Ýürekdeş sözler!
Agsak ördek
Mishel [off]
Şugün, 09:39
Bu ýerde söýgi näme diýilýän soraga jogap bermek bilen bagly gyzgyn diskussiýa gidip dur. Aýratynam bu soraga Belki agza original jogap bermäne synanýar:
Premium
Belki (Şugün, 21:38)
"Bilirim ki... Bilirim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
Jogαp
Soygi - kimdir birine ozuňden beter ynanmak...
Premium
Belki (Şugün, 21:33)
"Bilirim ki... Bilirim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
Hacan-da durmusyny onsuz goz onune getirjek bolanynda we sol wagt ozuni nenensi yalnyz duyjakdygyna dusuneninde soyenine-de dusunyan ekenin...
Mende Belki agzanyň soragyna gowy jogap bar. Bu soraga hem türkmençe hemde rusça jogap bereýin. Size has gyzykly bolar ýaly.
Onda diňläň. Söýgi biziň türkmen jemgyýetimizde agsak ördek. Rusça aýdylanda bolsa (хромая утка). Agsak ördegi gören bolsaňyz ol sizde nähili duýgylar galdyrdy. Hem biçäre hem bigelişik hem alaçsyz.
Hromaýa utka hiç haçan öz sypatyndan daşlaşyp bilmez.
Bu sözümi subut etmek üçin Zöhre-Tahyr, Şasenem-Garyp, Saýatly-Hemra Leýli-Mejnun we beýleki dessanlara ýüz tutaýyn. Zöhre Tahyr üçin özüni öldüren pursatynda ön dört ýaşynda bolýar. Yz ýanyndan Tahyr hem özüni öldürýär.
Has düşnükli bolmagy üçin Şasenem-Garyp dessanyny okap bu dessanyň maňzyna girişjek bolup synanyp görüň. Türkmen dessanlarynyň hemmesinde diýen ýaly aşyk-magşuklar ölýär. Ölmesede olar söýgüsine ýetmän diri galyp başga birine alaçsyz çykýalar ýada öýlenýärler.
Bu dessanlaryň maňzy biziň döwrümizde hem üýütägonok. Häli-şindi öz söýgüsi üçin özüni öldürýän ýaşlar köp. Özleräm häli ýetginjek wagtynda özüne el urýarlar. Edil Zöhräniň özüni on dört ýaşynda öldürenine meňzap.
Eger siz hem birini hakykatdanda söýýän bolsaňyz habardar boluň. Bu hili ýaman ykbal size hem bäri gel diýip durandygyny bilseňiz gowy bolardy.
Iň ýamany biziň jemgyýetimizde bu ýagdaýa çäre ýok. Söýüşýän ýaşlar biziň jemgyýetimizde ogra, küntä meňsedilýär.
Gepim subutnamasyz bolmazlygy üçin öz durmuşymda görýän zatlarymy aýydaýyn.Men jaýymyň öňünden ullakan gatnawaly ýol geçär. Bu ýoldan okuwçylar hem mekdebe gatnaýarlar.
Birnäçe gezek şu ýoldan mekdepde bile okýan okuwçy oglan-bilen gyz bile ýöräp geçdi. Şonda adamlaryň kellesinde derrew otrisatel düşünjler peýda boldy.
Her kim özüne degişli gyza derrew ýaman at dakdylar. Bize degişli gyz k]cede oglan bilen tirkeşip ýör diýip gyzyň ýakynlary ýüzlerini piserdip gaharly sözleri aýytdylar.
Ikinji bir adamlaryň kellesine gelen pikir şeýle boldy
Bu ikisi tirkeşip geçeni bilenem olaryň soňy bolmaz diýdiler. Mekdebi gutarandan soň her kim öz ýoluna gider söýgi bolsa gara guma garylyp köçede galar diýdiler.
Siz düşünýäňimi meniň aýydýanlaryma?.
Biz türkmenlerde söýgi temasyna degişli dessanlary erkek adamlar diňleýärler. Aýal we gyzlar bu dessanlar barada daş gulakdan eşidýärler.
Biziň jemgyýetimizde ýaşlaryň arasyndaky söýgä ata-ene, aga-iniler we garyndaşlar hem aralaşýar. Ata-ene oguly bilen gyzynyň söýgüsine dogry düşünseler, ýaşlara birikmäne kömek berseler bu söýgüde netije bar. Emma bu halat gaty az bolýar. Häli-şindi şol köne döwürdäki baý-garyp düşünjesi söýgi temasyndan gidenak.
Söýgi biziň döwrümizde bähbidiňi aramak bilen bile utgaşýar.
Gyz okuw okap mekdepde mugallym bolup aýlyk alyp otyrsa bu gyzyň özüne dälde onyň öýe getirjek aýlygyna höwes bar. Emma gyz işläp öýe pul getirip at almasa bu gyz indi garrygyz sanyna geçip gidip otyr.
Çyn söýgi bardyr diýip özüňizi heläk etmäň. Oňuşar ýaly bolsa oňyşyp durmuş guryberiň. Oňuşyp ýaşaberiň.
Хромая утка так живет. Хромает но живет. Пока её не убет на мясо.
Terjimesi.
Agsak ördek şeýle ýaşaýar. Agsaklaýar, ýöne ýaşaýar. Häli-şindi eti üçin öldüränçäler.
14 |
6 |
0 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Deň etmän duş etmez Pis pisi tapar, suwam pesi...dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Agşam 11 den gijä galaýsaňdagy bar onsaň hormatlylar....dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Şu zatlary 18-ýaşdakam okan bolsam bolmadymy. Iller özlerini aýap, oňarýan ekenler))...dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
(@Fantom aganyň "Uzyn teswir ýazyp bilmezlik" wirusy maňa-da ýokuşaýypdyr öýdýän :) )...dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Öňler telewizorda türkleriň çykaran bir üýtgeşik kinosuny türkmençä geçirip görkezerdiler. Ady ýadyma düşenok welin biz Açar kino diýerdik. Şol k...dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №9
Gahar usdi bilen diylen sozler edilen hereketler kawagt garshyñdakyñ yuzunem achayya oña näme diyjek hojam. Birem indiki temamyz yok diyip bilmey...dowamy...