa şony bilmek. Bilmeýän adam ýüzlerçe goýunuň içinden 10-20 si bölünip gidsede bilmeýär. Bir çopan aýdýar öýden gelip goýunlara birlaý göz gezdirsem haýsy goýun ýok bolsa şony bilýän diýýär.

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 11.03.2026 / 21:46

+0

Şu döwürde adam bolmagam kynlaşýa

 Täzeje
 Garrygyz [off]
  У тебя есть козырь?! Рискни
 12.03.2026 / 06:07

+0

Gahar usdi bilen diylen sozler edilen hereketler kawagt garshyñdakyñ yuzunem achayya oña näme diyjek hojam.
Birem indiki temamyz yok diyip bilmeyanler barada yok diyip basharmak ussatlygy barada bolaýsynda

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->